EŞEK SEMRESE...

Watan ynsana Hudaý tarapyndan berlen ýeke-täk mukaddeslikleriň biridir. Halkymyzyň arasyndaky “Watan alynmaýar, Watan berilýär” diýen düşünje hem hut şu ýerden – onuň ylahy peşgeşdiginden gözbaş alýar. Şonuň üçin hem Watanyň bir owuç topragy, bir ýuwdum suwy, bir demlik howasy, dagy-düzi, deňzi, sährasy, mertebesi gözüň göreji ýaly goralýar. Şöhratly taryhymyzdan bilşimiz ýaly, halkymyz ýetmişden gowrak döwleti guran. Milli medeniýeti, däp-dessury, edebiýaty, sungaty bilen dünýäniň ösen siwilizasiýasyna mynasyp goşant goşan. Munuň şeýle bolmagynda şu Watan, onuň mukaddes goragy üçin janyny orta goýan gaýduwsyz gerçekler bar. Türkmene Watany söýmek öwredilmeýär, ol ene süýdi bilen, jan bilen, gan bilen geçýär. Diňe şeýle gerçeklere – gursagynda Watanyň adyny, ruhunda onuň söýgüsini, didesinde nurana keşbini göterýän gerçeklere Watan ogullary diýilýär. Şahyr çemgelene Watan ogly diýilmeýändigini şeýle setirlerde beýan edýär:

“Belki, ýokdur Watanyny
Söýmeýän hem halamaýan,
Bar bolsa-da Watanynyň
Nalan wagty nalamaýan.
Ýöne barybir olaryň
Bary-ýogam duýulmaýar.
Düşün, oglum,
çemgelene
“Watan ogly” diýilmeýär”

Ýokardaky setirler türkmeniň Watan düşünjesiniň gysga beýany. Elbetde, ony näçe uzaltsaň, uzaltmak mümkin. Sebäbi ol türkmeniň taryhy ýaly gadymy hem buýsançly. Ýöne biziň bu ýerde esasy maksadymyz – Watanyna haýynlyk edýän gybatkeş şermendeler hakynda. Watanyň ogla däl, ol ady sürtseňem ýokmajaklar, onuň duzuny iýip, ýüzüne seňrigini ýygyrýanlar hakynda. Has dogrusy, şahyr aýtmyşlaýyn çemgelenler hakynda.

Häzir türkmen halky Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiniň hözirini görüp ýaşaýar. Mähriban halkymyzyň eli uzadan ýerine ýetýär. Paýtagtymyzda, şeýle-de etrap-şäherlerimizde, obalarymyzda ähli amatlyklary döredilen ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, saglyk öýleri, medeniýet öýleri, kitaphanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Elbetde, şeýle eşretler, mümkinçilikler Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mümkin bolýar. Munuň üçin hoşal bolmagyň ýerine, milli Liderimiz barada internetiň üsti bilen ýalan-ýaşryk gybatlary ýaýradyp, parahat oturan halkyň ýüregini bulaýanlaram bar. Halkymyz aýtmaýarmy “Eşek semrese, eýesini deper” diýip. Elbetde, beýle haýynlygam diňe semräp eýesini depýän adam sypatly eşeklerden çykýar. Ýöne gybat gybat bolýar, ýalanyň hakykaty ýeňen ýeri ýok. Bu hemişe-de şeýle bolar. Bu ýerde diňe “sary towuk bolanlary” galýar. Onsoň gybatkeşleriň waý, gününe, waý, halyna, waý, abraýyna. Bu barada Magtymguly Pyragyda şeýle setirler bar:

Ruzy-magşar şikat eder tiliňden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş!
Ömrüň ele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş!

Şygyrda aýdylyşy ýaly, gybat tapsa, saçyndaky bitini iýip mydar edýän gybatkeşleriň özüni tanadany, ile-güne ryswa bolany galdy. Pyragynyň “Ýalan gybat hiç bir dona bürenmez” diýeni boldy.

Gurbanjemal ANNAKOWA.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir