Adamhorlar hakynda (wampire)

Wampirler, olar kim?
Nädip döräpdirler.
Hakykatdanam olar barmykalar?
Çeper filmlerde we çeper eserlerde olary, ganatly garlawaç, gyzaryp duran gözli, tüññerip duran alyn dişli sypatlandyrylýar. Olar hakykatdanam şeýlemikä?
Adamda bir häsiýet bar, gören zadyny ulaldyp howsala düşmeklik, ine wampirler hakyndaky düşünje hem munuñ aýdyb mysalydyr.
Porfiriýa keselinden ejir çekýän näsaglar wampirleriñ sypatlary bilen gabat gelýärler. Ýöne nähili? Geliñ bu barada agzap geçeliñ.
Porfiriýa sözi ''porphyra'' grek sözünden bolup gyzyl reñk diýen manyny berýär. Olary adamlaryb arasynda tapawutlandyrmak kyn düşmese gerek.
Şeýle keselli adamlar bilen elhenç gara güýçleriñ arasynda hiç hili baglanyşygyñ ýokdugyny ilkinji gezek Lukman Li Illise subut etmek başardypdyr. Ol 1963-nji ýylda Korolyñ lukmançylyk birleşmesinde ''Periferia we oborotenleriñ etiologiýasy'' atly ylmy işi bilen çykyş edipdir. Bu ylmy işinde alym seýrek duş gelýän genetiki keseliñ simptomlaryny we ony halkyñ kabul edişi barada durup geçipdir.
Adamyñ ganyndaky porfirin pigmentiñ mukdary köpelip gemoglobin öýjükleriñ ýumrulmagyna getirýär. Ganyñ düzümindäki gemoglobiniñ beloksyz bölekleri bolan gem bolsa toksik madda öwrülip derasty öýjükleri ýok etmäge girişýär. Nesilden nesle geçýän görnüşde ertrositleriñ öz görnüşini üýtgetmekligi ýüze çykarýar. Porferia keselinden ejir çekýän çagalaryñ, ene-atalarynyñ 25 %-i şeýle keselden ejir çekýärler. Bu keseliñ möwjemegine ganazlyk, awtominoz ýaly näsazlyk hem sebäp bolýar.
Şeýle keselli adamlar bejerilmegiñ ornunda bolsa gara güýçler bilen baglanyşygy bar diýip masgaralaýjy ölüme mynasyp görlüpdir.
Näme üçin?
Sebäbi bu keseliñ simptomlary şeýle düşünjäniñ döremegine getiripdir.
Bu keselden ejir çekýän adamlaryñ ysgyny gaçýar, olaryñ derileri gurap, reñki agarýar. Soñra bolsa goñur reñke öwrülýär. Bedeniñ ähli ýerleri ýaralar bilen örtülýär, keseliñ dowamynda suhojilialaryñ deformirlenmegi ýüze çykyp barmaklaryñ towlanmagyna getirýär.
Halk arasynda meşhur bolan çykyp duran alyn dişler nädip döreýär? Näsagyñ agzynyñ töwereklerindäki deri gurap dodaklary ýygrylýar. Dişler görner derejede agyz açyk duran ýaly bolýar. Keseliñ täsiri netijesinde äñ süñkleri, dişleri deformirlenip ady belli alyn dişleriñ döremegine getirýär. Agyzlaryñ töweregindäki ýaralar, dişiñ gyzyl, goñur reñke öwrülmegi adamy ýañy gan içen ýaly edip görkezýär.
Keseliñ has möwjeýän döwründe näsag güne çykyp bilmeýär. Çünki ol belli bir derejede oñaýsyzlyk döredýär. Şeýdip ol günden gaçyp gizlenýär we diñe gijelerine gezýär.
Proferiýa keseli bilen kesellän näsaglaryñ köpüsi aklyndan azaşýarlar. Olar ''adamyñ ganyny içenleri bilen gutularyn, ganym köpeler'' diýen pikirde bolupdyrlar... Elbetde bu ýalñyş pikir.
Ol keseli bejermek diñe himiýaterapiýany kabul etmek arkaly mümkindigini lukmanlar belläp geçipdirler.
Alymlaryñ barlaglary netijesinde Wampirleriñ nädip döreýändiklerini ýüze çykaryldy. Ýagny bu genetik kesel haçan ýakyn garyndaşlaryñ arasyndaky nika köp bolanda ýüze çykýar.
Adamlaryñ arasynda gorky döredýän wampirizm ýaly keselleriñ ýene köp görnüşleri bar. Meselem lekantropiýa. Bu keselden ejir çekýän näsaglar özlerine oboretendir (möjek guduzy) öýdýärler. Şeýle keselleriñ arasynda gematomania keselem degişlidir.
Şeýle keselleri öwrenmekde Nýu-Ýorkda ýörite Wampire Research Center ady bilen meşhur ylmy gözleg merkezi bolup, şol merkezde zähmet çeken Stefan Kaplan Porfiria we Lekantropia kesellerinden ejir çekýän adamlaryñ köp böleginiñ psihiki taýdan hem ejir çekýändiklerini we hepde-de olara 20-30 gr täze gan gerekdigini belläp geçýär.
Gematoman keseli soñundan ýokuşýan kesel däl-de nesilden-nesle geçýän kesel diýip Kaplan belläp geçýär. Märekede beýle keselli adamlary tapawutlandyrmak kyn däl. Bu keselden ejir çekýän näsaglaryñ endamynyñ reñki ap-ak bolýar we hordurlar olar öz asyl ýaşlaryndan ýaşkiçi görünýärler. Olar hiç haçan arak, çilim we beýleki narkotiki serişdelerini ulanmaýarlar.
Wampirleriñ döreýşi barada bir mifiki rowaýat bar.
Allatagala Adam bilen How enäni ýaradandan soñ, ýerde bulardan goşa-goşadan çaga dünýä inip olaryñ iñ uly ogullarynyñ Abyl bilen Kabylyñ arasynda gurbanlyk zerarly bahylçylyk döräp Kabyl Abylyñ ganyna galýar. Soñra Allatagala Kabyla eden etmişi üçin gargaýar we ol doganlarynyñ arasyndan kowulýar.
Kabyl Gyzyl deñziniñ kenarynda gezip ýörkä Alla tarapyn ýaradylan ilkinji zenan Lilit duşýar. Bu zenan Adam Ata üçin ýaradylan ilkinji zenandy. Emma ol okumyş bolup, gara şeýtany bilimlerinden habardar bolandygy üçin jennetden kowlupdyr. Allatagala bolsa onuñ ýerine How enäni döredipdir. Kabyl şol Lilite öýlenipdir. Ol zenan Kabyla we ondan bolan nesile özüniñ şeýtany bilimlerini miras galdyrypdyr...
Emma Kabyl ýamanlyklaryñ ýaýramagyny islemeýär. Ýöne ol gaharyna bäs gelip bilmän 3 adamyny (Sil, Iraid, Ýenoh) dişleýär. Şeýdip bu nesil has hem köpelip örnäpdirler. Kabyl olaryñ beýle iş etmeklerini göwnemeýär we adamlar bilen wampirleriñ dostlukda ýaşaýan şäherini gurdurýar. Emma bu uzak dowam etmeýär.


Jek Sparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir