Iýegowanyñ şaýatlary

''Iýegowanyñ şaýatlary'' atly dini sekta 1884-nji ýylda ABŞ-da döreýär. Onuñ döredijisi Çarlz Teýz Rassel (1852-1916) ABŞ-nyñ Pensilwaniýa ştatynda doglan, egin-eşik söwdasy bilen meşgullanan, orta mekdeplerde 2 klas (synp) bilim alan. Ol 16 ýaşynda adwentistleriñ täsirine düşýär we olaryñ taglymatlaryny öwrenýär hem-de goldaýar. Soñra Çarlz Teýz Rassel adwentisleriñ dini taglymatlaryndan ýüz öwrüp özi ''Storojewaýa başnýa'' £urnalyny çap edip başlaýar. Şol döwür ol Injile teswir berip başlaýar we ömrüniñ ahyryna çenli 6 tomdan ybarat Injiliñ teswirini çap edýär. Bellemeli zatlaryñ biri hem, Çarlz Teýz Rassel gadymy iwrit we grek dilini bilmeýändigine garamazdan, Injile teswir beripdir. Injiliñ ilkinji nusgalary iwrit we grek dillerinde ýazylan. Injili Iñlis dilinde dogry terjime edip bilmeýändigi sebäpli, Çarlz Teýz Rassel Injile beren teswirlerinde köp sanly ýalñyşlyklara ýol beren we onuñ esasy doktrinalaryny ýoýan. Çarlz Teýz Rassel Injile nädogry teswir berendigi üçin ABŞ-da kazyýet jogapkärçiligine çekilýär. Kazyýet prosesiniñ dowamynda ol grek dilini bilýändigi barada kasam içýär, emma grek dili boýunça synagdan geçirilende grek harplaryny hem tanamaýandygy aýan bolýar we masgaralanýar. ''Iýegowanyñ şaýatlary'' dini guramanyñ agzalary nädogry dini ýörelgeleri öñe sürýändikleri sebäpli, bu gurama we onuñ agzalary hristiýan däl hasaplanylýar.
Iýegowanyñ şaýatlary'' dini sektasynyñ ikinji ýolbaşçysy Drozel Franklin Ryterford bolan. Ol hünäri boýunça hukukçy bolup sektanyñ birinji ýolbaşçysy Çarlz Teýz Rasseliñ köp sanly kazyýet proseslerinde onuñ aklawjysy bolup çykyş eden.
Rutterford sekta häzirki ''Iýegowanyñ şaýatlary'' adyny berýär we 1927-nji ýylda sektanyñ agzalaryny öýme-öý aýlanyp sektanyñ edebiýatlaryny hem-de taglymatlaryny ýaýratmaklyga borçlandyrýar.
Ruterford dini sekta ýolbaşçylyk eden döwri rehimsizlik bilen guramanyñ içinde döreýän gaýry düşünjeliligi ee guramada döreýän oppozision garaýyşlary ýok etmek ugrunda göreş alyp barýar. Ol sektanyñ agzalaryndan gürrüñsiz sektanyñ ýolbaşçylaryna boýun bolmaklaryny we gurama hyzmat etmeklerini talap edip, berk tertip düzgüni saklamaklyga çagyryp zalymlyk bilen gurama ýolbaşçylyk edipdir. Ol şol döwürler köp kynçylyklara duçar bolýar, ýagny guramanyñ öñki ýolbaşçysy Çarlz Teýz Rassel tarapyndan 1925-nji ýylda ahyrzaman boljakdygy barada öñe süren taglymatlary ýalan bolýar. Çarlz Teýz Rasseliñ dini edebiýatlarynda bellemegine görä 1925-nji ýylda 3 sany pygamberiñ gelmegi we şondan soñ ahyrzamanyñ bolmagy baradady. Ruterford Kaliforniýanyñ günortasynda gelmeklerine garaşylan pygamberler üçin uly köşk gurdurýar, emma soñra bu köşgi ol tomusky residensiýasy hökmünde ulanypdyr. Ruterford gurama ýolbaşçylyk eden döwründe guramanyñ maliýe serişdelerini öz bähbitleri üçin gaýgyrman sarp eden, şeýle-de ol spirtli içgileri içmekligi gowy görüpdir.
''Iýegowanyñ şaýatlary'' dini sektasynyñ 3-nji prezidenti Natan Knorr bolan. Ol ilkinji bolup sektanyñ her agzasyny sektanyñ taglymatlaryny wagyz etmeklige taýýarlamaklyga üns beren. Ozal ''Iýegowanyñ şaýatlary'' dini sektasynyñ agzalary ýanlary bilen gromofon göteripdirler we her baran öýlerinde gramafony işledip onda Rutterforduñ wagyzlaryny goýberipdirler. Indi Knorr sektanyñ her bir agzasyny özbaşdak wagyz etmeklige mejbur edýär.
Knorr ýolbaşçylyk edip başlanyndan soñ ''Iýegowanyñ şaýatlary'' dini sektanyñ edebiýatlary atsyz dine ýolbaşçylyk edýän korporasiýanyñ adyndan çap edilip başlanýar, olardaky makalalarda hiç hili şahsy pikirler görkezilmeýär.
Wagyz işleriniñ gowy gurnalandygy sebäpli Knorryñ ýolbaşçylyk eden döwründe ''Iýegowanyñ şaýatlary'' dini sektanyñ agzalarynyñ sany tiz depgin bilen ösüpdir.
Şol döwürler dini guramanyñ esasy taglymatçysy Fredrik Frans ahyrzamanyñ boljak wagtyny täzeden hasaplaýar. Ol 1975-nji ýylda Ýere Isa Pygamberiñ geljekdigi we 3-nji jahan urşunyñ hemem Ahyrzamanyñ boljakdygy barada sektanyb edebiýatlarynda yzygider çap eden ''Iýegowanyñ şaýatlary'' dini sektasynyñ ýolbaşçylary dörän wagtyndan, ýagny 1870-nji ýyldan bäri 3 gezek Ahyrzamanyñ boljakdygy barada adamlary ynandyrmaklyga çalyşypdyr. Şol sebäpli bu guramanyñ köpsanly agzalary ýalan sözlemekde we töhmet atmakda aýyplanyp kazyýet bolan.
Knorr 1977-nji ýylda aradan çykýar we onuñ ýerini Fredrik Frans eýeleýär. Fredrik Frans şol sektanyñ agzalarynyñ hereketlerini ähli taraplaýyn gözegçilikde saklamak maksady bilen aýrylmaklyk (ýa-da gürleşilmezlik) usulyny işläp düzýär we ''Iýegowanyñ şaýatlary'' guramanyñ işine girizilýär.
Aýrylmaklygyñ näme añladýandygyny düşünmeklik üçin muña düşündiriş bermeklik zerur bolup durýar. Dolandyryjy korporasiýa - bu ýeketäk dogry teokkratiki hökümet hasaplanýar. ''Iýegowanyñ şaýatlary'' guramanyñ aýtmagyna görä Isa Pygamber göze görünmezden 1914-nji ýylda ýere gelipdir we şondan bärem görünmän ýerde bolýar we dini ynançly adamlara höküm etmekligi ''Iýegowanyñ şaýatlary'' guramanyñ dolandyryjy korporasiýasyna ynanýar. Dolandyryjy korporasiýa özlerini Isa pygamberiñ habarçylary hasaplaýarlar. Emma Iýegowanyñ şaýatlarynyñ öz ýurtlarynyñ ýokdugy sebäpli, olar hiç bir ýurtda höküm edip bilenok. Eger olaryñ öz ýurdy bolan bolsa, onda olar ýerde öz rehimsiz kanunlaryny ulanardylar. Bulara bolsa hökümet beýle zatlary etmäge garşy çykýar.
Fransyñ geçiren reformalaryndan soñ ''Guramanyñ birligini'' saklamaklyk guramanyñ iñ esasy wezipeleriniñ birine öwrüldi. Guramanyñ ýolbaşçylary muny saklamaklyk üçin islendik düzgünleri işläp taýýarlamaklyga taýýar, ýagny ''guramanyñ birligi'' olar üçin mykaddesligiñ biri hasaplanylýar.
Iýegowaçylara ýolbaşçylaryndan rugsat almazdan islendik ýygnanşyklary, toparlanşyklary we şuña meñzeşleri geçirmeklik gadagan edilýär. Öz düşünşine görä islendik dini problemmalara teswir bermek we pikirini aýtmaklyk gadagan edilýär. Diñe ylmy makalalara teswir bermeklik bolýar. Şeýle-de sektanyñ agzasynyñ öz pikiriniñ bolmaklygy ''Men şeýle hasaplaýaryn'', ''Men şeýle pikirde'' diýmekligi gadagan edýär. Fransyñ we sektanyñ talabynda guramanyñ ýönekeý wagyz edijileri hökmany suratda aýda 50-70 sagat wagyz etmeli. Sektada ''pioner'' derejesini alanlar aýda 120 sagada çenli wagyz etmeli we hepde-de 2 gezek 2 sagatlyk dini pikirdeşleri bilen okuw sapaklaryny geçmeli edilýär.
Sektanyñ agzalarynyñ geçiren wagyz işleri we okuwlary barada taýýarlaýan hasabatlary guramanyñ baş ofisinde, Bruklinde jemlenilýär. ''Iýegowanyñ şaýatlary'' guramanyñ ýolbaşçylary tarapyndan islendik dünýewi bilimi öwrenmekligi halamaýarlar. Ýagny olar dünýewi bilim agzalarynyñ añyny hapalaýan we Mukaddes ýazgyny öwrenmeklige päsgel berýän hasaplaýarlar.










www.ertir.com arhiwinden alyndy

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir