Sen diysem öwrülse garagym tüme..
Tutardym adyňy gaýgyrman gözüm.
Garylsa, Sen diýsem kükregim ýere.
Goýsada urmasyn Mejnun ýüregim.
Şondada adyňy tutaryn mydam.
Söýgimi gowşurman näzik güllere.
Diňe Sen bolardyň ömrüň gunçasy.
Diňe sen bolardyň yşkyň nowçasy.
Şonun üçin bu dünýäde geregim.
Sen diýip ýaşaryn. Ýaşatsa Takdyr.
Ýumaýsam gözlerim bijeli bir gün.
Oň üçin ahmyr däl, Seň üçin ahmyr.
Baglanmasa keç ykbal gursa duzagyn,
ýüregim boş ursa, yşkym tütese.
Meň barlygym bu äleme ne derkar.
Artyklygym bu äleme sygmasa.
Ýöne seň bagtyňa guwansa didäm,
artyk galman. Kem galmasam jahana.
Duýmasa duýmasyn kemligim älem.
Şärik bolsam islemersiň, şonda-da.
Pursat ber, syn kylaýyn azajyk,
bir çetde, orun alan kalbyňda,
bagyn hazan uran, Söygi mülkime.
Pursat ber, Rugsat ber!
Sen azajyk.
Ökünmersiň ökünseňde geçmişe,
Sen diýip elenen daglanan ýürek,
ýazygyndan tapmasada karary.
Aýňalsyn gözýaşlaryň akmasyn.
Şatlyk bilen açylsyn goý çyragy.
Sabyryn bermedik ykbal duzagy,
indi hiç ýykmasyn söýginiň öýün.
Saňa duşjak Bilbil, bilbilleň beýgi.
Has belentden çalsyn Söyginiň sazyn.
Bagt bersin, Tagt bersin Ylaýym,
Zar bolma hiç söýgi bilen şatlyga,
Bagt Sizi gujagyna atarsyn.
Gurşasyn daşyňyz soň gelmez Söygi.
Şatlykdan gözlerde durmasyn ýaşyň.
Hesretden däl, bagtdan aýlansyn başyň.
Iň soňky umydyn sözledi göwün,
Arzuwlar çemenin baglady Saňa!
Dostuň däl, dogan däl, näbelli tanşyň!
Perhat Sabirovv 5 years ago- 👍👍👍👍