Bank se­na­ga­ty bir­ ýer­de dur­man, yzy­gi­der­li kä­mil­leş­ýär, müş­de­ri­le­ri­ne tä­ze hyz­mat­la­ry hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­le­ýär. Bu ugur dün­ýä­niň iň in­no­wa­si­on ul­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Dün­ýä­niň glo­bal bank­la­ry bäs­deş­le­rin­den yza gal­maz­lyk üçin he­mi­şe kä­mil­leş­mä­ge we ös­mä­ge ta­gal­la ed­ýär­ler. Maslahat beriş merkezleri – “IPR­Dai­ly”-niň we “incoPat Inven­ti­on In­dex Re­se­arch Cen­ter”-iň bi­ler­men­le­ri pa­tent al­mak üçin ýüz tu­tan­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça bank­la­ryň reý­tin­gi­ni düz­dü­ler. Reý­ting­de öňe saý­lan­ýan 100 ban­kyň 43 gö­te­ri­mi­ni hy­taý bank­la­ry eýe­le­di­ler. Aşak­da ge­çen ýyl pa­tent al­mak üçin öz­le­ri­ne köp ýüz tu­tu­lan 10 bank ba­ra­da­ky mag­lu­ma­ty dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

“Ag­ricul­tu­ral Bank of Chi­na” – Hy­taý.
“Ag­ricul­tu­ral Bank of Chi­na” ban­ky Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nda ýer­le­şip, dün­ýä­niň iň iri bank­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ban­kyň ştab-kwar­ti­ra­sy Pe­kin­de ýer­leş­ýär. Hy­ta­ýyň çäk­le­rin­de ban­kyň 23 600-den gow­rak bö­lü­mi we 19 700 ama­ly ofi­si bo­lup, ýe­ne-de onuň 8 bö­lü­mi we iki we­kil­ha­na­sy ýur­duň çäk­le­rin­den da­şar­da iş­le­ýär.

“Royal Bank of Cana­da” – Ka­na­da.
“Royal Bank of Cana­da” – Ka­na­da­nyň iri bank­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, şol bir wag­tyň özün­de ýur­duň iň uly kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hem bi­ri­dir. “Royal Bank of Cana­da” hu­su­sy we tä­jir­çi­lik bank iş­le­ri, pul se­riş­de­le­ri bi­len do­lan­dy­ryş, äti­ýaç­lan­dy­ryş, ma­ýa we de­po­zit hyz­mat­la­ry, ka­pi­tal ba­za­ry ýa­ly bö­lüm­ler­den yba­rat bo­lan dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki kong­lo­me­rat­dan yba­rat­dyr.

“In­dust­ri­al and Com­mercial Bank of
Chi­na” – Hy­taý.
“In­dust­ri­al and Com­mercial Bank of Chi­na” – Hy­ta­ýyň iri tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol “Bank of Chi­na”, “Ag­ricul­tu­ral Bank of Chi­na” we “Chi­na Const­ructi­on Bank” ýa­ly ýur­duň iri döw­let bank­la­ry bi­len bir­lik­de “Uly dört­lü­gi” eme­le ge­tir­ýär. Paý­na­ma­la­ry­nyň gö­zeg­çi­lik buk­ja­sy döw­le­tiň bir­nä­çe ma­ýa go­ýum kom­pa­ni­ýa­la­ry ar­ka­ly Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň hö­kü­me­ti­ne de­giş­li bo­lup dur­ýar. Umu­man, ICBC-niň 500 müň­den gow­rak paý­da­ry bar. ICBC Hy­ta­ýyň bank ul­ga­my­nyň bäş­den bi­ri­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Ban­kyň 17 460-dan gow­rak bö­lü­mi bo­lup, olar­da 453 048-den gow­rak adam zäh­met çek­ýär.

“The Pe­op­le’s Bank of Chi­na”
– Hy­taý.
Hy­ta­ýyň halk ban­ky – Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň mer­ke­zi ban­ky bo­lup, ýur­duň hö­kü­me­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da öz borç­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Bu bank ýur­duň Týans­zin, Şen­ýan, Nan­kin, Szi­nan, Uhan, Guanç­žou, Çen­du, Şan­haý we Si­an ýa­ly şä­her­le­rin­de 9 sa­ny se­bit şa­ham­ça­la­ry­ny aç­dy. Şo­nuň ýa­ly hem bankyň da­şa­ry ýurt­lar­da we­kil­çi­lik ed­ýän ofi­si bar. Hy­ta­ýyň halk ban­ky­nyň je­mi 18 sa­ny bö­lü­mi bar.

“To­ron­to-Do­mi­ni­on Bank” – Ka­na­da.
“To­ron­to-Do­mi­ni­on Bank” – Ka­na­da­nyň ikin­ji iri ma­li­ýe hol­din­gi bo­lup, (“Royal Bank of Cana­da”-dan soň­ra) bank iş­le­ri, äti­ýaç­lan­dy­ryş we ma­li­ýe hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Ban­kyň yg­ty­ýa­ryn­da 2500 tö­we­re­gi bö­lüm we 5300 tö­we­re­gi ban­ko­mat bo­lup, iş­gär­le­ri­niň sa­ny do­ly iş gü­nü­niň ek­wi­wa­len­tin­de 81 mü­ňe deň­dir.
“We­Bank” – Hy­taý.
2015-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň in­ter­net-kong­lo­me­ra­ty “Tencent Hol­dings” ýurt­da il­kin­ji on­laýn-ban­ky ýo­la goý­dy. Ol “We­Bank” ady­na eýe bo­lup, meş­hur söh­bet­deş­lik app­li­ka­si­ýa­sy “Tencent WeChat” bi­len ba­ra­bar ha­sap­lan­ýar. Ban­kyň bö­lüm­le­ri we ban­ko­mat­la­ry ýok. Äh­li amal­lar di­ňe mo­bil prog­ram­ma­lar­da ýa-da “Wechat”-yň ak­kaunt­la­ry ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. “We­Bank”-yň üs­tün­li­gi, esa­san, mag­lu­mat­la­ryň uly gor­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­mek ba­bat­da iş alyp bar­ýan “Tencent Hol­dings”-iň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň sa­ýa­syn­da müm­kin bol­dy.

“JPMor­gan Cha­se” – ABŞ.
“Bank of Ame­rica”, “Citig­ro­up” we “Wells Far­go” bi­len bir­lik­de ABŞ-nyň bank­la­ry­nyň “Uly dört­lü­gi­ni” düz­ýär. Ma­ýa go­ýum bank ha­sa­by ar­ka­ly do­lan­dy­ryş, hu­su­sy şahs­la­ra we ki­çi biz­ne­se ma­li­ýe hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mek, tä­jir­çi­lik bank iş­le­ri, ma­li­ýe tran­zak­si­ýa­la­ry­ny ge­çir­mek we hu­su­sy se­riş­de­le­ri do­lan­dyr­mak bu ban­kyň we­zi­pe­si­niň esa­sy ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Ol iň iri de­po­zit bank­la­ryň bi­ri bo­lup, onuň de­po­zit hu­su­sy se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri 23,5 tril­li­on dol­la­ra, ad­mi­nist­rir­le­nen hu­su­sy se­riş­de­le­ri­niň muk­da­ry bol­sa, 4,1 tril­li­on dol­la­ra, do­la­ny­şyk­da­ky hu­su­sy se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri 2 tril­li­on dol­la­ra deň­dir.

“Chi­na Const­ructi­on Bank” – Hy­taý.
“Chi­na Const­ructi­on Bank” — Hy­ta­ýyň iň iri bank­la­ry­nyň bi­ri­dir. “Chi­na Const­ructi­on Bank” ul­ga­my­nyň Hy­ta­ýyň çäk­le­rin­de 14 925 bö­lü­mi, şeý­le hem Gon­kong, Sin­ga­pur, Frank­furt, Ýo­han­nes­burg, To­kio, Se­ul, Sid­neý, Taý­peý, Nýu-Ýork we Ho­şi­min ýa­ly şä­her­ler­de 10 bö­lü­mi iş­läp, “CCB Principal As­set Ma­na­ge­ment” (hu­su­sy se­riş­de­ler ar­ka­ly do­lan­dy­ryş hyz­ma­ty), “CCB Fi­nancial Lea­sing” (karz pul ber­me), CCB Trust (trast gaz­na­sy), “CCB Li­fe” (äti­ýaç­lan­dy­ryş), “Si­no-Ger­man Ba­us­par­kas­se” (hy­taý-ne­mes gur­lu­şyk koo­pe­ra­ti­wi), “CCB Asia” (Azi­ýa), “CCB Lon­don” (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky şa­ham­ça­sy), “CCB Rus­sia” (Rus­si­ýa­da­ky şa­ham­ça­sy), “CCB Du­bai” (Du­baý­da­ky şa­ham­ça­sy) we “CCB In­ter­na­tio­nal” ýa­ly bir­nä­çe öz­baş­dak bank­la­ry bar.

“Bank of Chi­na” – Hy­taý.
“Bank of Chi­na” – Hy­ta­ýyň ma­li­ýe to­pa­ry bo­lup, ozal­dan iş­läp gel­ýän bank­la­ryň esa­syn­da dö­re­dil­di. Onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Pe­kin­de ýer­leş­ýär. Ban­kyň esa­sy iş ýö­rel­ge­si – tä­jir­çi­lik bo­ýun­ça bank iş­le­ri bo­lup, onuň 90 gö­te­ri­mi­ni ama­ly gir­de­ji­le­ri düz­ýär. Bu ugur koo­pe­ra­tiw bank iş­le­ri (42 gö­te­rim), hu­su­sy bank iş­le­ri (33 gö­te­rim), hem-de gaz­na amal­la­ry (15 gö­te­rim) ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Bu bank, esa­san, Hy­ta­ýyň äh­li se­bit­le­rin­de di­ýen ýa­ly iş­le­ýär. Gon­kon­gyň, Ma­kao­nyň we Taý­wa­nyň pa­ýy­na hu­su­sy se­riş­de­le­riň 17 gö­te­ri­mi we ama­ly gir­de­ji­le­riň hem 23 gö­te­ri­mi düş­ýär. To­par dün­ýä­niň 53 ýur­dun­da 545 bö­lü­mi bo­lup, esa­san, Ka­na­da, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa we Sin­ga­pur ýa­ly ýurt­lar­da iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar.

“Bank of Ame­rica” – ABŞ.
“Bank of Ame­rica” ABŞ-nyň ma­li­ýe kong­lo­me­ra­ty bo­lup, hu­su­sy hem-de ýu­ri­dik şahs­la­ra giň ge­rim­li ma­li­ýe ýar­da­my­ny be­rip, hu­su­sy se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by bo­ýun­ça ABŞ-da iň iri ban­k hol­ding kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri­dir. “Bank of Ame­rica” ýur­duň 50 şta­tyn­da, şeý­le hem dün­ýä­niň 35 ýur­dun­da iş­läp, onuň 47 müň bö­lü­mi, 213 müň iş­gä­ri we 16 müň ban­ko­ma­ty bar.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir