Beýik wezir Nyzamylmülk



Mälik şanyň weziri Nyzamalmülk Abu Aly al-Hasan ibn Aly ibn Ishak 1092-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nihawent şäheriniň eteginde öldürilýär. Olar – Mälik şa bilen wezir Nyzamalmülk şo wagtlar Yspyhana gelip, o ýerdenem Bagdada gitmeli ekenler. Bu ýerde bolanlarynda wezir işlerini boldum edip, öz aýallarynyň bolýan çadyryna giripdir. Edil şol wagtam bir ýaş oglan pul dileýän bahanasy bilen gelip, weziri pyçaklaýar. Pyçaklabam çadyrdan çykyp gaçjak bolanda aýagy ýüpe çolaşyp ýere ýykylýar. Oňa deňiç weziriň adamlary ýetişip, ol oglany öldürýärler.Weziriň pyçaklanyny eşiden Mälik şa ganly wakanyň bolup geçen ýerine gelip görýär. Muny gören adamlar we nökerler az-kem rahatlanýarlar.Nyzamalmülk 1017-nji ýylda Tusda dehkanyň* maşgalasynda dünýä inipdir. Diýmek, ýogalanda ol 75 ýaşlarynda bolmaly. Ol çagaka ejesi ýogalýar. Hor-homsulykda gün görýärler. Ol ýaşlykdan arap dilini öwrenipdir we Horasanyň şäherlerine syýahat edipdir.Şol syýahatlaryň birinde ol Gazna şäherine düşýär. Soňra ol Balhyň işlerini dolandyrýan Abu Aly ibn Şazanyň elinde gulluk edip başlaýar. Ýagdaýy gowulaşýar. Haçanda Şazanyň peýmanasy dolmagy ýakynlaberende, ol öz hökümdary Alp Arslanyň kakasy Dawuda (Çagry bege) Nyzamalmülküň aýratyn başarnyklary hakynda habar berýär. Alp Arslan ony öz ýanyna işe, öz işlerini dolandyrmagy oňa ynanýar. Agasy Togrul beg ölenden soň Alp Arslan Soltan tagtyna eýe bolýar. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Alp Arslanyň Soltan tagtyna çykmagynda onuň baş weziriniň akyl-paýhasy we başarnygy az rol oýnamandyr.Ýöne Nyzamalmülküň Dawudyň köşgüne nädip düşüşi hakda başga-da bir gürrüň bar. Bu rowaýata çalymdaşrak gürrüň ine, şeýleräk:Ol Balhyň häkimi emir Täjiriň mürzesi eken. Emir her ýylyň başynda Nyzamalmülke degişli zatlaryň ählisini onuň elinden alyp, oňa bir at bilen gamçy berýän eken. Bu ýagdaý ýylyñ-ýylyna gaýtalanyp duransoň, halys degnasyna degipdir. Ol ogullary Fahralmülk bilen Muaýidalmülki ähtibarly ýerde gizläp, özi bolsa Alp Arslanyň kakasy Çagry beg Dawudyň ýanyna gaçýar. Ýolda onuň münüp barýan aty togtaýar. Ýöränok diýýär. Şo wagtam onuň öňünden bir atly türkmen çykypdyr. Türkmen onuň ýagdaýyna göz ýetirip «Atdan düş» diýýär-de, öz atyny oňa berýär. «Eý, Hasan, ýatdan etme» diýip, türkmen aýdanmyş.Şonda Nyzamalmülk: «Bu ahwalat maňa ganat berdi, hem-de onuň öz bagtynyň başlangyjydygyny aňyp» diýip aýdanmyşyn. Şeýdip Nyzamalmülk Merwe gelipdir we Dawudyň huzuryna barypdyr. Dawut bolsa ony öz ogly Alp Arslan bilen tanyşdyryp: «Bu adama Hasan at-Tusi diýýärler. Ony öz ýanyňa al-da, aýdan zatlaryna garşylyk görkezme» diýipdir.Emir bolsa öz mürzesiniň gaçyp Merwe barandygyny bilip, Dawudyň ýanyna arz edip gelipdir. Dawut bolsa oňa «Muhammet bilen gepleş» (ýagny Alp Arslan bilen) diýip aýdypdyr. Emir Täjir bolsa bu hakda Alp Arslan bilen gepleşmäge bogny ysmandyr. Şeýdibem Nyzamalmülk Alp Arslanyň köşgünde galyberipdir.Orta asyrlar taryhçysy ibn al-Asir Nyzamalmülküň ölümi hakda, ine şeýle pikir ýöredýär:"Nyzamalmülk öz agtygyny Osman ibn Jemalalmülki Merwiň häkimi edip belleýär. Soltan Mälik şa bolsa ýurtda görnükli emirleriň biri hasap edilýän Kudany Merwiň şihneligine iberipdir. Emma Osman bilen Kudanyň arasynda oňuşmazlyk emele gelipdir. Ýaşlyk edip hemem öz atasyna baýranyp, Osman şihnäni gazamada dykdyrýar. Soň ony boşadýaram weli giç bolýar. Kudan Merw häkiminiň üstünden Soltana arz edýär.Şundan soň soltan özüne golaý aýratyn adamlarynyň birnäçesini Nyzamalmülküň ýanyna iberipdir. Soltan baş wezirine şeýle diýmegi öz wekillerine tabşyrypdyr: «Eger-de sen patyşalygy meniň bilen deň derejede edara etmäge gatnaşýan bolsaň, onda munuň öz sebäbi bar. Eger-de sen meniň orunbasarym we meniň häkimligimiň astynda bolýan bolsa, onda sen muňa boýun bolmaly bolarsyň. Seniň ogullaryň hersi bir etrapa eýelik etmek bilen uly bir welaýata häkimlik edýärler. Olar häkimliklerine baýranyp eden-etdiliklere baş goşýarlar» diýip, olaryň eden işlerini birin-birin aýdypdyr.Soltan öz wekillerini baş weziriniň üstüne iberende Ýilberda atly emirini aýratyn çagyryp, edilen gürrüňiň jikme-jikligi bilen özüne ýetirilmelidigini aýdýar.Nyzamalmülk Soltanyň öz adyna aýdan igenjine gatyrganypdyr. Hernäçe akylly we parasatly adam bolsa-da gaharyny saklap bilmändir: «Haçan-da Soltanyň kakasy ýogalanda men onuň ähli işlerini ýola goýdum we onuň garşydaşlaryny ýok etdim. Şo döwürde men oňa gerekdim, mensiz güni geçenokdy, maňa hiç hili garşylyk görkezmeýärdi. Indi onuň ähli işlerini dogry ýola gönükdirenimden soň, ýakun-u-yrak şäherleri we ýurtlary oňa tabyn edenimden soň, men oňa gerek däl boldum. Ýogsam ol men hakdaky her bir şyltaga gulak gabartmazdy. Soltana aýdyň: Onuň täjiniň berkararlygy ine, meniň şu siýa çüýşäniň arkasyndandyr. Eger men onuň gapagyny ýapsam, näme boljagy belli. Eger-de ol meniň bilen arasyny ýoljak bolsa, onda onuň gamyny öňünden iýsin...»Wekiller baş weziriň ýanyndan çykanlaryndan soň, onuň aýdan zatlaryny soltana aýtmazlyk hakda bir çukura tüýkürseler-de, Ýilberdanyň aýtjakdygyndan bihabardylar. Soltan olary ertir irden çagyrýar. Sypaýyçylyk edýärler. Soltan şonda baş weziriniň aýdan zatlaryny birin-birin gaýtalaýar weli, olar bir çemçe ganlaryny geçmegi Soltandan haýyş edýärler.Ine, baş weziriň dony şonda biçilen bolmaly. Nyzamalmülk öldürilenden 35 gün geçenden soň Mälik şanyň özi hem aradan çykypdyr. Şondan soň ýurtda agzalalyk ýüze çykyp başlaýar. Akyl-paýhasyň deregine gylyç, gara güýç öňe çykýar. Nyzamalmülküň welilik bilen aýdan sözleri amala aşýar. Ýurda betbagtlyk aralaşýar.Şahyrlaryň köpüsi Nyzamalmülküň ölümine gynanç bildirip, elegiýa ýazypdyrlar.■ Birki agyz Mälik şanyň ata-babalary hakda.Togrul begiň dogany Çagry beg Dawut ibn Mikail ibn Seljuk 451-nji ýylyň Rejep aýynda (VIII – IX – 1059 ý.) başga birleri 452-nji ýylyň Sapar aýynda (III – IV – 1060 ý.) 70 ýaşlarynda aradan çykypdyr diýýärler. Ol Horasana häkimlik edipdir. Çagry beg aradan çykandan soň tagta onuň ogly Alp Arslan çykýar. Çagry begiň Alp Arslandan başga-da Ýakuti, Süleýman, Kawurt beg diýen ogullary bolupdyr. Çagry beg ýogalandan soň onuň dogany Togrul beg Süleýmanyň ejesine öýlenipdir.Döwürdeş taryhçylaryň güwä geçmegine görä, Çagry beg örän akylly, adalatly, rehim-şepagatly, hudaýhon adam bolupdyr. Günä işe baş goşsalar öz dogany bolsa-da ýüz görmändir. Bir gezek ol Sarahsyň kazysy Abdysamadyň üsti bilen dogany Togrul bege şeýle hat ýazyp iberipdir: «Meniň eşidişime görä, sen öz basyp alan ýurtlaryňy tozdurýarmyşyň. Ilat bary muňa döz gelmän ýurtlaryny terk edip gidýärmişler. Şeýle gabahat işleriň Hudaýyň ýoluna ters gelýändigi gizlin zat däl. Öz raýatyňy talamagyň soňunyň nähili erbetdigini özüň gowy bilýänsiň. Biz duşmanyň garşysyna nähili söweşendigimiz ýadyňdadyr. Bizde bary-ýogy otuz adam bar bolsa, duşmanyň üç ýüz nökeri bardy, şonda-da ýeňiş biziň tarapymyzdady, biz üç ýüz bolsak, olar üç müňdi, şonda-da ýeňiş biziň tarapymyzdady, biz üç müň bolsak, duşman otuz müňdi, şonda-da biz duşman leşgerini derbi-dagyn edýärdik.Şamäligiň ýygynyny derbi-dagyn edip, Horezmi eýelänimiz eýsem düýn dälmi? Ol öz mesgeninden 300 farsah ýere gaçsa-da bizden gutulmady, biz onuň üstüni basyp, ýesir aldyk, ony öldürdig-ä.Biz Horasan, Tabaristan, Sejestan ýaly welaýatlary basyp alyp, bu ýurtlaryň patyşasy bolduk, ýogsam biziň özümiz dek düýnüň özem olaryň golastyndadyk ahberin. Eger-de biz öz raýatlarymyza şeýle garasak, onda bize nazar salan Hudaý näme diýer».Togrul beg Kazynyň getiren habaryny diňläpdir hemem oňa şeýle diýmegi tabşyrypdyr: «Eý, eziz dogan! Sen haçan Horasany basyp alan döwürleriň ol ýurduň gülläp ösýän wagtydy, sen weli ony has-da berkitmegiň, gülletmegiň deregine ony harabalyga öwürdiň. Men bolsa menden öňki patyşanyň harabalyga öwren ýurduna geldim. Eger ol talanan bolsa, ondan ony men däl-de, talan menden öňkülerdi. Haçan-da daş-töweregiňi duşman gabap durka, men bu ýurdy nädip dikeldeýin...»Akademik B.B.Bartoldyň ýazmagyna görä: «Seljuk imperiýasynyň döremegi bilen, orta asyrlar döwründe türki halklarynyň hiçisi-de musulman dünýäsi üçin oguzlaryň ýa-da türkmenleriň ýeten derejesine ýetip bilmedi».Dogrudanam Seljuk dinastiýasy öz beýik Soltanlary Togrul begiň, Alp Arslanyň, Mälik şanyň arkasyndan Orta Aziýadan, tä Siriýa, Palestina çenli territoriýada ýerleşýän ýurtlary we halklary özüne birleşdirmegi başarypdyr. Şeýle birleşdirmek bolsa şo regionlardaky halklaryň syýasy we sosial durmuşynda ep-esli özgerlişikler emele gelipdir.«Diňe türkler öz eýelän ýurtlarynda ýer eýeçilik feodalizminiň aýratyn bir görnüşini girizdiler» diýip F.Engelsiň öz döwründe belläp geçmegi hem ýöne ýerden däldir.Ine, seljuklaryň imperiýasynyň ykdysady, medeni, ylmy taýdan gülläp ösmeginde, onuň içerki we daşarky syýasatyny durnuklaşdyrmakda beýik wezir Nyzamalmülküň hyzmaty az bolmandyr.Otuz ýyla golaý, ýagny 1064-nji ýyldan 1092-nji ýyl aralygynda öz wezirlik eden döwründe seljuk döwletiniň diwanynyň merkezleşdirilmegi üçin jan çekipdir. Munuň üçin ol döwletde elmydama monarhiýanyň merkezleşdirilmegine garşy çykmajak feodal gatlaga daýanmalydygyny, güýçli goşunyň bolmalydygyny, merkezleşdirilen döwlete garşy çykýan güýçlere berk temmi berilmelidigini aýdyp, şu ugur bilen hem iş alyp barypdyr.Nyzamalmülküň «Syýasatnama» atly işi şu günki güne çenli öz ähmiýetini ýitirenok. Bu traktatda ýurdy, döwleti dolandyrmagyň esasy ugurlary, inçe tilsimleri barada düýpli gürrüň edilýär. Galyberse-de, Nyzamalmülk Omar Haýýamyň Omar Haýýam bolmagynda uly paýy bar. Ol tä aradan çykýança Omar Haýýama hemme taraplaýyn howandarlyk edipdir.«Hökümdaryň we döwletiň işiniň şowlamagy wezire baglydyr» diýip, ýazan Nyzamalmülk muny öz beýik talanty we dury akly, pähim-paýhasy bilen subut edipdir.Seljuk döwletiniň soltanynyň weziri onuň ýakyn kömekçisi we ýakyn maslahatçysy bolupdyr. Diwan-i ala onuň garamagynda bolup, ol hem köp sanly bölümleri we resmi edaralary, esasan hem diwan-i tugra, diwan-i istifa, diwan-i işraf, diwan-i arz ýaly dört sany esasy wedomostyny özüne birleşdiripdir.Diwan-i tugra, ýagny döwlet kanselýariýasy. Seljuk diwanlarynda iş pars dilinde dolandyrlypdyr Diplomatiki hat aragatnaşygy esasan arap dilinde alnyp barylypdyr.Diwan-i istafi, onuň baştutanyna mustaufi diýilýän eken, ýagny maliýe ministri diýen ýaly.Diwan-i işraf seljuk döwletinde iň ýokary kontrol-inspeksiýa organy bolupdyr. Onuň baştutanyna muşrif diýilýän eken. Nyzamalmülk bu wezipä bellenen adamlaryň wepaly we ynamdar bolmalydyklaryny aýratyn nygtapdyr.Diwan-i arz al-jeýş diwany ýagny, harby diwan. Onuň baştutanyna ariz al-jeýş diýilýän eken.Beýik wezir Seljuk döwletiniň ösmeginiň we pugtalanmagynyň hatyrasyna bu gulluklaryň sazlaşykly işlemekleri üçin irmän-ýadaman zähmet çekipdir.Ýene ýigrimi ýyldan beýik weziriň doglan gününe 1000 ýyl dolýar. Ýogalanyna bolsa şu ýyl 905 ýyl dolsa-da taryh beýik weziriň adyny, onuň bitiren işlerini çaňa garyp bilmedi.Biz şu ýazgymyzda beýik wezir Nyzamalmülküň ömür beýanaty hakda doly gürrüň etmegi göz öňünde tutmadyk. Asla bu bir makalada mümkinem däl. Seljuk döwletiniň pajarlap ösmeginde öz goşandyny goşan adamy ýatlamagy özümize parz hasap etdik.

1998 ý.

A. Çüriýew
___________________________

[1] Dehkan – ýer eýesi.


www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir