Kerim Gurbannepesow hakda aýdylanlar.

''Onuñ kiçi dilden bärde aýdan ýekeje-de sözi ýok. Ol şahyrana sözi dür dänesi ýaly seçilip-seljerip, gyzgyn ýürek, gyzgyn el, gyzgyn galam bilen şygyr setirlerine siñdirýärdi. Sözden mähir ýasaýardy''.

(Gurbandurdy Gurbansähedow,Türkmenistanyñ halk ýazyjysy)

* * *

''Ol bize ýer ýaly parhlylygyñ, duz ýaly durnuklylygyñ, garramany bilmeýän mukamlar ýaly sazlaşygyñ, iner ýaly gaýratlylygyñ, söýmegiñ hem-de söýülmegiñ, dogduk iliñi arzylamagyñ sapagyny berdi. Şeýle bolansoñ, minnetdar okyjysy ony biserhet söýgi bilen söýdi, ony ruhunyñ tupany saýdy, şygyrlaryny orta goýup, halallyga hem-de ynsaba nyrh kesdi''.

(Baýram Jütdiýew, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy)

* * *


''Ol hemmäni we hemme zady öz filosofik nazary bilen unap, özüniñ ägirt ýüregini siñdirdi''.

(Annaberdi Agabaýew, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy)


* * *


''Eserleriniñ pähim paýhas geriminiñ giñligi, aýdyljak bolunýan pikiriñ many-mazmunynyñ täze-terligi, çuñlugy, ilkinji bolup aýdylýanlygy, şygyrlaryñ diliniñ biçak halkylygy Kerim şahyry biziñ milli poeziýamyzyñ ölmez-ýitmez şahsyýetine öwürdi''.

(Hudaýberdi Diwangulýew, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

* * *


''Kerim Gurbannepesow türkmen diliniñ obrazly añladyş serişdelerinden, dürli owaz sazlaşyklaryndan, gaýtalamalaryndan örän ýerlikli ulanmagy başarýan şahyrlaryñ biridir. Onuñ liriki gahrymany öz pikir-duýgularyny ''sakawlaman'' zat etmän, erkin beýan etmegiñ hötdesinden gelýär. Forma täzeligi, owazly kapyýalar şahyryñ hemişe gözlegi''.

(Halyl Kulyýew, şahyr, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty)


* * *


''Her şygyr setiri özüçe Kerim aganyñ köñlüne jepa tygyny urardy, ol çydardy. Şonuñ üçinem, ol şygyrýetiñ beýik tagtyna çykyp oturypdy.
Ol şygyr oduna semender dek özüni urup, onuñ ýakyşyna döz gelerdi. Şonuñ üçinem, reñbe-reñ şygyr bagyna bagbanlyk etmek oña nesip edipdi''.

(Gurbanýaz Daşgynow, şahyr)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir