Çaga diýeniň düwmeli bolsa gowy, gudurap azar berse düwmesine basyp öçürer ýaly…

***

Men haýal ýazýan, sebäbi seniň çalt okap bilmeýändigiňi bilýän.

***

— Naharyň gyzgyndygyny!

— Aý, howwa, gyzgyndyr. Sebäbi otda bişdi-dä…

***

Kelläme papak geýsem owadan bolýan-aý, gözüme äýnek dakynsam-a hasam owadan bolýan. Ýüzüme şarf daňynaýsam dagy tanar ýaly bolamok. Aý, garaz, ýüzüm görünmedigiçe owadan bolýan-da…

***

— Ufff, ýene Pariže gidesim gelýär!

— Näme öň Pariže gitdiňmi?

— Ýok-la, öňem gidesim geldi-dä…

***

Pizzany döreden adam geometriýadan gaty gowy baş çykarýan bolmaly. Sebäbi ony tegelek edip, üçburç kesip, dörtburç gaba salmak kimiň kellesine gelsin?!

***

— Haýsy syçan iki aýakda ýöreýär?

— Bilemok.

— Mikki Maus. A haýsy ördek iki aýakda ýöreýär?

— Donald.

— Akmak, hemme ördegem iki aýakda ýöreýär.

***

— Dost, men seni günde bir gezek görmesem bolanok-da!

— Aý, dost, onda ikimiziňki kyn düşjeg-ow.

— O näme üçin?!

— Sebäbi menem seni görsem bolanok-da!

— Hä?!

***

Haýsy özüni oňarmaýan akmak meň zadymy… wiý, bärde eken-laý…

***

— Oglum, goýnumyz diýenimizi etmändir welin, möjek iýäýipdir.

— Diýenimizi eden bolsa özümiz iýerdik, eje, hä?!

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir