Dikgi pälwan

Segsen ýaşy arka atan ýaşulynyň berýän gürrüňlerini diňläp ýadamaýarsyň. Edil gyzykly kitap okan ýalydyr.… «Pälwan« lakamyny maňa halk goýdy. Fronta gitmänkämem, göreş tutýardym. Göreşlerde meň garşyma aňsat-aňsat çykyp bilmezdiler. Her ýerden gelenlerem köplenç ýykylyp giderdiler. Hydyr pälwan, Aman pälwan gowy göreşerdi. Gyzylarbada başga ýerden gelen pälwanlaryň öňünde üçimiz durardyk. Döwlet ähmiýetli göreşlere-de gatnaşardyk.Daşoguz tarapda Aşyr Kakabaý diýip başlyk bardy. Şol obada pagta ýygymyndan soň uly toý edýän ekenler. Bir sapar bir baý adam toý etdi. Bir aýlap jar çekdirdi. Garagalpagystandan, Gazagystandan, ýene köp ýerden adam geldi. Üç günläp at çapyşyk boldy. Şondan soň atlaryň hemmesine nobat ýetmedi. Toý berýän gaty baý eken. Aşyr agaň özem wekil bolup, toýda otyr. Bizde göreşe çagyrylanda, dört pälwanyň baýragy hersiniňki pylança diýlip yglan edilýär. Ol toýda ýekeleme çagyrylýan eken. Uruş döwründe göçüp giden adam Aşyr Kakabaýyň kolhozyndandy. Baba baga diýýärdiler. Menem şony göreýin diýip gidipdim. Agam meniň göreşýänimi bilýä- de: «Sen – myhman adam. Bir ýeriňi agyrdarmyň – nädermiň« diýdi. Ýaşuly diýensoň, gulak asmaly-da. «Bolýa, Baba kaka, göreşmen!« diýdim. Pälwan çagyryldy welin, garagalpagystanly bir pälwan çykypdyr. Kelläni ak ýaglygy bilen daňypdyr. Her budy mysala ýaly, boýy kelteräk, her gerdeninde bir adam oturaýmaly. Ortada dur weli, türkmenden muňa çykýan ýok! Ber habaryňy! Pälwanam atlar ýaly bolar eken. Şol wagt göreşesim geldi durdy. Göreşesim geldigiçe-de ýüregiň çalt urýar eken. Şol mähellede ozal biziň bilen goňşy oturan ýaşuly bir adam bardy. Olam gaýrak göçüp gidipdi. Men oglankam, köp göreşdirerdi-de ýaňky. Birden-de gözi düşäýdi maňa. Boýnuma ýaglyk atdy-da, ýaňkyň ýanyna süýredi eltäýdi meni: «Näme işläp dursuň? Sen şondan gorkýaňmy?« diýip. «Ýaşuly goýbermän dur« diýdim menem, özüm gyjynyp durun ýogsam. Aý, onsoň ýüzüme bir seretdi ýaňky galpak. Salamlaşdyk, elleşdik. Öz biline guşagyny guşapdyr, meň guşagymam ýerde ýatyr. Menem guşandym. Tutluşdyk ikimiz. Gazaklar bilen galpaklarda bir däp-dessur bolagan-da, olary arkan ýykmasaň, ýykyldy hasap etmeýär. Garşydaşymyň her uýlugy ýassyk ýaly. Görseň bir turpar-da «Soňuna bir galmaýyn« diýdim menem. Elimi guşagyň arasyna pugta ýygnap, bilimi çekdim özüme. Görsem, bili meň elime gelýä-de. Onsoň bildim onuň bedeniniň meňki ýaly däldigini. «Sen, galpak, gidersiň!« diýdim içimden. Aýagmy aşak diräp galdym-da, iki aýagyna dyzymy diräp goýberdim. Ýokaryk çykaryp, galdyryp goýberdim, gitdi tozana garylyp. Toýa gelen gazakdyr galpaklar jagylda-jugul. Olar ony ýykylar öýtmeýän ekenler. Men göni ýaşulymyň ýanyna gaýdyberdim.Bular «Pälwan« diýseň, özleri seredýän ekeni. Şonuň üçin ýaryşyň emini meni öz ýanyna çagyryp, näme üçin öň gelip özümiň pälwandygymy aýtmandygymy sorady. Menem: «Ýaşuly goýbermedi, «göreşme!« diýdi. Şonuň üçin saklanyp durdum« diýdim. «Men – bir ýerden gelen myhman« diýdim. Şonluk bilenem, şol toýda maňa «Pälwan« adyny dakdylar.Ikinji gezegem baýraga çagyrdylar, ol galpak göreşe gidip bilmedi. Ýene guma garyljak-da ol. Ikinji baýragy-da aldym. Birinjisini iki ýaşar öküzçe, bir don berdiler. Baýrak almaly bolanda, ýaşulym yglap baryp alýardy.«Dikgi« diýen lakamyň döreýşi şeýle. «Dikdüşdi« diýen biziň bir çyrlamyz bar. Üstünden düşmeseň görer ýaly däl. Kert gerdişinde. Süýji suw çykanja ýer. Şoňa ilki göçüp baran günümiz, şol taýda ýagyş ýagyp durka, ejem pahyr meni ýere gaçyrýar. Şol guýyň ady üçin maňa «Dikgi« diýýärler. Meniň çyn adym – Nurnazar. «Dikgim, dikgim« diýip, «Şol guýa gelenimizde boldy« diýip, şonuň bilenem «Dikgi« at galýar.Göreşe kän çykylandyr. Kän ýykylyb-a gitmezdik. Ýykýan tarapyndan bolsaňam, «Pälwan« diýýäler-dä.Frontda kellämden agyr ýaralandym. Frontdan gelemsoň, lukmanlar maňa: «Sen sährada gezmeli. Şäherde işlemek bolanok« diýen kagyz berdiler. Nirede ekspedisiýa bolsa, şonda işledim. Agam goýun bakýardy, ýanyna aldy. Işim awçylyk boldy. Elguşly-da boldum, tazyly-da. Zawlardanam kän keýik urdum.Guşam at seýislän ýaly. Göni kyrk günläp göterip gezmeli ony. Ilki ganatyny açmaly,gurşagyny işletmeli, endamyny ýumşatmaly. Atyň seýislenişi ýaly-da! Atdanam beter. Her alan awuna kiçiräk et bölegini bermeli. «Guş garny üçin, tazy eýesi üçin çapar« diýýändirler.Men kän algyr guşlamam boldy. Bol ýerinde on-on iki towşany alýardy. Günorta çenli göyberýän, soň gidemok. Birentek adam-a halkyldap ýör, köpräk aljak bolup. On-on iki günde ýüz towşan bolýa duruberýar. Näme etjek onça towşany? Guş towşany alýar. Iýmänkä, çaltrak baryp ýetişmeli. Guşy dyzyň üstüne goýup daňýaň, garnaýaň,towşany arassalap, garnyny döküp, etjagazyndan ýer-eslijäni guşa berýäň: «Me, seniň hakyň!« diýip. Doýa bermeli däl-de.Bir-iki kilometr ýerde-de towşany görse, gider eliňden. Boş barýandy weli, tazy şonuň aşagyndan dider, guşuň ganatynyň aşak ýanyndan. Guş nirä uçsa, tazam şo tarapa eňýändir. Guş awa eňip ugrandan üç tirkeş bolýar. Guş depesinden, tazy yzyndan kowalaýar. Iki aýagyň bolsa, hany gutul-da! Gaty gyzykly. «Bir keselli şunuň ýaly aw edilişini görüp, keselinden saplanypdyr« diýen gürrüňem bar.Garry atamyza Çonak baý diýilýär. Çyn ady- Mämmedoraz. Çonak baý- sahy adam. Goňşy-golamyna, garyp-gasara günde ertirine bir gazan aş bişirdip goýýar eken. Mätäjräk, oňmaýan maşgalalar şo aşdan iýmeli. Başga-da kim gelse, iýibermeli. Çonak baýa «Hydyr görendirem« diýýärler. «Gerdeninde burum-burum Hydyr kakan ýeri bar« diýip gürrüň edýär ýaşulularymyz. Ol wesýet edipdir: «Meniň neslim boljak bolsaňyz, gyl ýaljak haram zatlara rysgalyňyzy garmaň! Garman gezibilseňiz, ýedi arka barynça, hiç zatdan horluk çekmersiňiz« diýipdir. Şo gezip ýörşüne bir at satyn alýar. Owalam aty kän. Sekiz erkege bir at, özem taý. Alyp barýar weli, ol üç doganyň körpesi bolansoň:– Çonak! – diýýärler- ýagy çapanda, sekiz erkekden kän çapjakmy? Heý, şuňa-da- kürre ýaly zada-da sekiz erkek bererlermi? Gaýtar munuňy äkit-de! -diýýärler. Çonak baý:Mal paýlanyňyzda, sekiz erkegi maňa kem beräýiň! Men söwdamy gaýtarjak däl- diýýär. Uly dogany şonda:Körpä azar bermäliň!- diýipdir.Börmede Mele Serrik diýip bir atly baý toý edýär. Parawda Togta diýýän, äri näsagrak bolup, kowlan bir maşgala bar eken. Baý aga adamlary şoňa gudaçylyga iberýär. Atasy baran adamlaryň habaryny alýar. Ol: «Baryň, gyzyň özünden soraň! Owal men ony berjek ýerime berdim, oňmady bagty« diýýär. Özünden sorayarlar weli olam akylly maşgala eken-dä. Ol aýdýar: «Guda bolup, meni aljak bolsa, şo baý obasynda kimde algysy bolsa, şony geçsin! Kim zadyny ogurlanam bolsa, şonam geçsin! Toý etjek bolanda, uly baýraga aty şu taýdan- kowan adamyň gapysyndan göýbersin! Şu zatlara boýun bolsa, onda men- razy« diýýär. Arassa maşgala eken. Görmegeý maşgala. Nähäk ýerden talagyny beripdir öňki. On sekiz at, biziň garry atamyzyň aty- da şonuň içinde, Börmede Parawuň oýuna garşy gaýdýar. Atamyň özem seýis eken. Owal kän at münen. Başga iş etmändir. Doganlary at üstünde geçirdipdir ony. Şol tarapyňam uly seýsi bar eken. Ol: «Çonak baý, atyň içiniň ýagyny almansyň, atyňy ugratma!« diýýär. Gorkýar, atdan gorkýar. Bahana bilen aty alyp galdyrjak bolýar ibermäň, sebäbi Çonak baýyň atynyň öz atyndan öň geljegini bildi diýýär. «Atyň ýarylar« diýipdir. Atam ynanjaň, päk adam ekeni. «Aý, beýle bolsa, men aty goýbermerin« diýip, içinden pikir edýär. Doganlary: «Ýarylyp ölse-de, aty goýber!« diýýärler. Şondan soň ol çapyksuwary ata mündirip ugradýar.Hälki seýis ýene gelip: «Çonak baý, aty ugratdyňmy?!« diýýär. «Aý oglanlar goýmady. Ugratdym. Elimden irişmäni silkip aldylar« diýýär. «Onda atyň dilini bir gapdalyna sallap, agzyny açyp gelýä-le! Çonak baý, bir dilim garpyz ber, bir dilim gawun ber, içi gyzyp ýarylyp gelýändir« diýýär. Aty sowatjak bolýär. Ynanjaň, sada adam-da atam. Atyň gapdalyndan münýän gaçgyr ýograsy bar eken. Şoňa atlanyp öňünden gaýtdy diýýär. Ertesi daň bilen Parawdan atlar goýberildi weli, ol Börmeden gaýdypdyr. Şol seýsiň gepine ynanyp, atyň öňünden çykyp, oňa garpyz iýdirjek bolýar. Ynanjaň adamyň edýäni- dä. Mekir adamlar aglaýa-da. Bamynyň bäri ýüzünde Gyzyl çeşme diýen bir ýer bar. Şonda ýeke tozan göründi diýýär. Öz aty, yzyndan başga hiç tirkew ýok. Atam şuny soň agalaryna gürrüň beripdir. Seýsiň edil diýşi ýaly, at agzyny açyp, dilinem bir gapdalyna sallap, uçup gelýär diýýär. Aty «tanamadym« diýipdir. Gelýän atyň hemme ýerine tozan siňipdir. Üstündäki oglany tanap: «Oglum, sakla aty!« diýdim diýýär. Oglan aty saklady welin, menem baryp, taýyn garpyzy tutdym welin, garpyz bilen işi ýok atyň. Münüp baran ýorgama agyz saldy« diýipdir.Gyssanyp: «Oglan menden akylly boldy« diýip, öz-özi gülerdi« diýip ýaşulular aýdýardy. «Kaka aty sow ýa-da aýryl öňünden!« diýdi« diýýä.«Ýetdi at« diýdi« diýýä. At ýetjek derejesine ýetdi. Sowul öňünden!« diýdigi-dä. «Zordan iki gözüni arassalap ýetişdim. Sypdyryp goýberdim. At gözümden ýitdi welin, ýaňky seýsiň aty göründi« diýipdirÇonak baýyň aty öň barypdyr. Iki tarap dawa oturýar. «Heý, atam ýeke özi şeýle öň gelermi?! Wekiller gelmän baýrak bermek bolmaýar« diýip, garpyşjak bolup duran ekenler. Atam barýar. Özleriniňkä haýkyrýar: «Bir bendäň toýuny bozmaň!«, wekiller geler. Atyň deň gaýdanyny ýa deň gaýtmanyny aýdar. Galmagaly goýuň!« diýýär. Baýragy ýigrimi alty düýe, içiniň höwür erkegi bilen. Wekillerem gelýär. Baýragy Çonak baýyň atyna bermeli edýärler.Garrygalada-da uly toý bolýar. Ýaňky ýaly toý. Kän baýrakly. Köp ak öý dikilip ähli seýisler özbaşyna bir öýde. Ilerden, gaýradanam kän adam gelipdir. Toý sowmak üçin. Şonda: «Haý, geldi« bolanda, ol wagtlar birneme haramlaram bolýan ekenler. Obany çapyp, talap gidýärmiş. Inisiniň biri owal şol aty münen eken. Atyň arkasynda azajyk gyzgyn galypdyr weli, atam seýislände aňmandyr. Seýisler ýaňky aty gelip görýärler. Meşhur at bolansoň, niräň seýsi bolsa gelip, şol aty görýär diýýä. Owal hiç ata baýrak bermän ýören at-da. Atyň eýesiniň ady Çonak bolansoň, atam gyr bolansoň, atyň adam – Gyrçanak. Garrygaladaky toýda atyň üstüne münýänem Igdir aga diýýä. Dilem çalgyrdrak çaryksuwar. Atlar gaty daşa gidýär, ilerik gidýärler. Uly seýis bar eken, öz ýomut agalarymyzdan. Gelip, aty görýär. Aty görýä-de, kelläni bir ýaýkaýa. Atyň arkasynda biraz gyzgyn galanyny bildi diýýä. Ýiti seýis-dä. Atam şonda bir pukaraja oglany tapyp: «Şo seýis näme gürrüň etse, belle!» diýýär. Atyň bir keminiň bardygyny atamyň özem bilýä, ýöne näme keminiň bardygyny bilip bilemok. Seýisleriň biri ýaňky uly seýisden: «Pylan kaka, Gyrçonagy gördüňmi?! Nähili onuň ýagdaýy?» diýip soraýar. «Aý, oglanlar! – diýýär – Gyrçonagyň bir kemi bar. Şony ertire çenli eýesi biläýse,atyňyzy göýbermäň! Şony bilmese, onda atyňyzy goşaýyn!« diýýär. «Näme kemi bar?» diýip, ýanyndaky oturandan soraýar. Pahyr: «Tamda gulakbar-a» diýipdir. Onda-da biljek bolup: «Aýt-da, aýt» bolşupdyrlar. «Aý, arkasynda gyzgyny galypdyr» diýipdir. «Şu wagt bir geçini öldürip, derisini duzlap, atkeçäniň içinden ýapyp goýsaň, gijäň ýaryna çenli aýagyny şeýder durar. Gijäň ýarymyndan soň duz bilen arkasyndan gyzgyny alar welin, ahyryndan otuny iýmäge durar. Şonda ertir size baýrak ýok». Yaňky oglan gelip, miny atamyza aýdýar. Näme o wagt geçi gytmy? Derrew bir geçini öldürýär. «Atyň irişmesini elime alyp, ýatdym« diýýipdir. «Ýanynda oturyn« diýipdir. «Edil şoňdiýenini etdim« diýipdir. «Gije ýarym boldy weli, öňüne ýorunjany dökdük welin, ölüp barýa iýip« diýýär. «Diýeniňi edip dur« diýýä. Ertir: «Uly atyň baýragyna gitmeli« diýip, uly atlar çagyryldy welin, seýis görsün diýip, keçäniň içinde derini aýran kişi bolýar. Şonda ýaňky seýis «Äh, eýesi seýis eken-ow!« diýipdir. Seýisleň bilşini görýäňizmi? «Menem, ylla, özüm bilip eden ýaly, keçesini aýryp, derini zyňyp goýberdim« diýipdir pahyr. Atlar göýberildi, at ýene ýeke özi geldi diýýär. Şonda Garrygalanyň bir ýerinde kän narlyk barmyş, ýol şonuň içinden geçýän eken. Şonda oglanlar: «Hany ýoldaşlaň?« diýip sorasalar, «Ýoldaşlam nar ýygmaga galdy« diýip, çapyksuwar çalgyrdyrak aýdypdyr.«Şolar ýaly atdan – diýipdir pahyr – on iki aty ýetime, ýesire sadaka berdim». Hiç wagt at satmandyr. Ýetime, ejizlere beräýipdir. Gyrçanagam sön birine peşgeş beripdir.Çonak baýdan ulusyna Sapar baga, ondan kiçisine Öwez baga, ondan Döwlet baga, dördünjisi Mämmetoraz – Çonak baý. Çonak baý 110 ýaşynda ýogalypdyr.Çonak baýyň üç ogly bolupdyr. Ulusyna Gülmämmet, ortanjysyna Hally, körpesine Öwezberdi diýýärler. Öwezberdi ýykgynçylykly döwürde – 32-nji ýylda ilerik geçdi. Iki sany ogly bardy. Ikisinem soň tutdylar. Birine 10 ýyl berdiler, birinem şutaýda atdylar.Bir ýetim bar eken obada. Garry atamyz ony öz öýünde ekläp- saklapdyr. Öz ady – Öwez onuň. Ony men oglan döwrümde görüpdim. Ýaşuly adamdy. Onuň özi bu hakda gürrüň beripdir. Ýetim bolansoň, «lalam«, «lalam« diýer ekenler. «Bir gezek Çonak kakam «Öwez!« diýip gygyrdy weli, men ses beremok« diýýär. «Öz Öwez adymy bilmesem näme?!« diýýär. Çonak baý şonda oňa: «Seniň çyn adyň Öwezdir« diýipdir. Ýedi ýyl saklady diýýär. Özüniň hemem iki oglunyň öýüniň odunyny getirip berýän diýýär. Özem iň uly çopanynyň hakyny berýär ekeni. Bir gün Çonak baý oňa: «Öwezjan özüň – öý-işikli et diýseň-ä özüm edeýin şu taýda. Hakyň bir gyzyň bahasyndan geçdi« diýdi. «Ýok, agalarma habar edeýin, olaram görsün toýumy diýseň, onda olar bilen maslahatlaşaýyn« diýipdir. «Olaram görsün, Çonak kaka!« diýdim diýýär.Gelip agalarna aýdýar welin, «Aý Çonak kaka, gyzy derrew taparys. Özüňem gel, şu taýda, köpçülikde sowalyň toýuny diýdiler«diýýär. Meni öýerenem, öýünde saklap adam edenem Çonak baýdyr« diýip aýdypdyr pahyr. Çonak baý gaty baý adam bolupdyr. Onuň deňine hiç kim ýetmändir. Gaty sahy adam bolupdyr. «Sahylykda birje adamdan ätiýaç eýän« diýipdir. Şu taýda höjükler diýen bir taýpa bar. Şonuň aňyrsyna Hudaýberdi höjük diýýär. Şol ikisi dost eken. «Şondan birazajyk çekinýän« diýipdir. O-da aňyrbaş sahy eken…
Sözsoňy
Dikgi pälwan ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, öýünde gol gowşuryp oturan adam däl. Häzir ol Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň uruş weteranlarynyň ýerli geňeşiniň başlygy. Garaşsyz Watanymyza mynasyp ogul-gyzlary ösdürip ýetişdirdi. Olaryň hersi bir ýerde abraý bilen işleşip ýörler.Dikgi pälwana – Nurnazar Öwezmyradowa Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ýygnaklaryna hem ençeme gezek gatnaşmak miýesser etdi. Ol Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren ajaýyp miwelerine tüýs ýürekden guwanýar. Ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, halallyk, ynsaplylyk, ahlaklylyk hakda wagyz-nesihat edýär. «Gojalykda maňa, meniň ýaly müňlerçe urşa gatnaşan ýaşululara güýç- kuwwat beren, ömrümize ömür goşýan beýik Garaşsyzlygymyzdyr« diýip, çyn ýürekden aýdýar.

2007 ý, maý.

A. Çüriýew

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir