Bir wagtlar öz döwrüniň häkimi gol astyndaky ýolbaşçylar bilen at üstünde şähere gelýär. Ýoluň gyrasyndaky adamlar iki bükülip, häkime salam berýärler. Olaryň arasynda bir çetde oturan adamyň weli hiç zat bilen işi ýokmuş. Häkimiň hem bu adama gözi düşýär.

Häkim atyny saçy-sakgaly buýr-bulaşyk, üst-başy sal-sal bolan bu adamyň ýanyna sürýär. Atyndan düşmän, gaty ses bilen oňa gygyryp, şeýle diýýär:

– Eý, adam! Her kim meniň şähere gelenimi görüp, eglip salam berýär, sen näme üçin ýeriňdenem butnaňok Sen kim bolarsyň özi?

Sal-sal geýnüwli adam durkuny hem üýtgetmän, häkimiň ýüzüne seredip:

– Men hiç kim – diýýär.

Häkimiň muňa has-da gahary gelýär:

– O nähili «hiç kim», seň adyň, şan-şöhratyň ýokmudyr?

– Seňki barmy?

Häkim hälkisindenem beter haýran geň galýar, ýöne soraga jogap berýär:

– Nä, sen meni tanaňokmy? Men häkim.

Ol adam şol bir durkuny saklap, ýene-de şeýle diýýär:

– Soň näme boljak?

– Wezir boljak.

– Ondan soň näme boljak?

– Patyşa boljak.

– Onsoň?

Häkim biraz pikirlenip durýar-da:

– Hiç kim – diýip jogap berýär.

Sal-sal geýnüwli adam ýylgyrýar.

***

Bu dünýädäki derejämiz, egin-eşigimiz, baýlygymyz – hemmesi wagtlaýyn. Soňy bilen aljak galamyz bir gysym toprak. Şony ýatdan çykarman, adamlara hemişe ýagşy çemeleşeliň – baýlygymyz bilen däl-de, adamkärçiligimiz bilen. Sebäbi bir gün hemmämimiz deňleşeris… ähli babatda…

Terjime eden Annabibi Öwezmyradowa

Bilim, 12 tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir