Eýledi

Köpükden ýeri ýasap, gögi suwdan eýledi.
Gum alyp ýedi ýerden, Adama jan eýledi.
Adam behiştden kowlup, sebäp şeýtan eýledi,
Üç ýüz ýyllap Adamy, Hak sergezdan eýledi.
Nebis berip Adama işe yhsan eýledi.

Ençe pygamber ötdi, ýalançy pana gelip,
Balyk garnynda ýatdy, Ýunus Haka ýalbaryp,
Abdylminaf gylyçly, ekizleñ ýelmin aýryp,
Şehit gandary gezdi, Kerbelada delmuryp,
Ýusuby zyndan atyp, soñra soltan eýledi.

Süleýman pygamberi, yns-jynsa patşa etdi,
Altmyş üçde Hak Resul, pany dünýeden ötdi,
Ähli musulman bile, hüýru-melek ýas tutdy,
Ebubekr, Omar, Osman din üçin yhlas etdi,
Hezret Alyny bäş gün höküm rowan eýledi.

Pähim et adam ogly, kim bu dünýäni tutdy,
Kimseler zere gyzyp, Hak senany unutdy,
Kimse süýthor bolup, utanç-haýany ýutdy,
Kim halal, kim haramdan, özün ile tanatdy,
Ýürege sygman Hümmet gysga dessan eýledi.



Hümmet Hekim

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir