Koz dey gyzyl koynekli. Koz dey yaldyrap dur alyp janymy, Egnindaki bagul renkli koynegi. Koynegi de bagul ozu de bagul, Mahrem yuzi arzuwlarymyn gaymagy. Yanaklary misli dandan shapagy, Leblerinde buldurayar ballary. Bakyshlary janym alar mun kerem, Gujagynda achylypdyr gulleri. Gozel shahym gechgil kashyk ganymy, Sana yuregimde aytjak sozum bar. Bendi eylap meni gozel gorkune, Jadylapdyr syrly bakan gozun yar. Alyslarda goyup seni dilberim, Yalnyzlygyn cheken wagtym azabyn. Sen suratyn berer mana hemayat, Gulak goyup dinle yurek owazym. Shonda beyan bolar yurek duygylam, Bolup teshne yarym gozel royuna, Duyup soygin humar bolsam bir pursat, Guller doksem senin yoran yoluna. Gorkun uchin nache yazsam az yaly, Sachyn yeke tary mun roman bolar. Baksam sana yalnyz dunyam yaz yaly, Sen sozlerin men uchin perman bolar.

Köneler, Lider tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir