Soňky wagtlarda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde, gündelik durmuşda ähli adamlara peýdaly bolup biljek, olaryň işlerini ýeňilleşdirjek “online” hyzmatlary okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

1. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan hödürlenýän “Internet-bank” hyzmaty

Bu barada birnäçe makalalarymyzda agzap geçipdik. Gysgaça aýdylanda, “Internet-bank” hyzmaty bank kartlaryna baglanan bolup, islendik internete çykyşy bolan kompýuterlerden, ykjam enjamlaryndan karzy üzmek, aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri ýerine ýetirip bolýar.

Habar berişimiz ýaly, “Rysgal” PTB tarapyndan telekeçiler we edaralar üçin ýakynda “Internet-bank” hyzmaty işe girizilmegi meýilleşdirilýär. 

2. “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň hödürleýän şahsy otag hyzmaty

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň resmi web saýtynda her müşderi öz şahsy otagyna girip, AŞTU tarapyndan hödürlenýän internet, öý telefony, IPTV ulgamlarynyň hasabyny görüp biler. Şeýle hem, ýaňy ýakynda şahsy otagda bank karty arkaly “online” töleg tölemek mümkinçiligi döredildi, ýagny islendik adam bank kartynyň kömegi bilen, internet arkaly şahsy otagyndan ady agzalan hyzmatlara töleg edip biler.

3. “Türkmenhowaýollary”-nyň web saýtyndan uçuş petegini satyn almak

Gysga wagtyň içinde meşhurlyga eýe bolan, “Türkmenhowaýollary”-nyň resmi web saýtyndan “online” görnüşde uçuş peteklerini satyn alyp bolýar. Bu barada hem makalalarymyzda ýazypdyk.

4. “Türkmendemirýollary” agentliginiň web saýtyndan otly petegini satyn almak

Ýaňy ýakynda işe girizilen bu hyzmat arkaly oturan ýeriňizden otlylar üçin petek satyn alyp bolýar. Bu hyzmatyň ykjam enjamlar üçin görnüşi hem bardyr. Resmi saýtda otlylaryň gatnaw tertibini, kassalaryň ýerleşýän ýerlerini hem görmek bolýar. Bu boýunça giňişleýin makala hem ýazypdyk.

5. Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzilinden awtobus peteklerini satyn almak

Awtomenziliň resmi saýtyndan welaýatara we şäherara gatnaýan awtobuslaryň peteklerini “online” görnüşde satyn almak bolýar. Agzap geçilmeli aýratynlyklaryň ýene-de biri – petek satyn alnanda awtobusdaky ýeri hem saýlap bolýanlygy, ýagny ýolagçy hem petek, hem oturjak ýerini internet arkaly satyn alyp bilýär.

6. “Tmcell töleg” ykjam telefonlar üçin programma üpjünçiligi

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we “Altyn asyr” ÝGPJ-niň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan ykjam programma üpjünçilginiň kömegi bilen TMCELL hasabyna, “Türkmentelekom” EAK-yň internet hasabyna bank kart arkaly töleg geçirip bolýar. Bu barada şu makalada agzap geçipdik.

Şeýle hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň raýatlaryna amatlylyk döredýär. Adamlaryň kassa barmak, nobata durmak zerurlygy aradan aýrylýar, wagtlary tygşytlanýar, işleri ýeňilleşýär. Biz hem öz gezegimizde şeýle tehnologiki täzelikleri okyjylarymyz bilen paýlaşyp durarys.

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Täzelikler, bank tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir