Dünýä belli boksçularyň arasynda ady äleme ýaň salan Maýk Jerard Taýson 1966-njy ýylyň 30-njy iýunynda ABŞ-yň Nýu-ýork ştatynyň Bruklin şäherinde Lorna Smitiň maşgalasynda dünýä inýär. Maýk Taýson ejesiniň birinji adamsynyň, ýagny öz biologik kakasynyň familiýasyny özüne familiýa edip saýlap alypdyr. Ol entek dünýä inmänkä, kakasy bilen ejesi aýrylyşypdyr.

Maýk Taýson 10 ýaşyna çenli hiç kimiň ünsüni özüne çekmändir. Haçanda ol 11 ýaşyna gelende, gowy görüp saklaýan kepderilerini uçuryp ýörkä, töweregiň topalaň turzup ýören oglanlarynyň lideri onuň kepderileriniň biriniň kellesini goparýar. Şol sebäpli garşysyndaky oglany suwa salma ýençmegi bilen, Maýk Taýson töwereginde tanalyp başlanýar. Soňra Maýk Taýson, jenaýat bolsun, ogurlyk bolsun, näme bolsa edip ýören bu oglanlara goşulýar. Ýöne, Maýk Taýsonyň durmuşynda gowulyga tarap öwrülişik şol döwüriň boks koroly Muhammet Aly bilen görüşmeginiň netijesinde bolup geçýär. Muhammet Aly we onuň döwürdeş boksçulary jemgyýete ýaramaz täsir edip biljek köçe çagalary bilen şol wagtlar duşuşyk geçirýän ekenler. Şol duşuşyklaryň netijesinde Maýk Taýson Muhammet Alydan täsirlenip, 13 ýaşyndaka ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik jenaýatkär çagalara niýetlenen mekdebe okuwa ýazylýar.

Bu mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Bobbi Stýuart, onuň boks bilen tanyşmagyna ilkinji kömek eden adamdyr. Ol Maýk Taýsona boks sportunyň ähli tilsimlerini öwredip, soňra bolsa meşhur menejer Kass D`Amato bilen tanyşdyrýar. Maýk Taýson Kass D`Amato bilen tanşandan soň, ýuwaş-ýuwaş ringlere çykyp başlaýar.

Maýk Taýson 1985-nji ýylyň mart aýynda ilkinji gezek 98-100 kg. agramynda uly boks bäsleşigine gatnaşýar. Şol duşuşykda garşydaşyny 1-nji raundda nakawt edýär. 20 ýaşyndaka dünýäniň iň gowy boksçularynyň arasynda onuň ady hem tutulyp başlanýar. 1986-njy ýylda dünýäniň ýokary agramda boks çempiony bolýar. Şol bir wagtda ýokary agramda dünýäniň iň ýaş boks çempiony hem bolýar.

Maýk Taýson 1990-njy ýyla çenli Trewor Berbik, Larry Holmes, Maýkl Spinks ýaly güýçli boksçulary nakawt edip ýeňilmän gelse-de, 1990-njy ýylda Buster Douglas bilen geçiren duşuşygynda ilkinji gezek ýeňilýär we altyn kemerlerini (WBC, WBA, IBF) hem elinden aldyrýar. Soňra Maýk Taýson bir bidüzgünçiligi zerarly 3 ýyl türmede ýatýar. Türmede bolan döwründe musulman bolýar we Mälik Abdylaziz adyny alýar.

1997-nji ýylda Holyfild Ewander bilen geçiren duşuşygynyň üçünji raundynda garşydaşynyň gulagyny dişläp goparyp, duşuşykdan kowulýar. Iki ýyllap ringe çykmak oňa gadagan edilýär.

Şondan soň Maýk Taýson tutluşyklarynda garşydaşlaryndan ýeňilýär we 2005-nji ýylda boks dünýäsi bilen hoşlaşýar.

Maýk Taýson öz kariýerasynda jemi 58 duşuşyk geçirip, 50 duşuşykda ýeňiş (44 sanysyny nakawt edipdir) gazanyp, 6 duşuşykda ýeňlipdir. Onuň 2 duşuşugy hasaba alynmandyr.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir