Men garyp maşgalada doguldym. Garyp bolsagam, ejem öýe gerek zatlary almak üçin niýetlän pulunyň ujundan birneme süýşürerdi-de, mahal-mahal bize ownuk-uşak lýuks zatlar alyp bererdi.
On dört ýaşyma giren pilläm, bir dükanyň witrinasynda, şol güne deňiç gören gyz şlýapalarymyň içinde iň owadanyna gabat geldim. Ýöne ony alara pulum ýokdy. Bu golaýda boljaga-da meňzemeýärdi. Men onuň puluny bir zat edip ýygnaýyýyn diýsemem, entek dörtden birini ýygnap ýetişmänkäm, ol şlýapany satyp göýbererdiler.
Gynandym, özem juda gynandym.
Mendäki ünjüni aňan ejem, bolan zatlary eşideninde, meni islegimiň manysyzdygyna we meniň üçin lýuks bir zatdygyna ynandyrjak, zat etjek bolmady. Gaýtam, tersine bu ýagdaý bilen edil meniň özümçeräk gyzyklandy.
Bir gün maňa:
– Ýeri bolýar, balam! Rast, seniň ol şlýapany gaty alasyň gelýär, menem ony saňa hökman alyp berjek bolaryn. Birki hepde saçagymyzda peýnir, zeýtun bolman ekeni-dä. Sen peýnirsiz-zeýtunsiz etjek şol ertirlikleriňi derrew ýatdan çykararsyň. Emma ol şlýapany şeýle halan bolsaň, ony başyňda görmegiň lezzetini bir ömür unutmarsyň.

Margaret Li Hunbek

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir