Sahawatly türkmen topragy hakynda

Ab-Ishak Ibrahim ibn Muhammet al-Farisi al- Istahri öz döwrüniň görnükli alymy. Ol X asyrda ýaşap geçipdir. Oňa degişli biografiki maglumatlar bize gelip ýetmändir. Takmynan 340 (915) – nji ýylda al-Istahri syýahatçy alym Abu Kasym ibn Haukal bilen duşuşýar. Haukalyň özi Bagdatda doglan. Demirgazyk Afrika, Ispaniýa we Sisiliýa syýahat edýär. Soňra ol Mesopatamiýa, Eýrana, Hindistana aýlanýar. Bu syýahatyň netijesinde kitap ýazýar.Şol duşuşykda ol kitabynda goýberen säwliklerini düzetmegi al Istahriden haýyş edýär. Istahri kitaby täzeden işläp, oňa «Kitab mesalik al-memalik» («Ýollar we ýurtlar kitaby”) diýip atlandyrýar. Şol kitapda türkmen topragy, onuň şäherleri hakynda-da gyzykly taryhy maglumatlar bar. Baryp-ha müň ýyldan öň şäherlerimiziň keşbini azda-kände göz öňünde janlandyrmak gyzykly bolsa gerek. Bizem şu maksat bilen şol golýazmadan özümize degişli ýerlerini terjime edip, okyjylara ýetirmegi makul bildik.MerwMerw. «Merw aş-Şahijan» ady we gadymylygy bilen belli. Ondaky sitadel (kuhendiz) Tahamurt tarapyndan, köne şäher (Medine) bolsa Zul-Karneýin tarapyndan gurlanlygy hakda gürrüň bar. Şäher düz meýdanda ýerleşen, özem daglardan uzakda – dag görnenok, golaý-goltumynda dag ýok, ýeri şor, gum çägeleri bilen örtülen. Jaýlary palçykdan, şäherde namaz okamak üçin üç sany metjit bar...Merwdäki bazarlar gaty arassa. Baýramçylyk günlerinde Abu- Jahma ploşadynda ýerleşýän Ras al-Meýdan kwartalynda namaz okalýar. Bu ýerini ymaratlar gurşap alypdyr, özem ol Hurmuzfarta1 kanaly bilen Majanyň aralygynda ýerleşýär. Şäher böleklere bölünen. Her bölegiň hem öz belli araçägi bar: bu bölekleriň hem hersiniň öz kanaly bar. Hurmuzaffrat kanalynyň boýunda şäheriň köp binalary ýerleşen, ol Sarahsa tarap akýar. Binalary al-Hüseýn ibn Tahyr2 gurdurmak bilen bazary hem-de dolandyryş öýüni şu ýere göçürmegi niýet edinipdir. Bu kanaldan Ras-aş-Şabat kwartalynyň adamlary suw alýar. Şeýle hem bu ýerde şöhratly şeýh Abu-l Fadla Muhammet ibn Ubeýdallahyň jaýlary ýerleşen...Merwde uly derýa bar. Bu derýa ýaňy ady agzalan şäher we wolostyň (rustagyň) kanallaryndan aýry, gözbaşyny Bamianyň aňyrsyndan alýar, ol Margab ady bilen, ýagny Merw derýasy ady bilen tanalýar. Käbirleri bu ady onuň akýan ýeri bilen baglanyşdyrýarlar. Başga biri bolsa «marg» ýagny «haşal ot» bilen baglanyşdyrýarlar. Derýa Merwe trudyň üsti bilen akyp gaýdýar. Derýanyň araçägi Merwde – Kukinde (oba), Hauzan bilen al-Karineýniň aralygynda: Hauzan Merwerruza, al-Karineýn bolsa Merwe degişli. Zerk obasynda derýa aýry-aýry ýaplara bölünýär. Çünki Merwiň baş sakasy şol ýerden başlanýar. Baş sakanyň öz başlygy bar, onuň salgyt ýygnaýanlaryň başlygynyňkydan hem täsiri uly. Maňa aýdyşlaryna görä, bu ýerde suw ugrundan 10 müň adam çörek iýýär. Özleriniň hem hersiniň özüne görä wezipesi bar.Merw yslamyň ilkinji döwürlerinde musulmanlar üçin lager bolup hyzmat edýär. Şo döwürde persiýanyň iň soňky patyşasy Ýezdegerd Zark obasyndaky degirmende öldürilýär...Halifatyň harby serkerdeleriniň (kaidleriň), Horasan häkimdarlaryň hem-de Yrakda işleýän çinownikleriň (kätibleriň) köpüsi, şeýle hem görnükli kanunçylaryň, belli ýazyjylaryň köpüsi Merwde önüp- ösen...Merw tutuş Horasanda dänelik we bag-bakja önümleri öndürýän iň gowy şäherleriň biri, Merw gallasyndan bişirilýän çöreginiňki ýaly tagamly we arassa galla Horasanda başga ýok, üzümem şonuň ýaly, Hyratda-da we başga ýerlerde-de üzüm bol. Ýöne ählijesinden Merwiňki üýtgeşik tagamly. Süýjüliginden ýaňa bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän gawunlar öz-özünden ýarylýar. Merw gawuny Yraga äkidilýär.Merw özüniň arassalygy bilen, ymaratlarynyň ýerleşişi we abadanlygy bilen, baglary bilen, kwartallaryň kanal aralygynda ýerleşişi bilen, bazarlardaky hünärmentleriň köplügi bilen Horasan şäherleriniň içinde tapawutlanýar.Merwde, gum içinde uşturgaz diýen ösümlik bitýär, ol beýleki ýurtlara-da äkidilýär, ýüpegem şonuň ýaly. Aýdyşlaryna görä, Jürjan bilen Tabarystana-da ir wagtlar Merwden getirilipdir. Häzirem Tabarystana äkitmek üçin gurçuk tohumy Merwde taýýarlanylýar. Merwde iň ýumşak pamyk ösdürilýär. Iň gowy Merw matalary hem şu ýerde taýýarlanylýar. Bu matalar satmak üçin başga ýurtlara-da äkidilýär.Sarahs. Nusaý. Feraba.Sarahs-Nişapur bilen Merwiň aralygynda, düzlük meýdanda ýerleşýär. Akar suwy ýok, derýa bar. Ýöne olam ýylyň bir böleginde akýar. Şonuň üçinem ilat düme bilen gün görýär. Bu şäher möçberi boýunça Merwiň ýarysy ýalyrak. Jaýlary gowy gurlupdyr. Topragy gowy. Daş-töwereginde öri meýdanlary bar. Obalary az. Ilatyň esasy baýlygy düýeler. Horasanyň şäherlerinden gatnaýan kerwenleriň ýükýazdyrmak üçin amatly ýeri. Guýudan suw içýärler. Degirmenler mallar bilen işledilýär, gurlan zatlar palçykdan.Nusaý – şäheriň ady. Sahawatly topragy bar, suwy bol, baga baý, ululygy boýunça Sarahsa deň; suw howlularyndan we köçelerinden akyp ýatyr, örän jana ýakymly şäher, oňa daglaryň arasynda ýerleşýän giň giden giňişlikli we sahawatly toprakly obalar degişli.Feraba1 – serhetýaka gala, çölüň çetinde ýerleşýär, obalardan daş. Onda metjit bar, galada serhetçiler ýaşaýarlar, olar az sanly. Ýöne muňa garamazdan, olar ýarag bilen üpjün. Feraba – rabatyň ady, oňa degişli oba ýok. Rabatyň ortasynda çeşme suwy akýar, şol çeşmäniň boýunda mellek-ýer bar diýäýmeseň bag-da ýok, ekilýän ýerem. Ilaty müň adamdanam az.

1997 ý.

A. Çüriýew
____________________________________
1. Soltangala şäherjiginiň günbatar diwarlaryna golaý ýerden akypdyr.2. Tahiridler dinastiýasynyň wekili, dinastiýa (nesilşalyk) ýykylansoň birnäçe wagtlap (877-nji ýyldan) Merwi saklapdyr.


www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir