- Men gürrüň bereýin, Gulak goý senem. Hiç haçan adymy Tutmazdy enem. Köçelerde oýnap, oýnap günuzyn. Gelemde diýerdi: Açsyñ sen, guzym! “Köşegim” diýerdi, diýerdi “iner”, Diliňize gurban Bolsaň eneler! -Eje! – diýenimde, Diýerdi “jana!” Nan salyp, okuwçy, Mata bukjama, Meni ýatymlyga ugradýan dek ol Diýerdi “sag git-de, sag-amanja gel!” Fronta ugraljak Şol agyr günem, Meniň öz adymy tutmady enem . Goşhaltama salyp Tapan tupanyn, Gördüm eli bilen ýüzün ýapanyn.. “Mert bol, eje”.. – diýip, Yzyn ýuwutdym, Çaga däl – on ýedi ýaşan ýigitdim. Bu söze has beter Bozuldy käbäm: “Seni öýeribem bilmedim, balam”. Ol maňa bakýardy, Göýä ýazykly, Bu bakyş hem agyr hemem näzikdi. Men turdum... enem hem Des-deň dikeldi, Gujaklanda bir dem demi tükendi. Beýik hesret bilen Birsellem dymdy, Syrylan kelläme Gözýaşy damdy. -Nowbahar perzendim, nowça çynarym! Diýip, bir ah çekdi – yrandy tärim. Meň boýnuma bukaw Boldy goşary, Badaşan dek bolup çykdyk daşary. Uruşdyr. Kim galar, Kimlerem öler. Agram bolsa size düşýär eneler! Moskwaň düýbünde, gazaply gyşda, Bir ölüp dirildim Agyr söweşde. Gardan kepen ýapylypdyr üstüme, Dört sagatdan gelipdirin essime, Gözüm açypdyryn, gijäniň ýary, Otyr başujumda halatly biri. Bir zat diýjek boldum –gurapdyr dilim, Bolsa-da namartlyk etmändir ölüm... Begendim: Ellerim Bitindi bitin! A, sag aýak saralgydy büs-bütin. Ýazmalymy, ýokmy – bolan zat hakda, Zäherli ok galan eken uýlukda. Aýagy kesjekler, bu belli eýýäm, Bir ýazaýyn, birem ýazmaýyn diýýän. Ýüregimde arman, gözlerimde nem, Muny hat-habarsyz duýupdyr enem! Özümden öňürti ýazypdyr käbäm: “Düýşümde bir dişim gopdy-la, balam. Sen bolsa şeýle şat bir gülýämişiň, Jan ogul, ne güne uçrady başyň?!” Men gürrüň bereýin, gulak goý, senem: Öýe gelsem eýýäm... ýok eken enem. Öýde dyzym epmän ýanyna gitdim, Çaga däl, on sekiz ýaşly ýigitdim. Bardym mazarlyga pişegmi süýräp, Süýndüm guburyna maňlaýy diräp. Başujuny saklap, ýatdym günuzyn, Seslenen bolmady: “Sen açsyň, guzym”. A men tebsiräpdim hem örän açdym, Sebäp, ejem ýaşdy, özümem ýaşdym...

Perhat Sabirow
+99364177934

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir