“Editors Keys” wideo, audio we dizaýn önümçiliginde ulanylýan programmalaryň hersi üçin aýratynlykda klawiatura öndürýär.

Wideo, audio önümçiligi bilen meşgullanýan hünärmenler, şeýle hem dizaýnerler üçin niýetlenen klawiaturalary öndürýän “Editors Keys” kompaniýasy 100 funtlyk maýa goýum bilen biznes ýoluna başlady.

Britan “Mirror” neşiriniň habar bermegine görä, Mançester şäherinde ýerleşýän kompaniýanyň şu ýylky dolanşygy 750 müň funta golaýlar.

“Editors Keys” wideo, audio we dizaýn önümçiliginde ulanylýan programmalaryň hersi üçin aýratynlykda klawiatura öndürýär, şeýle hem adaty klawiaturalar üçin örtgüler öndürýär. Her programmanyň gysga ýol dügmeleri klawiaturalara aýratynlykda ýerleşdirilýär.

Kompaniýanyň 36 ýaşly direktory Mark Braun 2004-nji ýylda soňky 100 funt puluny ilkinji klawiaturany ýasamak üçin ulanandygyny aýtdy.

“Editors Keys” kompaniýasynda umumylykda üç adam işleýär. Kompaniýa onlaýn söwda platformasy “eBay”-iň “Innovation Award 2019” baýragyna mynasyp görüldi.

Ýöriteleşdirilen klawiaturalardan başga kompaniýa ses ýazgy üçin niýetlenen enjamlary hem öndürýär.

Täzelikler, bank tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir