Ýady daşy ýagyş ýagdyrýarmy?


Ýagyş ýagdyrýan ýagmyr daşy hasap edilýän ''Ýada'' daşy hakynda türkmenleriñ internet portallarynda maglumatlar diýseñ köpdür.
Bu hakda türk ýazyjylaryndan H. Güljan Köprüliniñ ''Ýada daşy'' atly hem-de Ergün Jandanyñ ''Gadymy Müsüriñ Syrlary'', ''Türkleriñ Medeni Kökleri'' atly kitaplarynda agzalýan we öwran-öwran nygtalýan ýagyş ýagdyrýan daşlar hakda ynandyryjy birgiden makalalar ýazyjylar tarapyndan nygtalyp geçildi. Ýada daşy hakda kitapcy.ga internet sahypasynda hem türk dilinden terjime edilen makala bardyr (Seret:
http://www.kitapcy.ga/news/gadymy_turkmenlerin_yada_dasynyn_jadyly_guyji/2018-08-03-1731). Aslynda beýle daşlar arkaly ýagyş ýagdyrylanogam, ýaganogam. Bu bir ýönekeý toslamadan başga zat däl. Biz bu hakda makalamyzyñ ahyrynda durup geçeris. Açyk öte geçmezimizden öñ 1000 ýyl mundan ozal ýaşap geçen bir alym hakda gürrüñ bermekçi.
''Ýada'' daşynyñ ýagyş ýagdyrmaýandygyny subut eden alym Al-Biruny(4 Sentýabr 973ㅡ1051) lakamly, meşhur Ebu Reýhan Muhammet bin Ahmet el-Birunydyr. Ýewropalylar oña Alberuni ýa-da Aliboron diýipdirler. Astronom, matematik, geografik we taryhy ylymlaryna düýpli goşantlar goşan alym.
Biruny Orta Aziýa yklymynyñ Horezm ýurdunda doguldy.
Ýaşlykda kakasy dünýeden ötýär. Horezmde Afrig ogullary (Aly Yrak) dinastiýasynyñ garamagynda boldy, köşkde matematikadan we astronomiýadan ylym aldy. Bu ýerdäki mugallymlary Ibni Yrak we Abdussamed bin Hakim.
Al-Biruny 17 ýaşyndaka ilkinji kitabyny ýazdy. Horezmde Mamuniler dinastiýasynyñ agalygyna girende Biruny hem Eýrana gidip bir az wagtlyk şol ýerde ýaşady. Soñra bolsa Zyýarylar tarapyndan goldanyldy. ''El Äsärul Bäkiýe'' atly kitabyny Zyýarylaryñ köşgünde ýazýar.
Iki ýyl bu ýerde işläninden soñ ýurduna dolanyp baryp Ebul Wepa bilen astronomiýa ylmyny içgin öwrenip başlaýar.
1017-nji ýylda soltan Mahmyt Gaznaly Horezmi eýelände Biruny Gazna şäherine gelip bu ýerde Gaznalylaryñ garamagy astynda bolýar.
Köşkde hormatlandy we sylandy.Mahmyt Gaznalynyñ Hindistana tarap eden ýörüşlerinde ýany bilen gidipdir.
Al Biruny Hindistandaky hindi alymlaryñ ünsüni çekipdir we Hindistan eýelenenden soñ Nendene şäherine ýerleşip astronomik gözleglerini bu ýerde dowam etdirdi.
Sanskritçany öwrenip Hindi halkynyñ ýaşaýşyny we medeniýetini öwrendi.
Bu ýerden ýene Gazna dolanyp bardy we ömrüniñ galan bölegini bu şäherde geçirdi.
Şol wagtlar ol ''Tahdidu Nihaýetil Emakin'' atly eserini 1025-nji ýylda ýazyp gutardy. Astronomiýa ylmy hakynda ýazan ''Kanuny Mesudi'' atly eserini Soltan Mahmyt Gaznalynyñ ogly Soltan Mesuda bagş edipdir.
Al-Biruny 1048-nji ýylyñ (Käbir çeşmeler onuñ 1051-nji ýylda Gaznada dünýeden ötendigini ýañzytýar) 13-nji dekabrynda dünýeden ötüpdir.
Indi geleliñ asylky gürrüñimize. Al-Birunynyñ nähili adamdygy hakdaky maglumatlara bir az bolsa-da syn eden bolsak gerek. Indi bolsa makalamyzy ''Ýada'' atly daş ýagyş ýagdyrýarmyş diýen gürrüñleriñ asylsyzlygy hakda durup geçeliñ.
Şol geçen ömrüniñ dowamynda Al-Biruny özüniñ subutnamalary arkaly ýada daşyna bolan ynanjyny hem çüýretdi. Sebäbi Al-Biruny derñewsiz, tejribesiz hiç zady çüýredip, mantyksyz hasaplanokdy. Delilsiz hiç hili açyklama getirmändir. Al-Biruny bulardan başgada gaty kän asylsyz ynançlary subut edip görkezendir.
Bu hakda gyzyklanmak isleýänler türk ýazyjysy Ali Kuzunyñ ''Paraf neşirýatynda'' 2013-nji ýylda çap etdiren ''Biruny'' (ISBN: 978-605-5218-34-8) atly kitabynyñ 17-nji sahypasyny okap göräýsin.
Sözümiziñ ahyrynda biz doga-dilegler bilen ýagyş ýagdyrylýandygyny hem size aýtmalydyrys.
Ýöne bu ''Ýada'' daşy diýdi jady daşy diýdi, bular ýaly bolar-bolgusyz ynançlara gapylyp makala ýazyp gara başagaý bolup ýören ýazyjylarymyz, açyk pyçgyrmalaryndan öñürti ilki şol ýada daşyny bir elläp ellerine alyp görsünler we soñra ýerine ýetirilýän usuly bolsa synanyşyp görsünler. Soñra bir karara gelip kitap ýazýarlarmy, ýa eser ýazýarlarmy onçasyny özleri bilerler-dä. Şu gadymy asylsyz çeşmelere salgylanmalymyş diýseler şony heçjikläp gidip otyrlar!


23.11.2019 ý.

Peşeñ ogly Afrasyýap

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir