Hytaýlylaryň bambuk agajyny nädip ösdürip ýetişdirýändiklerini bilýärsiňizmi?

Ilki, agajyň tohumyny ekýärler, suwarýarlar we dökünleýärler.

Birinji ýyl tohumda hiç hili üýtgeşme bolmaýar. Soňra, tohum täzeden suwarylýar-da, ýene dökünlenýär. Bambuk agajy ikinji ýyl hem ýerden dömüp çykmaýar. Üçünji we dördünji ýyl diýlende, her ýylky iş gaýtalanyp, bambuk agajynyň tohumyna ýene suw hem dökün berilýär. Emma tohum şonda-da şinelemeýär.

Hytaýlylar uly sabyr bilen bäşinji ýylam bambuga suwdur dökün bermegi dowam etdirýärler. Ahyrsoňy, bäşinji ýyl tamamlanyberende, bambuk agajy gögerip ugraýar, alty hepde ýaly gysga wagtyň dowamynda-da takmynan 27 metr boý alýar.

Şu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar: Bambuk agajynyň boýy 27 metre alty hepdede ýetýärmi ýa-da bäş ýyldamy?

Soragyň jogaby, elbetde, bäş ýylda. Uly sabyr bilen, irmän-ýadaman, tohum bäş ýyllap suwarylyp dökünlenmedik bolsady, agaç ulalmazdy, hatda ondan nam-nyşan hem bolmazdy.

Üstünligiň örän aňsat formulasy bar:

Zähmet çekmeli.
Sabyr etmeli.
Hemişe ynamly bolmaly.
Hiç haçan yza tesmeli däl.
Terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir