Kömür magdanlarynyň birinde bir oglanjyk irikgä bolup, liftiň ýokary çykaryna garaşyp oturan ekeni. Bu oglanjygyň tiňkesini bir nokada dikip oturmasy magdan gözegçisiniň ünsüni çekipdir. “Sen bu ýerde näme işleýärsiň?” diýip, gözegçi oglanjykdan soranda ol: “Kakama garaşýan” diýip jogap beripdir. “Sen munça adamyň içinden kakaňy tanap bilmersiň. Häzir olaryň ählisi birmeňzeş eşikde, birmeňzeş başgapda, ýüzleri kömür tozlaryndan ýaňa garagäz bolup çykarlar. Gowusy öýňüze gaýt, kakaň özi barar” diýip, gözegçi oňa maslahat beripdir. “Ýöne, kakam meni tanar-a” diýip, oglanjygam raýyndan gaýtmandyr. Bu jogap gözegçini haýran galdyrypdyr. Birmeňzeş lybasly ýüzlerçe adamyň içinden birbada saýgaryp bilmese-de, kakasynyň özüni tanajakdygyna we ýanyna geljekdigine bolan ynamynyň güýçlidigine göz ýetiripdir.

Eýsem, şeýle pugta ynam biziň her birimize mahsusumy? Durmuşyň ähli pursatlarynda özümiziň tenha däldigimizi, biz görüp bilmeýän bolsagam, bagtly nesibäniň bizi görýändigine, onuň hut häzir ýanymyzda peýda boljakdygyna ynanyp bilýärismi? Durmuşda hemişe şol jogaby özüňe hemra edin: “ Sen ony birbada saýgarmasaňam, saňa ýazylan bagt, üstünlik we şowlylyk seni hökman tanar, seni hökman tapar. Esasy zat – ynan we umyt bilen garaş!”.

Çeşme: Rahmet Gylyjow, “Halallyk kyssalary”

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir