ÝAÝLA ÝOLY

Gojaman kent-şäheriniñ göçüşine seredýärdi tebigat. Bahar tebigat bilen birlikde dogan gözellikdi. Turan ili Nowruzy gutlaýardy. Han ýan-ýoldaşy Uly hatyn bilen bilelikde ýaýla tarap göçmäge, ýola çykdylar. Demirgazyga tarap hereket edip ilerlediler. Turan ordasy ýol sapara gidýän ýaly taýýarlykly-zatly bolup ugrapdylar.
Ýol boýy hanlaryny we Uly hatyny, hem onuñ nurana ogluny gorap barýarlar. Gylyçlar gynlaryndan ýary çykyp dur, naýzalar nyşana çenelip duran ýaly, oklar peýkamyñ gerşinde taýýarlyklydy. Urşujylar bilen pillerden ybarat hatarlar hanyñ çar tarapyny gurşap alandy. Çünki hem Eýran bilen hem Çyn-maçyn hemem Hindistan bilen oñuşyksyz ýagdaýdadylar saklar. Aslynda öñler Sak goşunynda pil ýokdy. Ýöne bir şertnama ýaraşygynda Hindiler sowgat hökmünde saklara peşgeş beripdiler. Şol döwürlerde saklaryñ ýaşaýyş-durmuşynda orun alypdy piller. Agyr hereketleri we ululygy bilen haýbatly görnüşleri bardy.
Adat boýunça hereketli çapyjy atlardan ybarat sak goşunyna ters görnüşi berýärdi. Peşeñ han Hatynynyñ ýagdaýy gowlaşyp başyny ýassyga goýanynda ýola çykmagy buýruk berdi. Ogly ýaýlada dogulmandy. Ýöne baharyñ janlanýan günlerinde ýaýlada önüp-ösmelidi.
Ýola çykan wagtlary Ordakentde örän az adam galdyrypdy. Gyşa çenli ýaýlada galanlar, sürüleri we baýlyklary artmalydy. Bu sapar öñki ýyllara görä köp göç hatarlary boldy.
Budun hökmünde nowruzy örän baý, asuda we şadyýan garşylapdylar.
Her nowruz şeýle bolsun diýip doga edýärdiler. Gonup-göçe, dura-bara myýmyk howa hem olar bilendi. Buduna goşulan Han oglunyñ barlygy has hem ýüzüñi aýdyñladýardy.

* * *

Soñunda ýaýlalaryna ulaşyp ýerleşdiler. Peşeñ han we onuñ maşgalasy üçin Ýaýlagyñ ortarasynda beýik otag(5) guruldy. Her ýyl bolşy ýaly han otagyny goramak üçin hemme taýýarlyk görülipdi. Beýleki çadyrlar belli bur düzgünlere görä nebere nobaty bilen han otagyny gurşap alypdy.
Bu ýyl çadyr sany örän köpdi ýaýlakda. Peşeñ han şol gije ýatylýan düşegini göge açylan çadyr gümmeziniñ aşagyna ýazdyrdy. Budun hökmünde tebigatda, çadyrda ýaşamagy her wagt endik etdiripdi.
Göge bagly galandyklaryny erkinlik bilen syzmalydylar saklar. Ýyldyzlary görmelidirler. Öz ýyldyzlarynyñ parlagyny duýmalydylar.
Peşeñ han gije garañkylykda bulutsyz gökýüzüne bakyp küýsän ýyldyzlaryna seretdi. Köşgüñ ýürekgysdyryjy howasyndan, söýen durmuşyna dolanyp gelipdi. Gögüñ goraýjysynyñ örtüginiñ astynda düýşlerine gowuşdy...



(dowamy bar)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir