Bu meniň natanyş dostym, men ony gowy gorýan oňa duşmadyk gunim dükançydan soraýan
we oňa pul goýyp gaýtýan,gelse bulka beraý şoňa diýip
Adamlaryň.durmyşynda her kimde bir zat bar,meniň durmyşyma aralaşan bu iti men gunde gormesem, ony alada edýan, we ol kimiň itikä, öza eýesiz it däl, öý itlere meňzeş
Bir gun men oňa öýe gelýärkäm bulka alyp berip, garaşyp durdym ol haýdap bulkaň bir bölegin özi iýdi we galan baş sany, (bir tegelek bulkada 6 bölek bulka birleşdirlen)agzyna aldyda bir ýerlere ylgap gitdi, bilesigelijilik gursun, men yuwaşjadan onyň.yzyna duşup gitdim, ol it agzyna bulkany alyp bir howla girip gitdi, menem yzyndan girdim, gorsem size ýalan maňa çyn, bu it 65-70 ýaşan ýaşuly garry goja şol bulkany öňinde goýyp jyňsady
Ol ýaşuly bärsine öwurlip
- Sarymazym geldiňmi, bu bulkany saňa kim berýar, sen her gun şol bir bulka daşaýaň, ýa ogurlyk edýaňmi: - diýip iti bilen gepleşdi
Men
- salam, daýy diýip öýe girdim,
- salam gyzym, siz na keýpinemi
- daýy bu it siziň itiňizmi,
- hawa meniň itim men bu iti kiçi wagty akar suwa gark bolsun diýip zyňanlarynda halas edip öýe getirdim, ana şol ýyldan bari hem meniň bilen bile ýaşaýar,ony name sebapden soradyň
- daýy, diýip oňa  başdan aýak başymdan geçen zady gurruň berdim we dukançy daýy, bulkany doly iýman bir ýerik alyp gitýar diýende ony yzarlamak, bilesigelijilik meni gunume goýmady,Inede görşüňiz.ýaly men barde
- hawa gyzym, men agyr dumewledim, bize seretjek yok, ogul gyzdan hiç kim ýok, öýdakam gaty ir ýogaldy, kawagt goňşylar nahar getirip gitýar, ýone it hem.bolsa bir ogullyk borjyny, bu itim edýar,ynanmarsyňyz ,meniň meýdanym aşagymda boldy, kim seredendir öýtýaň, bu it seretdi, öýde heý hapa yz barmy, ýokdyr, bu it meni ýeke goýanok, öýde çorek bolmansoň ,gunde indi bir aý bari bulka iýýas, ikimiz bölüşip, men onyň getirýän bulkasyn bolyp goýýan oňada ýarsyn berýan, dukanjy ýigde bir ýerimden galsam sagbolsyn aýdyp, bir aýlap beren bulkasynyň pulyny berip gaýtjak, meniň komek garrylyk pulym ýörap dur ,ony alyp öýe iýmit alara mende ýakynym ýok ,men bu iti ibereýinmi: - diýip bu garryja daýy gözine ýaş aýlady
- daýy aglamaň  ,dukança pul bermek gerek dal ,men ol dukana bu iti gormedik gunim ,gelse bulka ber diýip pul goýyp gitýan
- gyzym goý seniň bagtyň Alla açyk etsin
- minnetdar dileglerňize
Men bu daýy bilen hoşlaşyp öýe gaýtdym
Indi men her gun işden boşamda, bu it öňumden ylgap çykýar we ikimiz bile  dukana baryp , ony muny alyp olara baryp geçýan, daýa çaý çorek berip soň,öýe gaýtýan, meni öýe gaýtýan taksilaryma çenlam  ,bu it ugratýar
Indi daýyň ýagdaýy oňat daş çykýar, öz çöregin arkaýyn iýip,içip  bilýar, ýone men olara gowy öwrenişdim, şonda-da gunde sowlyp gaýtmasam, garry adamda ynjalamok

Bu hekaýa däl, şu gunler ýazaýyn diýip ýoren bolan wakam, eger isleseňiz erte bu itiň, men yolda öňumden çykanda,  suratyn hem alyp bilýan

~~~soňy~~

Nowça Alyýewa.

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir