Hemmesine degjek däl
Bar bir ýarym ýagşylary
Ýöne sowsem aýnadylaý
Döwrümiziñ bagşylary...

Nämä diýseñ bärden gaýtjak
Iti ursañ gowy aýtjak
Bu Sungaty tutup ....şeýtjek
Döwrümiziñ bagşylary...

Özi dälde telefony
Sowýar giden uly toýy
Kä urulyp ýetýär eýi
Döwrümiziñ bagşylary...

Hiç işlänok Mikrafony
Almak zerur dälem şony
Şeýdip gazanýarlar puly
Döwrümiziñ bagşylary...

Gep ýok saçyn goýuşyna
Gep ýok eşik geýişine
Şony başarýarlar diñe
Döwrümiziñ bagşylary...

Ady nämedi bu bagşyñ
Lakamy-ha bolmaly "King"
Atlarñyzy bilmegä kyn
Döwrümiziñ bagşylary...

Gurallary goçak-goçak
Çalyp bilmez dutar-gyjak
Aýdym aýtjak şeýdip niçik
Döwrümiziñ bagşylary...

Ses ýetmedik ýerleri bar
Onam montaž eden bolar
Özün Sahy aga deñär,
Döwrümiziñ bagşylary...

Şu aýdyma diýýäñ"meñki"
Ola Maýkl Jeksonyñky
Netolko saz, sözem, şoñky
Ap ak boldy ýüzüñ reñki
Döwrümiziñ bagşylary...

Döremezmi how Atabaý
Indi döremezmi Kasoý
Olañ döwri toý bordy toý...
Aýdyp bilmeseñ käriñ goý
Döwrümiziñ bagşylary...

Kerim Hallyyew.

Sorag-jogap, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir