Ata-babalarymyz durmuş tejribelerine esaslanyp, ata‑enäni sylamak, hormatlamak boýunça ogul-gyzyň öňündäki birnäçe borçlaryny işläp düzüpdirler. Ol borçlar, ata-ene bilen ogul-gyzyň aragatnaşygyndan edilýän adamkärçilikli talaplar asyrlaryň synagyndan geçip, ata‑babalarymyz tarapyndan kabul edilip alnypdyr we olar nesilden- nesle geçip, adamlaryň arasynda ýörgünli däpleriň birine öwrülipdir. Perzentleriň öz ata-eneleri barada alada etmekleri döwletimiziň kanuny tarapyndan hem berkidilýär. «Kämillik ýaşyna ýeten çagalar öz ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar» diýlip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda nygtalýar. Ata-enäni hormatlamak boýunça halkymyzyň durmuşyna ornaşan asylly milli däpler beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azady tarapyndan umumylaşdyrylyp, belli bir ulgama salnypdyr. Döwletmämmet Azady özüniň «Wagzy-Azat» diýen eserinde perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlaryndan 40 sanysyny görkezýär. Ol borçlary hem on-ondan dört sany uly toparda jemläp, olaryň her haýsysyna aýratynlykda at beripdir. Ol borçlar aşakdakylardan ybarat: 1. Ogul-gyzyň ata-ene öňündäki ten bilen berjaý etmeli borçlary; 2. Ogul-gyzyň ata-ene öňündäki dil bilen berjaý etmeli borçlary; 3. Ogul-gyzyň ata-ene öňündäki köňül bilen berjaý etmeli borçlary; 4. Ogul-gyzyň ata-ene öňündäki mal bilen berjaý etmeli borçlary. Perzendiň ata-ene öňünde berjaý etmeli diýlip hasaplanan dört borjunyň her haýsy on bölümden ybaratdyr:

Ogul-gyzyň ata-enäniň öňündäki ten bilen berjaý etmeli borçlary:

Ata-enäniň hyzmatyny etmek;
Ata-enä mynasyp hormat goýmak;
Ata-enäniň buýruklaryny ýerine ýetirmek;
Ata-ene razy bolmadyk halatlarynda sapara gitmezlik;
Ata-ene bir ýerden geleninde, öňünden çykyp garşy almak;
Ata-enäniň razyçylyk bermedik zatlaryna baş goşmazlyk (etmezlik);
Ata-ene bir ýere gideninde, hoş niýet bilen ýola salmak;
Ata-ene adyňy tutup çagyranda imrinmän barmak;
Ata-enäniň gerek diýen zadyny tapyp bermek, tabşyran ýumşuny açyk göwün bilen tiz ýerine ýetirmek;
Ata-enäniň tabşyryklaryny ýerine ýetireniňde tekepbirlik etmezlik.
Biziň milli däplerimizde ata-enäniň hyzmatyny etmek, olaryň alkyşyny almak perzent üçin uly bagt hasaplanypdyr. Elbetde, ogul-gyzyň ata-enä hyzmat etmäge, olardan alkyş almaga, hoşamaý söz eşitmäge ýykgyn etmegi tötänlik däldir. Beýik şahyrymyz Magtymguly özüniň «Çyka bilmez sen» diýen goşgusynda: «Agyrtmagyl ata birle enäni, Daglardan, daşlardan uly günäni, Agyrdyr günähiň, çekebilmez sen» – diýýär. Perzent islendik meselede ata-enäniň mertebesini hemme zatdan ýokary tutmalydyr. Ata-ene näçe köp ýumuş tabşyrýan bolsa-da, olara närazylyk bildirip durmaly däldir, gaýtam olaryň ýumuşlaryna hoşal bolunmalydyr. Emma durmuşda oglanlaryň we gyzlaryň käbiri ata-enäniň hyzmatyny etmekde nägilelik bildirýärler. Käbir ýagdaýda ata-enäniň ýumşuny berjaý etmekden ýüz öwürýänleri-de gabat gelýär. Çagalaryň arasynda ata-enäniň ýumuşlaryny berjaý etmekden ýüz öwürmegiň dürli-dürli sebäpleriniň bolmagy mümkindir. Mekdep ýaşyndaky çagalaryň ençemesi ata‑baba milli däplerimizi oňat bilmeýärler. Eger‑de olar gadymy milli däplerimizi oňat bilip, ata-enäniň hyzmatyny berjaý etmekden özlerine gelýän haýyr-sogaba ýa-da olaryň diýenini etmänligi üçin nähili günä gazanýandygyna oňat düşünse, ogul-gyz olaryň hyzmatyndan gaça durmaz, gaýtam uly höwes bilen berjaý eder. Milli däplerimizde ogul-gyz sapara ýa-da bir ýere gitmekçi bolanynda, ata-eneden rugsat almalydyr. Ata-еnе çagasynyň özüni alyp barşy barada jemgyýetiň öňünde şahsy jogapkärçilik çekýär. Şonuň üçin ol çagasynyň nirä gidenini, kim bilen tirkeşýändigini, nämeler bilen meşgullanýandygyny bilmelidir. Emma gynansak-da, durmuşda ata-enesinden rugsat alman, islän ýerine gidip ýören perzentlere-de gabat gelinýär. Ata-babalarymyz çagalaryň şeýle etmegini uly biedeplilik hasaplapdyrlar. Näme üçin bir ýere gidilmekçi bolanda ata-eneden razyçylyk alynmagyny ogul-gyzyň öňünde borç edilip goýuldyka? Aslynda şeýle etmegiň näme zerurlygy barka? Adam bu zatlaryň hakyky manysyna ata-ene bolup, perzent öndürenden soň düşünýär, sebäbi çagasy rugsat alman, bir ýere gideninde, ata-enäniň nähili kyn ýagdaýa düşýändigine ata-ene bolup görmedik adamlar oňat göz ýetirmeýärler. Çagasynyň nirä gidenini bilmedik wagtynda ata-ene örän kyn ýagdaýa düşýär. Ol howatyrlanýar, gaharlanýar, käýinýär. Işdäsine, ukusyna zyýan ýetýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, çagasynyň nirä gidenini bilmedik halatlarynda ata-ene ynjaýar. Ata-enäni ynjytmak bolsa, ogul-gyz üçin uly hatadyr, günädir. Milli däplerimizde ata-ene haýsydyr bir ýerden gaýdyp geleninde, perzentleri olaryň öňünden çykyp, güler ýüz bilen garşylapdyrlar. Ol däp häzir hem maşgalalaryň ençemesinde dowam etdirilip gelinýär. Sapardan gaýdyp gelenlerinde, ata-enäni garşylamak ogul-gyzyň olara uly hormat goýmagyny aňladýar. Şoňa görä sapardan gelenlerinde, ata-enäni garşylamak ogul-gyzyň öňünde borç edilip goýlupdyr. Ogul-gyz ata-ene tarapyndan ady tutulyp çagyrylanda, haýal etmän, olaryň huzurynda häzir bolmalydyr. Ata-enäni hormatlaýan her bir perzent özüniň bu borjuny gyşarnyksyz berjaý etmelidir. Eýsem, biziň hemmämiz, hemme wagt özümiziň bu borjumyzy gyşarnyksyz berjaý edýärmikäk? Aglaba köpimiz ony berjaý edýän-de bolsak, düşünmezlikdenmi, geleňsizlikdenmi, ýek-tük ol mukaddes borjumyzy doly ýerine ýetirmeýänlerimiz hem gabat gelýär. Bu borjuň dogry berjaý edilmedik halatlarynda, onuň ata-enä, ogul-gyza nähili zyýany barka? Diýeni edilmedik, çagyrylanda gelinmedik halatlarynda, ata-ene çagasyndan närazy bolýar, olara käýinip-sögünýär, ynjaýar, kahalatlarda bolsa gargynýar. Ata-ene öňünde ten bilen berjaý edilmeli borçlaryň biri‑de, olaryň hyzmatyny berjaý etmekde, olar bilen iş salyşmakda tekepbirlikden saklanmakdyr. Tekepbirlilik, uly pällilik ýa‑da men-menlik etmekdir. Islendik adam bilen iş salşylanda, ylaýta-da ata-ene bilen iş salşylanda tekepbirlik etmek uly biedeplilik hasaplanýar. Ata-babalarymyz «Ýigidiň göwnünde ýüzärligiň dänesi ýaly kiçijek men-menlik bar bolsa, hiç wagt ol maksadyna ýetip bilmez» diýip aýdypdyrlar. Her bir adamyň kiçi göwünliligi berjaý etmäge çalyşmagy zerurdyr. Ol ynsanyň mertebesiniň ýokary göterilmegine ýardam edýän gylyk-häsiýetleriň esasylarynyň biridir.

2. Perzendiň ata-ene öňündäki dil (söz) bilen berjaý etmeli borçlary. Beýik akyldarymyz Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» atly eserinde ogul-gyzyň ata-ene öňündäki dil bilen berjaý etmeli borçlary 10 bölege bölünip, olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

Ata-enäniň ýanynda belent ses bilen gürlemezlik;
Ata-enäniň ýanynda gyjytly-ýaňsylaýjy söz aýtmazlyk;
Ata-enäniň adyny ýa-da lakamyny tutmazlyk;
Ata-enäniň ýanynda gaharly ýa-da nägilelik bilen sözlemezlik;
Ata-enäniň görejine bakyp sözlemezlik;
Ata-enä ýüzlenende ýumşak, mylaýym sözlemek;
Ata-ene bilen buýruk beriji äheňde gürleşmezlik;
Ata-enäniň ýanynda gagyrynyp-tüýkürinmezlik, sümgürinmezlik;
Ata-enäniň ýanynda ýerliksiz gülmezlik;
Ata-ene bilen gürleşilende mähirli bolmak.
Perzendiň ata-ene öňünde dil bilen berjaý etmegine degişli sanalyp geçilen bu borçlar howaýy zat däldir. «Tyg ýarasy biter-ýiter, söz ýarasy bitmez-ýitmez», «Ýagşy söz ýylany hininden çykar» diýen nakyllara laýyklykda ýerini bilip sözlemeseň, dil ata-enäni, islendik adamyny ynjydyp‑da, göwnüne degip‑de biler. Şonuň üçin ata-babalarymyz ata‑ene bilen sözleşilende, olar bilen gatnaşyk edilende berjaý edilmeli edep kadalary boýunça ogul-gyzyň öňünde kesgitli borçlary öňe sürüpdirler. Ata-ene bilen gürleşilende, ogul-gyzyň olaryňkydan belent owazda gürlemegini ýа-da olardan öňe düşüp sözlemegini biedeplik hasaplaýarlar. Ata-babalarymyzyň ata-enäni hormatlamak boýunça dowam etdirip gelen şu we şuňa meňzeş kadalary biziň günlerimizde öz ähmiýetini ýitirdimikä? Olary berjaý etmegiň zerurlygy aradan aýrylaýdymyka? Ynsan mertebesini saklaýan, ony belende göterýän däp-dessurlar hiç wagt könelmeýär we ähmiýetini ýitirmeýär. Olary dowam etdirmegi, dogry berjaý etmegi başarmak gerek. Halkyň asuda, parahat, agzybir ýaşamagyna päsgelçilik döredýän nogsanlyklaryň-da esasy sebäpleriniň biri ata-enäni, uly ýaşly adamlary, birek-biregi sylamak, hormatlamak, ynsaplylyk, ar-namyslylyk, sözüň üstünde tapylmak, halal ýaşamak ýaly asylly milli däp-dessurlarymyzy gyşarnyksyz dowam etdirmekde goýberilýän säwliklerden, parhsyzlyklardan, gelip çykýar. Şonuň üçin her bir ýaş adamynyň ata‑babalarymyzyň ynsan mertebesini belende göterýän asylly däp-dessurlaryny uly höwes bilen alyp götermegi we dowam etdirmegi gerekdir. Ata-ene bilen söhbetdeş bolnanda, olaryň pikiri bilen ylalaşylmadyk halatlarynda ata-enäniň sözüni ýalana çykarmaga synanyşmak, ýaňsylamak ýa-da olara ýaňsylaýjy söz aýtmak perzent üçin uly biedeplikdir, sebäbi adamlaryň bilim derejeleri, dünýägaraýyşlary, durmuş tejribeleri, gylyk‑häsiýetleri dürli-dürli bolýar. Edepli, tertipli adamlar islendik dünýägaraýyşdaky adamlaryň gürrüňini diňlemegi, oňa sarpa goýmagy başarýarlar. Şonuň ýaly-da edepli adamlar islendik şahsyýetiň gowy taraplary hakynda gürrüň edýärler-de, olaryň ýetmezçilik taraplaryny agzamazlyga çalyşýarlar. Şeýle häsiýetdäki ata-enäniň gürrüňini diňläp, oňa «Sen gürrüňini edýän adamyň gowy taraplary hakynda aýdýarsyň-da, onuň ýetmezçiligini agzamaýarsyň. Hakykatda ol adamynyň şeýle‑şeýle ýaramaz gylyk-häsiýetleri de bar ahyryn» diýip, ata‑enäniň «ýalňyşyny düzetmek» perzent üçin edeplilik däldir. Aslynda, säwlige ýol berýän halatlaryňda-da ata-enäniň nädogrulygyny aýtmak, olara gyjalat bermek nädogrudyr. Şeýle hereket ata-enäniň ynjamagyna, göwnüniň galmagyna sebäp bolýar.

Ata-babalarymyzyň perzendiň ata-ene öňünde berjaý etmeli borçlarynyň hemmesi ogul-gyzyň ynsan mertebesini belende götermegine niýetlendirilen hereketlerdir. Meselem, özümiziň dünýä inmegimize sebäpkär bolan şahsyýetlere «kaka», «eje» diýip ýüzlenýäris. Emma olaryň-da kakasy, ejesi tarapyndan guwanylyp dakylan atlaryny ogul‑gyzlaryň tutup ýüzlenmekleri biziň däp-dessurlarymyzda halanmaýar. Şonuň üçin ata-enäniň adyny ýa-da lakamyny tutman, olara eje, kaka, Siz diýip ýüzlenmelidir. Enem-atam maňa käýindi, gaharlandy, köp ýumuş tabşyrdy, islän zadymy satyn alyp bermedi diýen ýaly bahana bilen, ata-enä nägilelik bildirmek, olardan öýke-kine etmek ogul-gyz üçin dürs däldir. Perzent ata-enäniň tabşyryklaryndan hoşal bolmalydyr. Ogul-gyzyň ata-ene öňündäki dil bilen berjaý etmeli borçlarynyň biri-de söhbetdeş bolnanda, olaryň ýüzüne garap gürlemezlikdir. Ata-ene bilen gürleşilende mähirli, mylaýym bolmak perzendiň dil bilen berjaý etmeli parz borçlarynyň biridir. Ata-enäniň ýanynda özüni alyp barmakda olary ynjydýan gylyk-häsiýetlerden saklanmak ogul-gyzlar üçin parz borçlardyr. Ata-babalarymyz perzendiň öňünde ata-enäniň ýanynda tüýkürinmezligi, gagyrynmazlygy, pyňkyrmazlygy borç edip goýupdyrlar. Aslynda milli däplerimizde gürleşip duran ýa-da oturan adamlaryň ýanynda pyňkyrmak olaryň üstünden gülmegi ýa-da olara göwnüýetmezçiligi aňladypdyr.

3. Ogul-gyzyň ata-ene öňündäki köňül bilen berjaý etmeli borçlary. Beýik akyldarymyz Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy‑Azat» eserinde ogul-gyzyň ata-ene öňündäki köňül bilen berjaý etmeli borçlary aşakdakylardyr:

Ata-enäniň ýüzüne garanyňda mydama rehimli, şepagatly bolmаk;
Ata-enäni öz dostuň, iň ýakyn adam hasaplamak;
Ata-enäniň begenjine begenmek, şatlygyna şatlanmak;
Gaýgyly-aladaly wagtlarynda olara duýgudaşlyk etmek, şatlanmazlyk;
Ata-enäniň sözüne, öwüt-nesihatlaryna gaharlanmazlyk;
Temmi beren, käýän wagtlarynda ata-eneden öýke‑kine etmezlik;
Ata-enäniň derdi bilen dertdeş bolmak;
Ata-eneden ätiýaç etmek;
Ata-enäniň niýetine, maksadyna söz ýetirmezlik;
Garrap, tapdan duşen wagtlarynda-da ata-enä uzak ömür dilemek.
Milli däplerimizde adamlar ata-enäni özleriniň ýakyn adamsy, dosty hasaplapdyrlar. Hakyky dost ömürlik bolupdyr. Çyn dostlaryň arasynda galplyk, gizlin syr bolmandyr. Şonuň üçin atalarymyz «Çyn dost geňeşde bellidir» diýip aýdypdyrlar. Şondan ugur alynsa, islendik çaganyň hakyky dosty ata-ene bolmalydyr, sebäbi ata-ene ýaly çaganyň begenjine begenjek, gynanjyna gynanjak başga adam bolup bilmez. Şol sebäpli-de ata-babalarymyz perzende ata-enäni iň ýakyn dost hasaplamagy wesýet edipdirler. Ata-ene bilen perzendiň arasynda hiç hili gizlin syr bolmaly däldir. Islendik meselede ata-ene perzendini özüniň iň ýakyn dosty hasaplamalydyr. Ata-enä hezzet-hormat etmegiň esasylarynyň biri-de olaryň şatlygyna şatlanmakdan, gynanjyna gynanmakdan ybaratdyr, ýagny köňül bilen duýgudaşlyk etmelidir. Emma çagalyk ýyllarynda düşünmezlikden, käbir halatlarda ata-ene öňündäki bu borjumyzy berjaý etmeýän wagtlarymyz bolýar. Meselem, ata-enäniň düýpli bir zat üçin çuňňur gynanýan, aladalanýan pursatlarynda özümiziň haýsydyr bir şahsy bähbidimiz üçin toý edýäris, saz-söhbet bi len meşgullanýarys. Şeýle ýagdaýlarda ata-ene biziň şatlygymyzy paýlaşyp ýa-da bize duýgudaşlyk edip bilmeýär. Tersine, biziň şeýle hereketlerimizden olaryň göwni galýar we bizden nägile bolýarlar. Ata-enäniň göwni hoş, şat wagtlarynda perzent olaryň şatlygyna duýgudaşlyk etmese, oňa ters gelýän hereketlere baş goşsa, olaryň göwnüniň galmagyna sebäp bolýar. Milli däplerimizde ogul-gyzyň şeýle etmegi geçilmesiz günäleriň biri hasaplanypdyr. Şonuň üçin ogul-gyz ata-enäniň şatlygyna şatlanmalydyr, gynanjyna gynanmalydyr. Şeýle hereket perzendiň il-gün arasyndaky mertebesiniň belende göterilmegine ýardam edýär. Milli däplerde ata-enäniň wagtynyň çag, janynyň sag bolmagy barada perzendiň alada etmegi esasy borçlaryň biri hasaplanypdyr. Wagty çaglyk belli derejede adamyň saglygyna, uzak ýaşamagyna oňayly täsir edýär. Ata-enäniň näsag bolýan, käbir zatlara çuňňur gynanýan wagtlary bolýar. Şonda perzent olara duýgudaşlyk etmelidir, halyndan habar almalydyr, olary gynandyryjy hereketlerden saklanmalydyr. Ata-babalarymyz «Perzent ata-eneden ätiýaç etmelidir» diýip aýdypdyrlar. Ätiýaç etmek gorkmagy aňlatmaýar. Olara hezzet-hormat etmegi, olary agyrdanyň üçin beriljek jezadan çekinmegi aňladypdyr. Şeýle hem perzent ata‑enäniň halamaýan zatlaryna baş goşmakdan ätiýaç etmelidir, olardan utanmalydyr. Ata-eneden utanylmasa, ätiýaç edilmese, onda maşgalada baş-başdaklygyň ýüze çykmagy ikuçsuzdyr. Baş-başdaklygyň bar ýerinde ulyny-kiçini saýgarmak, edep‑ekram hakynda gürrüň etmek-de kyndyr. Şonuň üçin atalarymyz ata-eneden ätiýaç etmegi perzendiň öňünde borç edip goýupdyrlar. Ata-enäni hormatlaýan her bir perzent ol borjy dogry berjaý etmelidi.

4. Perzendiň ata-ene öňündäki mal (baýlyk) bilen berjaý etmeli borçlary. «Wagzy-Azat» eserinde ogul-gyzyň ata-ene öňündäki mal bilen berjaý etmeli borçlary şu aşakdakylardan ybaratdyr

Ata-enäniň eşiginiň perzendiniňkiden artykmaç, gowy bolmagy;
Ata-enäniň iýmitiniň perzendiniňkiden artykmaç, gowy bolmagy;
Ata-enäniň öňünde duz-tagamy uly hormat bilen goýmak;
Ata-enäniň ýüreginiň küýsän zatlaryny, isleg-arzuwyny kyn görmän berjaý etmek;
Geýmek islän geýimlerini tapyp bermek, olara çykaran çykdajylaryňy, eden hyzmatyňy agzamazlyk;
Mal-baýlygyňy ata-eneden gizläp saklamazlyk, ony olara aýan etmek;
Ata-enäniň gatnaşyk eden, gowy görüşýän dost-ýarlaryny çagyryp, olara hezzet-hormat etmek;
Mümkinçiligi bolan wagtlarynda ata-enäniň dogan‑garyndaşlaryny myhmançylyga çagyryp durmak;
Näsaglan wagtlarynda ata-enäniň saglygyny Alladan dilemek, däri-derman üçin harajady gysganmazlyk;
Ata-enäniň saglygyny, uzak ýaşamagyny dileg edip, sadaka bermek.
Gadymy milli däplerimizde ata-enä özüniňkiden oňat eşikleri geýdirmek ogul-gyz üçin borç diýlip hasaplanypdyr. Şonuň üçin ogul-gyzyň edepliligine ata-enäni geýindirişi bilen baha beripdirler. Özi gowy geýnip, öndürip-ösdüren ata‑enäni ýaramaz geýindiren perzentleri näletläpdirler, ýazgarypdyrlar. Bu zatlary öwrenmegimiziň sebäbi häzirki ýaşlaryň belli bir bölegi ata-baba gelýän oňat däpleri bilmeýär we bilmezlikden hem ata-enä hezzet-hormat etmegiň düzgünlerini bozýar. Diňe bir gowy naharlar bilen naharlamak däl, ogulgyz duz-tagam äbermekde-de, hezzet-hormat etmegiň edep kadalaryny dogry berjaý etmelidir. Ata-ene maşgalabaşy hasaplanýar. Biziň milli däplerimizde duz-tagam taýýar bolanyndan son, ilki bilen ýaşululara äberilýär, olar «bismilla » edeninden soň, ýaşkiçiler nahara el urýarlar. Şonuň ýaly maşgalanyň-da ýaşulusy ata-ene hasaplanýar. Duztagam ilki şolaryň öňünde goýulýar. Nahar äberilende, saçak ýazmagyň, onuň üstünde tagamlary ýerleşdirmegiň, saçagy, gap-çanaklary ýygnamagyň edep kadalaryny oňat bilmek we dogry berjaý etmek perzent üçin derwaýysdyr. Duz-tagam äberilende bolýan islendik nadogry hereket ata-enäniň işdäsine zyýanly täsirini ýetirip biler. Perzent ata-enäniň eline suw akytmagyň, tagamdan soň el ýuwdurmagyň kadalaryny-da dogry berjaý etmelidir. Çagalarynyň milli edep kadalarymyzy dogry berjaý etmegi, özlerine hormat goýmagy ata-enäniň öz perzentlerinden hoşal bolmagyna, olar üçin ýagşy dilegler etmegine getirýär. Iýdirmekde, geýdirmekde ata-eneden zat gysganmaly däldir, sabäbi olar seniň aslyňdyr.

Perzent ata-enäniň öňünde mydama bergidardyr. Ata-ene perzent üçin öz ömrüniň iň oňat döwrüni bagyş edýär, olara öz mährini siňdirýär. Eden ýagşylygyňy diliňe almak – muňa milli däplerde minnet etmek diýlip düşünilýär. Ata-babalarymyz minnetli aşy zäher bilen deňeşdiripdirier. Çyn ýürekden ata-enä hezzethormat edýän ogul-gyz hiç wagt olara eden hyzmatyny, çykaran çykdajysyny diline almaly däldir. Ata-enä edilen hezzet‑hormaty, çykarylan çykdajyny dile almanyňda-da, olaryň özleri we il-gün biler. Gadymy wagtda bir adam her gün dükandan üç sany çörek satyn alýar eken. Ol munuň sebäbini şeýle düşündirýär: «Çörekleriň birini bergime berýän, birini özüm iýýän, üçünjisini bolsa karzyna berýän». Onuň bergisine berýäni ene-atasy, karzyna berýäni bolsa perzentleri. Ene-ataň seni wagtynda ekläp-saklan bolsa, sen hem öz gezegiňde ony eklemeli. Adamzat dostsuz ýaşap bilmez. Her bir şahsyýetiň birnäçe dosty bolup biler. Mekdepde okaýan oglanlaryň-da, gyzlaryň- da her haýsysynyň birnäçe dostunyň, jorasynyň bolmagy mümkindir. Ol dostlugyň käbiri mekdep ýyllaryndan soň hem uzak wagtlap ýa-da ömürlik dowam etdirilýär. Özüňizde bolşy ýaly, ata-eneleriň-de gowy görüşýän, ysnyşykly gatnaşyk edýän dostlary, joralary bolýar. Ata‑ene gojalyp, tapdan düşeninde-de, aradan çykanynda-da, olaryň dostlary bilen gatnaşygy dowam etdirmegi milli däplerimizde ogul-gyzyň öňünde borç edilip goýlupdyr. Ata‑enelerimiziň gowy görüşýän dostlary bilen aragatnaşygy dowam etdirmek olara uly hormat goýmagymyzyň alamatydyr. Şonuň üçin mümkinçiligi bolan halatlarynda ata‑enelerimiziň dost‑ýarlary çagyrylyp, olara hezzet-hormat edilip durulmalydyr. Ondan öz ata-enelerimiziň göwni hoşal bolar.

Umuman, ata-enesi barka perzent 40–50 ýaşasada, özüni çaga ýaly duýýar. Dünýä gözüňe ala-ýaz bolup görünýär. Elbetde, tebigatyň öz kada-kanuny bar. Perzent üçin ata‑ene mydamalyk berilmändir. Olar dünýäden ötensoň, özüňi birden garran, durmuşyň ähli aladalary başyňa düşen ýaly duýýarsyň. Köplenç, «Wah, kakam-ejem diri bolan bolsady, olary elimde götärdim» diýip, ahmyr edýän adamlara gabat gelmek bolýar. Şonuň üçin soň ahmyr etmez ýaly, olar araňyzda ýaşap ýörkä gadyryny bilmeli. Olar aradan çykansoň, dogan-garyndaşlar bilen belli günlerini belläp, olary ýagşylykda ýatlap durmak perzent üçin iň mukaddes borçdur.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir