SAWÇY
Hekaýa
Öwez aýaly bilen ýüzüni garaňka tutup, ýat oba sawçylyga gitdi.
– Gyýw, baraňsoň mysapyrsyrap oturmagyn, bolrak geplegin, bolrak – diýip, aýaly Aýnabat ýolda öwüt berdi. – Bu zamanyň adamsy eli ýukaň ýüzüne seretmez, nämeligiňi bildirme-de, aş gatyklaber agzyňda. Senden hasabat sorajak ýok.
Öwez ulagyň roluny eýläk-beýläk aýlap oturyşyna gatyrgandy.
– Han-ow, akyl satma. Beh, nämeligiňi bildirme diýip, niräm kem ilden?
Bardylar. Garşy aldylar. Öý bikesi aýal synçylygy bilen çagyrylmadyk
myhmanlaryň matlabyna düşündi-de, Aýnabat bilen bir otaga, onuň äri Annagylyç bolsa Öwez bilen beýleki otaga geçdiler.
– Çagalar ýetişip ugrady. Bir ýandan öýeribermeli indi. Gudaçylyga çykdyk – diýip, Öwez oturyp-oturmanka habar berdi. Annagylyjyň bu meselede gürrüň edesiniň gelmeýäni kesesinden görnüp durdy.
– Hümm, hä, şeýledir, dogrudyr. Bu zatlar aýallaň işi – diýip, ol sowuk-sala gürrüň etdi. Öwez goldady.
– Hawa, şolaň işi. Erkegiň oňarjak işi däl – diýdi. Öwez garşysynda oturan daýaw pyýadany assyrynlyk bilen içgin synlamaga başlady. “Ýüz-ä ýaman agyr muň. Ýasawy şeýlemikä ýa gudaçylyga gelneni üçinmikä? Nädip gepletmeli muny?”
– Tutly obadan diýdiňmi? – diýip, öý eýesi juda dymyp oturmazlyk üçin gepbaşy sorag berdi.
– Hä, hawa. Tutly oba.
– Näme kär edýän diýdiň?
– Kireýdir biziňki. Senem kireý edýäňmi?
– Öň kireý edýädim. Ulagy satyp, mala öwürdim. Pul malda bar, malda.
– Hawa, kireýem özüňi aldamak-da. Gazananyň ulagyň özüne siňýär. Artdyrýan zadyň ýok.
Öwez bu ýerde zeýrenmeli däldigini duýan dessine başga hörpden gopdy:
– Ýogsa, kireýe galan günümizem ýok. Oňat, Hudaýa şükür! Jandurmazlykdan ediläýýär. Galjaň-da özüm...
Öý eýesiniň beýleräginde duran küldana gözi düşüp, Öweziň çilim çekesi geldi.
– Öýde çilim çekýäňmi?
– Hawa-la. Çekiber. Gaýta maňa-da ber birini.
Çilim otlandylar. Dymdylar.
– Tutly bolanda bi jaryň ilersindäki oba bolýarmy?
– Edil özi. Kimi tanaýaň?
– Äý, ýok, tanaýanym ýok. Baryp gören obam däl. Käte jara balyga giden bolýan. Şonda üstüňizden geçýän. Bi
çaklarda balyga-da el degenok. Öweziň: “Ine, nesip edenden garyndaşlyk açarys welin, baryp görersiň” diýesi geldi. Gürrüňdeşine ýakmaz öýdüp, sesini çykarmady.
– Oh, bir bagşy bolmalydy şol obadan – diýip, Annagylyç bir zatlary ýadyna salyp ugrady.
– Kimkä ol? Dutarda aýdýarmy? Ady?
– Ýok-la, dutar däl, liňk-liňk bagşy. Garsak ýaly keltejik bagşydyr-la. Be-e, ady nämedikä şoň? Häý, indi şoň ady ýadyma düşäýse... Aý, indi bagşyçylyk edýändirem öýdemok. Meň diýýänim irräk döwür. Ýaňy gullukdan
gelen wagtlarymyz bolmaly. Biziň oba toýa gelip, urlup gidipdi. Öz-ä bir garly gündi. Urlup gidipdi? Gar ýagan güni! Toýda. Kelte boýly.
Baý-bo-ow! Muň urlup gitdi diýýän bagşys-a, ine, ýazzy maňlaýynda otyr! Päheý-de welin!.. Öwez-dä şol urlup
giden. Gyşda. Gar ýagyp durka. Toý sowlansoň. Beh, Öwezmikä şol? Başga biri bolmasyn? Bagşy gytmy?.. Aý,
ýok, başga hiç kimem däl. Öweziň şol gezekden başga toýa gidip urlan ýeri ýok. Häý, haramzada!
Şo döwürler Öwez bagşyçylyk ederdi. Toýdan toýa gatnap ýörenliginde, mundan birzatlar çyksa çykardam.
Ýöne kän idäbermediler. Şol garly gün mazaly ýenjilenden soň-a özüniňem toý bilen kän weji bolmady. Göwnüne
baran toýunda “Owadan gelni” aýdyp ber diýip yrsararlar öýtdi. Ýenjilerinden gorkdy. Ätiýaç etdi. Şeýdip bagşyçylyk galyşdy. Annagylyç sag eli bilen tüňňi maňlaýyny owkalap, gözüni ýumup oturyşyna hakydasynyň bir ýerlerinden köne taryhy dörüşdirýärdi.
– Häzir adyny tapsam, hä diýersiň.
“Hä diýäýmen. Asyl diýmen. Tanamok diýerin.”
Şo gezek Öwezi üç bolup urupdylar. Onuň sebäbi häzirem ýadynda. Ilki haýsydyr bir aýdymy aýdyp ber diýip yrsaradylar. Wah, Öwez görgüli aýtjak-la. Näler aýtjak. Ýöne bilenok. Repertuarynda olaň diýýän aýdymy bolmasa nätsin? Onsoň “Owadan gelne” isleg bildirdiler. Bu anyk ýadynda. Öwez bu aýdymy hem bilmeýän eken. Ana, şo-da bahana boldy. “Baý-buww, “Owadan gelni” aýdyp bilmeýän bolsaň sendenem bir bagşy bormy? Bu
bolşuňa nädip ile çykýaň?” diýip, üstüne düblediler, herreldiler. Soňam giçden soň obadan çykan ýerlerinde
saklap, Öweziň oňatja eýini ýetiripdiler. Sazandalaryna,
kömekçisine degmändiler... Şol ýenjilip duran pursatlary Öweziň gözüniň öňünden üç hatar geçdi. Indi bu doňuz şol üçüsiniň haýsyka? Öwez gözüni süzüp, beýnisiniň doňup
giden, ýiteňkirlän öýjüklerini dörüşdirdi. Öňünde oturan ýylçyr kelle pyýadanyň özüni ýenjip duran ýaş ýigit keşbini anyk göz öňüne getirip bilmän kösendi. Üstünden
pylança ýyl geçen wakany seljerer ýaly Öwezde nä huş barmy?
Öweziň bolup oturşyna öý eýesi özüçe düşündi.
– Tanabilmediňmi? – diýdi.
– Aý, ýok, Tutlydan däldir ol, başga obadan bolaýmasa – diýip, Öwez ýalan sözledi. – Ýogsa, men ony tanaýmaly
ahyryn.
– Şeýlemikä ýa? Tutlydanmyka diýýärdim. Äý, bolup biler. Kän wagtam geçdi-dä. Görgüliň günäsem ýokdy welin, bizem bir tüýs zannyýaman-da. Agzyny-burnuny gan ýalan ganjygyňky ýaly edýänçäk, demimizden düşer ýaly däl.
– Beh, gaty zalym ekeniňiz-aý! Günäsi bolmasa dagyn nämüçin beýtdiňiz?
– Sesi zorruk. Aýdym aýdyşyny halamadyk. Ýok, dur, ýalňyşdym, bir aýdym aýdyp ber diýdik welin bilenok
eken. Öz-ä bir halk aýdymy bolmaly. Ady ýada düşse diý...“Seň ýadyňa düşmese-de, meň ýadymda ol. “Owadan gelin” bolmaly.– ...Bar bahanamyz şol. Ýenjip durkak o neresse: “Erkek bolsaňyz, ýeke-ýekä çykalyň” diýdem welin, hany, diňleýän barmy ony? Gaýta öjügip, beter edýäs. Içgiň
etdirýäni-dä, kelle düzüw wagty adama pitik çaljakmy men? Şo gezek oňam ýumruk iýmek nesibesi bardyr-da.
Soň-a ökünip, esli mahal gynanybam gezdim pahyra.
Öweziň hykga damagy doldy. “Şol sebäpsiz, esassyz urup goýberen bagşyňyz-a men diýäýsem näderkä? Diýip bolmaz, diýip bolmaz. Deýýus tanap oturybermesin birden” diýip, ol ýöwsel pikir etdi. Boguk ses bilen:
– Aý, näme, ýaşlyk-da – diýdi.
– Adam ýaş wagty gaty guduz bolar ekeni. Ýeri, bagşy bilen näme işiň bar? Häk... – diýip, Annagylyç kesesinden ökünýän ýaly gürledi.
Öwez onuň ökünjine ynanmady. Başga wagt, başga ýagdaý bolanlygynda ynansa, ynanardam. Ýöne edil şu
wagt onuň köňlüne bilniksiz rehimsizlik aralaşdy-da, nähilidir bir ar almak duýgusy peýda boldy. Niçe ýyllar mundan ozalky oglan kemsitmeleriniň ahmyryndan çykasy
geldi. Bu oturanyň beýleki şepelerinem tapaga-da, ömür içlerinden çykmaz ýaly, içikdiräýsem diýdi. Şo-ol birmahalky “Erkek bolsaňyz, ýeke-ýekä çykalyň” diýen
sözüni häzirem gaýtalasy geldi. Köýüp ýatan ary Öwezi ber-başagaý etdi. Ýogsa, ählisi ýatdan çykypdy. Unudylypdy. Adamyň ýasawy gaty täsin. Ol geçen ýyllaryň säwliklerini el bilen düzedäýsem diýýär. Yzda galan günleriniň gowuz ýerini soň ýadyna düşen pillesi doldurjak bolýar. Bolmaz-a. Ýaşyňdan habar al, Öwez, ýaşyňdan! Ogluňy öýerjek bolup ýörsüň, özüňem gudaçylyga geldiň! Ar aljak kişiňem, ynha, çat maňlaýyňda gözüni mölerdip otyr, özem nesibe çekse, gudaň bolmaly!.. Bolaýarmyka? Indi şu giň dünýede gel-gel, ala-böle şu
oturan deýýus bilen, nähak ýere göwnüňde arman goýan haramzada bilen guda bolmalymy? Bolaýmaz şol-a!
Bir-birine höwessiz gep atyşyp, ýene biraz oturdylar.
Aýnabadam kän eglenmedi. Turdular. Öý eýeleri köne däbe eýerip, myhmanlary ýola saldylar.
– Erbet ýerler-ä däldir. Eneş salgy beripdir. Ýöne sorap-idemeli bor – diýip, öý bikesi sawçylaryň ulagynyň
yzyndan seredip durşuna ärine habar gatdy. Onuň pikirini biljek boldy.
Annagylyç ýüzüni küşşerdip, parhsyz gürledi:
– Garyşyp-gatyşyp gider öýtseň, daşyny dola-da berip goýber.
Ýola düşenlerinden Aýnabat saçagyny sermeleşdirip oturşyna dylym-dylym etdi:
– Sorap-idäris diýdiler. Göwneşäýjek ýaly öz-ä. Göwnär ýaly etdim-dä.
Öwez ýasama dabara bilen:
– Oňarypsyň – diýdi. – Bolmanda-da bulaň göwnejegi belli. Ýöne, ine, biz göwnärismi, şo belli däl.
Aýnabat joşgunly gürledi:
– Göwnäris. Esasy zat ogluň halasyn gyzlaryny. Birem galyňy ýeňil bolsun diý. Agyr salsa nätjek? Ilden çykmasa kaýyl men.
– Doly bilip-bilmän düwünçegiňi düwüberýäň-aý. Howlugyp edilýän iş däl. Entek sora-ide, gör, bil. Pylan zat diýme.
– Howlugýan barmy, gyz? Howlugaňda-da edip biljek zadyň ýok. Entek jemlenmeli. Häh-mäh edäýer ýaly, hany, arta-süýşe zadyň barmy? Ýöne tamdyr gyzanda ýap diýjek bolýan.
– Onda birbada goý muny.
– Ä?
– Birbada goý diýýän şuny. Ätiýaçda goý. Başgasyny gözle.
Aýnabat geňirgenme gatyşykly gorky bilen:
– O nähili ätiýaç? Dur, gyýw, masgara! Biri bilen arany açman, başga ýere barsaň... Ätiýajyň näme, gyz?.. Waý, sen-ä muny kinodaky ýaly edip barýaň – diýdi.
Aýalynyň haýsy kinony göz öňünde tutýandygyny ýadyna saljak bolup, Öwez gözüni süzdi.
– Ýok, sen nämüçin göwnemejek bolýaň? Şony aýt maňa – diýip Aýnabat halys ynjalykdan gaçyp sorady.
– Birinjiden-ä ara uzak. Soňam gatnaşmaly ýeriň. Aňsat düşmez...
– Meň nä atam öýüm ýakynmy? – diýip, Aýnabat äriniň sözüni böldi.
– Dur, how, dur-a bir. Diňl-ä ilki meni.
– Diňleýän. Ýöne uzak diýýäniň hasap däl. Onyň bahana.
– A bor onda. Mensiz çözüp bilýän bolsaň, meni nämüçin äkidýäň? Bar git-de, guda bol, sähediňi belle-de,
galyňyny geçir.
Äriniň gep uruş äheňi ýaramasa-da, Aýnabat sabyr etdi.
– Onsoň? – diýdi?
– Näme onsoň?
– Ara uzak diýdiň-ä ýaňy. Bar bahanaň şomy?
– Dogrymy aýdaýynmy, Aýnabat? – diýip, Öwez ýalan sözledi: – Men esasan kakasyny halamadym.
Aýnabat üşerildi.
– Nämesini halamadyň? – diýip anyk jogaba garaşdy.
– Nädip düşündirsemkäm indi saňa?.. Bilýäňmi, käbir adamy halys aňryň alanok. Saňa ýagşydan-ýamandan hiç
zadam eden däldir welin, şonda-da ýigrenýänsiň şony. Hiiç iniň söýýän däldir. Görmeseň, gowudyr. Daş duranyňy kem görmersiň. Çagasynda günä-de ýokdur welin, atasyny
ýigrenseň, nädip gelin edinjek? Bilýän, “Oň bilen ogluň ýaşaşmaly” diýersiň. Ýenäniň ýenesi bar diýen ýaly, şo ýylçyr kelle doňuz kakasy boljak bolsa... Aýnabat, meň ýüregim bir erbetligi syzýar. Birbada goýaly şuny. Oýunjak iş däl bi.
Nije ýyllaryň dowamynda äriniň agzyndan bular ýaly çynlakaý gürrüňi ilkinji gezek eşidýändigi üçin Aýnabady nämälim gorky basdy. Ärine şunça beledem bolsa, ýagdaýy doly syzmaga onuň aýal duýgurlygy ejiz geldi. Dile getiräýmeli sowallaryň telimsini ýuwdup oturşyna ol:
– Waý, bilmedim men-ä. Sen menem gorkuzýaň şular ýaly gürrüňler bilen – diýip, howatyrly seslendi. Uludan
dem aldy. Dem alşynda düşnüksiz gam bilen argynlyk bardy.
– Galanam näme, kim maňlaýyna ýazylan bolsa, şo bor-da. Ikimiziň edip biljek zadymyz bolmaz – diýip, Öwez
Aýnabada göwünlik bermek üçin aýtdy.
– Hawa, maňlaýyna ýazylany. Dogry aýdýaň.
Öweziň aýalyna ýüregi awady. Şular ýaly meselede özi bilen kejeleşip durman ylalaşýandygy üçin Aýnabada
minnetdar boldy. Köňli welin kanagat tapmady. Bikarar boldy. Öz ýanyndan uruş yglan etdi. “Senjagaz, ýylçyr
kelle, duruber bakaly, ojagaz edeniňi ýerine salaryn entek” diýip, şol ýenjilen gezegindäki ýaly Annagylyja gaýybana haýbat atdy. Jara balyk tutmaga baran wagty üstüni basyp,
gürpbasdy etmek hyýalyna mündi. Gypynç etmedi. Arman çekdi. Pylança ýyl bäri köýüp ýatan aryny wagtynda ýerine salmandygy üçin özüni kötekledi. Alaçsyzlygyna içi ýandy,
agysy tutdy. Öýüne baransoňam ynjalmady. Daş çykdy. Çil ýakada
çommalyp oturşyna ala-burugsy bolup çilim çekdi. “Owadan gelin” agyr aýdymmyka? Kynmyka? Öwez nämüçin öwrenmedikä? Şindiki bagşylar aýdyp ýör-ä. Äý, ýok, gep aýdymda däl, “Owadan gelni” aýdyp berenem bolsa, Öwez şol gün ýenjilerdi. Aýdym häki bir bahana. Bir ýerlerden göz agyrysy ýaly tapylyp, çaga pişik geldi-de, myrlap, gaharly oturan hojaýynynyň aýagyna süýkenmäge başlady. Öwez poslan kepje bilen ony urup, seňseletdi-de, turup hol beýleräkde oturdy. Çala demi gelip-gidip duran pişige seredip “Kepje o diýen gowy
degmedi. Ykjam degen bolsa, bir uramda ölerdi” diýip oýlandy. Onda pişiklere garşy myrtar ýigrenç bardy.
Öwez sandyr-sandyr edip, ýene çilim otlandy. Ýene Annagylyç ýadyna düşdi. “Çilimem diläp çekýär deýýus”
diýip, eşdiler-eşdilmez hüňürdedi.
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Fewral, 2013. Mary.
SAWÇY hekaýa
-
Perhat Sabirovv
5 years ago
- Dowamy bolsa yaman bolmazdy
-
Gürgençli
5 years ago
- Dowamy ýok, hekaýa şeýle gutarýa
-
Berdi T
5 years ago
- Gaty geň sag bol awtor ýetireniňe
-
Smurfetta
5 years ago
- Name ucin hekayany doly jemleman yazyanyz? Pikir jemlenenok kulminasia yok
-
Smurfetta
5 years ago
- Bar bolsada birhili gaty gowshak
ETIKA 5 years ago- Dowamy yokmy seyle gutaryamyka