“Çendir“ adynyň gelip çykyşy barada halk arasynda dürli rowaýatlar bar. Herhal olaryň hakykata has golaýy ine, şu bolsa gerek.

Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwürlerinde Eýran şasy şahyry ýanyna çagyryp, köp baýlyklary wada edip, şahyra köşkde galmagy, köşk şahyry bolmagy teklip edipdir. Watansöýer şahyr bu teklipden ýüz öwürýär we watanyna dolanýar. Eýran şasy şahyryň yzyndan töwellaçylary iberýär, emma şahyr öz diýeninden dönmejegini aýdýar.

Şahyr türkmen topragyna aralaşýar. Şahyryň yzyndan ýeten töwellaçylar: ”Şahyr şu ýeri hem bir çendir, sen yzyňa dolanaý!” diýýärler. Emma beýik şahyrymyz asla Watanyndan ýüz öwürmejekdigini aýdyp öz obasyna tarap ýoluny dowam etdirýär. Şundan bäri bu Eýran bilen serhetde ýerleşýän jülge hem, jülgede mesgen tutan oba hem Çendir adyny göterýär.

Biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärlikler bu jülgede adamlaryň has irki döwürlerden bäri ýaşap gelendiklerini subut edýär. Bezegli deredäki gowagyň diwaryna, gowakdaky daşlaryň ýüzüne çekilen suratlar bu gowakda ilkidurmuş adamlarynyň ýaşandygyny subut edýär. Sebäbi, Çendir jülgesinde süýji suwly çeşmeleriň bolmagy, obanyň maýyl bolmagy, gowaklaryň bolmagy, ýabany bitýän miweleriň, awyň bolmagy gadymy adamlaryň bu ýerlerde ýaşamagy üçin amatly şertler döredipdirler.

Bu gowakdaky ilkidurmuş adamlarynyň çeken suratlaryny öwrenen alym Muhammet Geldiýew nagyşlaryň biziň eýýamymyzdan ozalky IV-V müňýyllyklarda peýda bolandygyny tassyklaýar we şol döwürde ýaşan adamlaryň öz ruhy ýollarynyň pelsepelerini, dünýägaraýyşlaryny gowagyň diwaryna gyzyl boýag bilen çekendiklerini aňladýar. Bu ýadygärlikleri 1929-njy ýylda belli alymlar Poseluýewskiý, Masson dagy hem öwrenipdirler. Alym M.Geldiýewiň tassyklamagyna görä bezegli deredäki gowak suratlaryndaky şekiller üçin Bezegli dere daş heýkeller toplumynda, Änew medeniýetiniň keramiki gaplarynda, gadymy Merwde, gelin-gyzlaryň nagyşlarynda, ýewropa medeniýetinde duş gelýär.

Gyzylymam we Ýartygala obalarynyň golaýyndaky ýerden 4-5 metr saýlanýan daş ýadygärlikleri olardaky belgiler hem şu günlere gelip ýetipdir we alymlar tarapyndan uly ähmiýetli taryhy ýadygärlik hökmünde öwrenilýär. Kem-kemden bu jülgede ekerançylyk, has soňky döwürde bagbançylyk ýüze çykýar. Dag çeşmelerinden diňe ýazyna akýan suwlary esasan däneli ekinleri ekmek üçin ulanypdyrlar. Dag jülgeleriniň mümkin bolan ähli ýerlerinde diýen ýaly ekin ekipdirler. Muny bolsa uly ussatlyk bilen çekilen ýaplar subut edýär. Bagbançylygy Çendir jülgesinde ilkinji bolup ýola goýan Baýmämmet Arap diýen adam hasaplanýar. Bu zähmetsöýer adam üzümiň “Rişbaba” görnüşini Eýrandan getirip ekýär. Uly yhlas bilen ideg edýär, uly kynçylyk bilen Çendir derýasyndan akýan suwdan baglary suwarýar. Bu daýhan bagyna edil çaga sereden ýaly yhlas bilen ideg edipdir. Ýiti synçy bolan Baýmämmet aga agaçlaryň hem edil adamlar ýaly syzgyrdygyny aýdýar eken. Ol ýaş nahallary owlak-guzynyň sesinden ürkýändigini gürrüň berýän eken.

Baýmämmet aga üzümiň nahallaryny köpeldip, uly bag ösdürip ýetişdirýär. Her agajyň töwereginde uly çukur gazyp olary gyşyna ýagýan gardan doldurýar. Bu bolsa uzak wagtlap agaçlara yzgar berip, ýagynsyz hem tomus aýlarynda guraman galmagyna ýardam berýär eken. Keýikgodana obasynyň ýaşaýjysy Akmämmet aga hem Baýmämmet Arapdan üzüm nahallaryny satyn alyp uly hupbatlar görüp bag ösdürip ýetişdirýär. Ol arkasy bilen meşikde nahallara suw daşap, haltada ders daşap uly bagy kemala getirýär. Baýmämmet aga bagynyň kömegi bilen baý bolýar. Baýmämmet Arabyň we Akmämmet aganyň eken baglary häzir hem ösüp otyr. Bu baglar diýseň tagamly, üzüm hasyly bilen bütin Balkana bellidir.

Bu jülgede mesgen tutan gadymy adamlar kem-kemden ekerançylygy we maldarçylygy öwrenýärler. Şonuň bilen baglylykda olaryň ýaşaýşy hem özgerýär. Adamlaryň ýazyna we tomsuna suwarymly ýerlere göçüp baryp dürli ekinler ekýärler. Gyşyna bolsa çeşmeleriň golaýyna otlaryň has köp ýeri bolan dag eteklerine göçýärler. Çendir jülgesiniň gaýtalanmajak tebigy dünýäsi, tämiz howasy, baý haýwanat we ösümlik dünýäsi bar. Bu ýerlerde bitýän ösümlikleriň köpüsiniň dermanlyk häsiýeti bar. Jülgede ýaşaýan adamlar myhmansöýerligi, göwnaçyklylygy we zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýarlar. Bu ýerde ýaşap geçen belli şahsyýetleriň hatarynda Sapar pälwany, Baýmämmet Araby, Akmämmet agany, Durdy şahyry, Harow batyry, Mollaguwanjy görkezmek bolar.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir