Gutly bir ülke

Söýdüñmi gözel görüner hemme zat. Birem ýaşaýarkañ söýersiñ ýa-da söýmäge mejbur bolarsyñ. Aslynda ikisi-de şol bir gapa baryp ýeter.
Üstünde ýaşaýarkañ topragy söýersiñ. Ýurt diýersiñ. Soñra oña eýe çykmak üçin ölmeli bolarsyñ. Watan (bar) bolsun diýip janyñy berersiñ. Ana toprak şeýlelikde señki bolar, senem topraga degişli...
Gidenler, göçenler köpdi, belki ýöne welin gelenler, galanlar gidenlerden has köpdi, şeýle birleri bardy bu ýerlerde. Bir soragyñ jogaby gözlenýändir hemişe. Öz özümden soraýan: Hemme zada garamazdan galanlar we ýurtlaryndan aýrylmadyklar has güýçlimi ýogsam terk edip gidenler we täze ýurt edinenler güýçlimi? Jogaby ýokdur bu soragyñ! Zamana we ýere görä üýtgäp durar. Bu ýazylanlar galanlara bagly. Her zada garamazdan ol ýerde galyp ýaşaýanlar bilen baglanyşykly...

* * *

Ýol yzlaryndaky ýodalarda ot bitmez bolupdy. Çünki her başyny galdyryp Güni görmek üçin ösmäge çalyşan otuñ, gülüñ üstünden basylýar, mynjyradylýar...
Käsi ýol yzy, gitdigiçe daralyp gidýärdi. Gelen-gidenler azalan wagty daş-töwerekden otlar ýene ýodalygy ýapyp ösdürmäge synanyşýardy.
Bu nämäni añlatýar?
Ýaşaýyşy yzyna gaýdyp almak üçin dyrjaşmakdyr. Käsi ýol yzy açylyp durar, giñedigiçe giñär durar. Ilki bir aýak yzy ýoly açan. Ilkinji basan, ilkinji ýoly açandy. Eýe çykan hökmünde ady ýazylmalydy bir ýana, ýöne kimdigi hiç bilinmezdi. Oñ yzyndan birnäçe, soñra ýene giden basgylanan aýak yzlary...

* * *

Gün geldi basgylanan aýak yzlar şeýle bir köpeldi welin olara indi nal yzlary hem basgylady. Sürüler geçdi süri, süri. Goýun, geçi, sygyr, at, it yzy üst-üstüne basyldy gitdi. Soñam ullakan tigirli arabalaryñ gatnawyndan soñ ýodalar ýola öwrüldi. Özüniñ kimligini tanapdy.
Ýoda hem ýol bolmak üçin dyrjaşmak gerekdi.


* * *

Ýoda yzy hem sabyr bilen garaşypdy ýol bolmak üçin. Çünki sabyr etmek garaşmak hemme zadyñ başlangyjydy.
Bu ýol uzanyp gidýärdi indi. Kä ýerde düz, kä ýerde ýiteñkirläp. Oña gabat gelen we üstünden geçen ýollar baglaşýardy.
Bir menzil belli bolsa, o ýerde-de ýol bardyr. Çünki ýoly bir açanyñ maksady bir menzile barmakdyr. Menziller bitmez, gutarmaz. Baran bolsañ täze menzil garaşar, ýollar hem soñsuzlyk ýalydyr.

* * *

Çar ýana ýollar uzap gidýärdi Saklaryñ ýurdunda. Ot bitmedik galan ýollar. Ynamdar ýollardy. Bu ýollarda kanun, töre bardy. Ýagy(1), ogry(2), çapawulçy(3) ýokdy, aýak sekmezdi.
Kerwenler, söwda-satyk üçin yzly-yzyna düzülip gidip barýandyrlar. Barmaly menziline barýançalar yrañ atyşar bararlar. Göterip gelýän zatlaryny çaltyrak ýetişdirmek üçin haýdaşyp barýandyrlar. Baýlygyñ, berekediñ yşaratydy.

* * *

Ululy-kiçili gala-şäherler bardy ýollaryñ bir gapdalynda, ýollaryñ baryp direýän ýerlerinde... Ýollar ýa bu şäherleriñ ýakynyndan geçerdi, ýa-da içinden. Beýik diwarlar, minaralar bilen gurşalandy şäher-kentler.
Adamlar galalaryñ içinde öýlerde, daşynda bolsa çadyrlarda ýaşaýardylar. Hany tugy, töresi bolan ülkedi Sak Türkmenleriniñ ülkesi...


* * *

Tur han dünýäni terk edip gidenine ençeme ýyllar geçipdi. Ýurt edip giden topraklaryna adyny galdyryp gidipdi. Bu şeýle bir täsin atlandyrma welin ýadyndan çykarmadyklar üçin Tur hanyñ diýaryna Turan diýilipdi.
Tur han Türkmenleriñ ady bilinen ilkinji beýik hökümdarydy. Bir ýanda Eýrana, bir ýanda Çyn,Maçyna baryp ýetýärdi Turan diýary.

* * *

Yssyk köl...
Reñkini gökden alypdyr...
Täleý-kadaryny göçüp-gonarlardan...
Göçüp-gonarlar ýetmeýän ýaly, göçer guşlara-da mekan bolupdy bu diýar...

* * *
Ýitip ýok bolmazlyk üçin çydam etmez epgek yssylyga garamazdan derýalara gujak açypdy ýüzýyllar. Açmazlary, açarlary, sesleri, sözleri, aýdymlary, bolary-bolmazlary, söýgi-söwdasyny gizläpdir içlerinde. Käşge dili bolsady. Yssykköliñ kenarynda paýtagt...
Ordakent...

* * *

Kent şol gün, begençli habary görmek üçin açdy gözlerini. Tur han ogly Sataş han, onuñ ogly Peşeñ han. Peşeñ hanyñ köşk-saraýynda heýjan doly söýünçli habar çykmalydy. Peşeñ hanyñ bir perzendi bolmalydy.
Şamanlar, ýyldyzlara seredýän palçylar, bir ogulyñ dünýä geljegini habar beripdiler hana.
Saklar bu habaryñ çynlaşmagyna garaşýardylar. Garaşmak añsat däldi.
On aý dolupdy Uly hatynyñ göwreli bolanyna. Peşeñ han garaşmakdan ýaña sabyr-takadyny ýitiren ýalydy. Ýöne perzent hem dogar ýaly däldi. Wagty bilen bolmady.
Halk her gün gözlerini uly alada bilen ýumup açýardy. Kyssaçylar hem dillerde dessan aýdýardylar elbetde. Dogmaly perzent hakynda aýdylýanlar hiç zada peýda berenok, esasy zat dogmaly perzendiñ kynçylyksyz dogmagyny dilemek.
Bu gün şol gündi.

* * *

Soñunda baş otagçy(4) han otagyna uly buýsanç bilen girdi. Ýüzünde şatlyk alamatlary okalýardy ''Gözüñ aýdyñ bolsun hanym. Buşluk bolsun... Bir oglan dogdy. Bir ýigit dogdy, gör bak nähili ýigit. Dünýä ýaradylany bäri beýle baştutan gelenem däldir''.
Şatlyk bilen şuglaly güneşe seretdi Peşeñ han. Ertirden bäri göziñi gamaşdyrýan güne seredip duran Peşeñ han gözüne düşen şekillerden haýyr tapjak bolýardy. Güne minnetdarlyk bildirdi. Soñra başyny göge galdyrdy, Gök tañra minnetdarlyk bildirdi.
Soñra gyssanmaçlyk bilen yzyna dolanyp buşlyk söýünjine garaşýan baş otagça ýönelip barmagyndan almaz daşlar bilen örtülen altyn ýüzügini çykardy we uzatdy. Bu hanyñ görkezen iñ uly yzzat hormatydy. Baş otagçy indi çagalarynyñ we agtyklarynyñ ýanynda öwünmek üçin şeýle bir gymmatly peşgeşi alypdy handan.
Peşeñ han ondan sorady:
ㅡ Hatynymyñ, oglumyñ ýagdaýlary neneñ otagçybaşy?
ㅡ Dogum wagty uzaga çekeni üçin we örän kyn pursatlary geçireni üçin hatynyñyz bir az ýadaw. Häzir dynç alýar. Ýöne ogluñyz..?
Sözüni tamamlaryna garaşmadyk han gyssanmaç sorady:
ㅡ Näme boldy ogluma otagçy başy?
ㅡ Hanym ogluñyzyñ hiç zadam bolanok. ''Dünýä ýaradylany bäri beýle ýigit baştutan dünýä gelen däldir'' diýipdim-ä! Siz ogluñyzy alada etmäñ, men asyl bu ýigidiñ nähili ýaşajagyny, nähili dünýä ýüzünde gezjegi topragyñ ýagdaýny alada edýärin.
ㅡ Şeýle bolsa oglumy görmegim üçin hiç hili kynçylyk ýokdyr.
ㅡ Ýok hanym. Buýruk berseñiz häziriñ özünde getirsinler...
Oglunyñ getirilmegini buýruk berdi Peşeñ han. Salym bermän iki hatyn içere girip gitdi. Ikisi birlikde zordan göterip getirdiler bäbejigi. Bular ýaly bäbejigi öñ hiç kim beýdip göterip getirmändiler. Hatynynyñ göwreliligindenem dogjak bäbejigiñ ulyrak boljagyna-da garaşylýardy; ýöne beýle bir ullakan bolar öýdülip pikir edilmeýärdi;
Bir az wagt geçeninden soñ otagdakylar Uly hatynyñ saglyk ýagdaýyndan birahat bolmaga başladylar.
Ýuwaşlyk bilen bäbejigiñ ýüzündäki örtügi açdylar. Bu owadanlygyñ garşysynda dili tutuldy Peşeñ hanyñ. Ol gyssanmaç şeýle diýdi:
ㅡ Tiz göz monjuklary düzüşdiriñ her ýana. Öýüniñ gapysyna, ýatýan düşegine, egin-eşiklerine dakyşdyryñ. Ýigdime göz degmesin..! ㅡ diýdi.
Ýuwaşlyk bilen oglunyñ ýanyna ýakynlaşdy. Bäbejigiñ gap-gara iki gözleri oña bakýardy. Ap-ak ýüzünde şatlyk alamatlary bardy we iki ýañagyndaky hal ýüzüne gözellik berip durdy. Ýan-ýan goýulan üç sany adaty bäbejikdenem ulyjady. Elini uzatdy kakasyna we barmagyndan tutdy. Bir penjäni ýatladýan barmaklaryndaky güýç Peşeñiñ ünsüni çekýärdi. Ynanar ýaly däldi, döşi gür tüýjagazlardan ýaña döşi ýolbarsyñ döşüne meñzeýärdi.
Tañrynyñ bereni, gutly bolmuş bäbejikdi Peşeñ hanyñ ogly.
Soñra ony öz gujagyna aldy. Göterse-de göterdi welin götermek oña kyn düşdi. Bar güýji bilen ýokary galdyrdy. Soñra ysyny alyp mañlaýyndan öpdi. Soñam yzyna çaga seredýänlere berdi ogluny. Ejesiniñ ýanyna eltmelerini sargady-da şeý diýdi:
ㅡ Uly hatyn oýananda maña habar beriñ. Şular ýaly ogly dogurup beren hatynymyñ alnyndan ogşajak''.ㅡ
Soñra han Tagt kürsüsiniñ ýerleşýän ýerindäki otagdakylary daşary çykardy. Gök Tañrysyna minnetdarlyk üçin alkyş-doga okajakdy. Duran ýerinden ör boýuna dyza çökdi. Hanyñ ruhy agdy-döndi başga ýerlere gitdi.
Atalarynyñ ruhlaryna seslendi. Begenjini olar bilen paýlaşdy. Nesliniñ köpelmegi üçin bu bäbejige kän garaşypdy.

* * *

Saklar, Tur han döwründe sözlerini tutup atlaryny duýdurypdylar. Sak döwletiniñ ilkinji hökümdarydy Tur han. Gündogarda Çyn-maçyn deñizine çenli, günbatarda Kawkazlara uzaýan çäkleri Rum diýaryna çenli hemmeler tanaýardy olary. Birnäçe budunlar ýurtlaryny terk edip göterilip gaçyp gitdiler. Birnäçelerem oña boýun egip
halas bolupdylar. Saklar bady-howa ýele barabar çapyjy atlary bilen öñlerinde päsgelçilik bolsun bolmasyn syryp-süpürip geçýärdiler.
Gündogardan günbatara tarap uly nebere halynda giden ýerlerine medeniýetlerini ýanlary bilen äkitdiler. Uly-uly şäherleri gurupdylar. Samarkant, Taşkent Saklaryñ guran uly söwda merkezi bolan kentleridi.

* * *

Beýleki budunlardan aýrylan belli aýratynlyklary bardy saklaryñ. Töre we kanun eýeleridi olar. Demiri, altyny, kümüşi we başga-da birnäçe gazylyp alynýan baýlyklardan peýdalanýardylar. Çelik polat gylyçlarynyñ at-owazasy ýaýrandy. Göçüp-gonmak aýratynlyklarynyñ ýany bilen baran ýerlerine şäherler gurup gala bina etmäge ökdediler.
Atly kowumlaryñ içinde balak geýen ilkinji budundylar. Uzyn gonçly deri çyzma balak geýýärler, kellelerinde uçly bolup gidýän keçe telpek geýýärdiler. Şol lybaslary bilen olar at üstünde has uzyn we haýbatly görünerdiler.

* * *

Nirä gitseler gitsinler, ata-watanlary bolan Tañry daglaryny welin unutmaýardylar.


TOÝ

Bular ýaly günlerde il sessiz galmaýardy. Toý etmegiñ wagty edil şu wagtdy. Ruhy düşünjelerden uzaklaşan Peşeñ han çöküne düşüp oturan ýerinden çynar ýaly başyny ýerden galdyryp dodaklaryny tipirdedip bir zatlar diýýärdi. Gözleriniñ içinde şatlyk alamatlary şöhle saçýardy. Bu begenjini bolsa garaşyp duran halky bilen paýlaşmalydy.
Turan ili indi ençeme aýlap şu güne garaşypdylar. Gijigen habar üçin halkyñ gözleri han saraýyna seredip, gulak açyp diñläp durdy.
Han ellerini çarpyp içere giren hyzmatkäre ýüzlenip:
ㅡ Halkyma oglumyñ dünýä gelendigini duýduryñ!- diýdi. Hyzmatkärler bolsa:
ㅡ Buýruk handandyr! - diýip hyzmatkär ylgap çykyp gitdi. Şol barmanada daşarda taýýarlykly duran güpürdi peýda boldy. Saraýyñ öñündäki dokuz sany uzyn direge dokuz sany mawy baýdak dakyldy. Eger dogan çaga gyz bolsa ak baýdak dikilýärdi. Sebäbi gyzjagazlara-da erkekler ýaly üns berilerdi.
Sak gyzlary hem erkekler ýaly söweş tälimini alýarlar we gerek bolsa söweşe-de goşulyp gidiberýärdiler, tä durmuşa çykýançalar. Durmuşa çykanlaryndan soñ zenanlaryñ ata münmegi gadagandy. Sebäbi olar gyzlygyndan saýlanan enediler. Şol sebäpdenem Sak gyzlary hemişe giç durmuşa çykardylar. Köpüsi uruşgan erkek käşir gyzlardy, öz ýoldaşlaryny uruşlarda, ýaryşda, gylyç tutmakda we ok atmakda hatda göreşlerde-de tanaýardylar.
Bir az wagtdan soñ ýigit Sak begleri hanyñ huzuryna geldiler. Olaryñ öñünde ýetişen tejribeli han ýoldaşy Weýse beg bolmak bilen Barman, Akrir, Piran we beýleki begler içerik girip ýere dyzyny goýdular. Hanlaryny gutladylar. Hemmesiniñ gözleriniñ içinde şatlyk duýgulary bardy. Peşeñ han olar bilen şatlygyny paýlaşdy. Hem özüniñ hemem Saklaryñ ynamdar adamlarydy bu begler. Bular biri-birlerinden beter gahrymandylar. Iru-giç wagty gelende Peşeñiñ özüne ýoldaş boluşlary ýaly onuñ ogluna-da ilki tälim beriji ussat soñam harby dost we maslahatdaş bolmalydylar.
Hyzmatkärler hana ýene bir myhmanyñ gelendigini habar berdiler...
Halkyñ uly Şamany Tarhun ata gelipdi.

* * *

Bir az wagtdan soñ, özüne gelşip duran lybasy bilen Tarhun ata gapydan içerik girdi. Ordukendiñ binalaryndan daşda bir çadyrda ýaşaýan Tarhun ata hormatlanýan, sylanýan we sözi hanyñ ýanynda-da diñlenýän şamandy. Ýyldyzlara seredip ogly boljagyny hana ilkinji bolup aýdanam şoldy. Bu gün bolsa hany ilkinji gutlanlardan biri boldy.
Tarhun ata köşkde kän eglenip durmady. Diwar bilen gurşalan künjekler hemişe oñ ýüregini gysdyrardy. Gitmänkä bolsa Peşeñ hana şeýle diýdi:
ㅡ Gök Tañrynyñ bereni, keramatly ogul eýesi bolduñ Peşeñ han. Muñ gadyryny bil. Ogluñy gowy edip ýetişdir. Saña bu ogly beren hatyny eziz edip sakla!'' ㅡ
Ol şulary aýdyşdyryp eglenmezden çykyp gitdi.

* * *

Daşarda adamlaryñ ýüzünde şatlyk parlaýardy, bütin Orda kendi şatlyk gurşap aldy. Urşujylar uzakdanam görünsin diýip uçlaryna mawy ýüpek bizler dakylan oklary asmana atdylar. Bir ýandan hem ünsleri çekmek üçin ujy otly peýkam oklaryny atdylar. Deprek kakylyp, nagralar uruldy. Dowulçylar we dessançylar bu habary çar ýana ýaýratmak üçin ýollara düşdiler. Kendiñ her köçesinde şatlyk sesleri eşidilýärdi. Birnäçe günden soñ bu habar Orda kentden çykyp bütin Turan iline ýaýyldy. Beýleki budunlar hem ýakyn günlerde bu habary eşitdiler. Dost bolanlar begenip halat-serpaý, sowgatlar bilen
gutladylar Peşeñ hany. Duşman bolanlar bolsa bir ilçi ugradyp göýbererdiler. Hanyñ begenjini paýlaşmak üçin.

* * *

Agşam düşende gurbanlar kesilip Ordakendiñ asuda ilaty ýakylan beýik şaman odunyñ töwereginde aýlanyşyp hezil etdiler.
Peşeñ han ýüzlerçe ýaby-atlary gurban kesdi. Ýüzlerçe goýunyñ we sygyryñ damakganlaryny akdyrdy. Han begenjini halky bilen paýlaşýardy. Ordakent toý şäherine öwrülipdi. Özüne mynasyp bir toýdy.

* * *

Bu toý ençeme güne çekdi. Gelen her myhman bilen birlikde täzelendi, täzeden başlandy durdy.
Ilçiler we myhmanlar supralaryñ başynda oturan ýerlerinde öñlerine iñ gowy näz-u-nygmatlary, içgileri hödürläp goýdular. Söz sözlemäge adat edinen Sak halky bu toýy ömür ýatlaryndan çykarman gürrüñ etseler gerek.

* * *

Peşeñ han saraýyny diñe gyşlyk hökmünde ulanardy. Bütin göçüp-gonujy asyllylar ýaly gögi görkezmeýän diwarlar arasynda oturmak ýüregini gysdyrýardy. Bu ýerlerde oturmak kyn gelerdi hana.
Uly hatynyñ agyr geçen we uzaga çeken göwreliligi sebäpli geçen bahary we ýazy köşkde garşylapdy.
Ýaýlalary göresi gelýärdi. Gyş tamamlanyp barýardy we täzeden dogduk mekanyna gitmäge gyssanýardy. Şeýtse göge açylan araçy ogly, hemişe gök asmany çadyrda synlap ulanar...



(dowamy bar)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir