Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy öňü­miz­dä­ki dört ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­dä­ki äh­li oba­la­ryň, et­rap­la­ryň we şä­her­le­riň tö­leg­siz Wi­Fi (ge­çi­ri­ji­siz in­ter­net) bi­len üp­jün edil­me­gi ba­ra­da ne­ti­jä gel­di. Mu­nuň üçin 120 mil­li­on ýew­ro ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na ber­ler. Ýer­li hä­ki­mi­ýet­ler bu hyz­mat üçin ge­rek bo­lan soň­ky teh­no­lo­gi­ýa­ny satyn alar­lar. Eger bu tek­lip Ýew­ro­pa Par­la­men­ti ta­ra­pyn­dan hem ka­bul edil­se, her ýur­duň de­giş­li mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan­dan soň­ra şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ge­rek­li pul bö­lü­nip ber­ler. Şeý­le hem Ýew­ro­ko­mis­si­ýa Ýew­ro­pa­da­ky äh­li öý­le­riň 2025-nji ýy­la çen­li azyn­dan se­kunt­da 100 me­ga­bit tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün edil­me­gi­ni we 5G mo­bil ara­gat­na­şy­gynyň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny mak­sat edin­ýär. Ko­mis­si­ýa­nyň baş­ly­gy Žan-Klod Ýun­ker ag­za ýurt­lar­da­ky ýa­şaý­jy­la­ryň is­len­dik döw­let­de mo­bil hyz­mat­la­ry­ny ýe­ke-täk ýurt­da ýa­ly ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek ka­nu­ny taý­ýar­la­ma­gy tek­lip et­di. Mu­nuň üçin «Ýew­ro­pa elekt­ron ara­gat­na­şyk ka­nu­ny» at­ly ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.

Ylym-bi­li­me aý­ra­tyn gol­daw
Okuw mek­dep­le­ri, uni­wer­si­tet­ler we jem­gy­ýe­tiň bäh­bi­di üçin he­re­ket ed­ýän gu­ra­ma­lar üçin yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­niň hem el­ýe­ter­li edil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir