Haý­sy­dyr bir haý­wa­nyň ça­ga­sy­nyň ady­ny so­rap re­dak­si­ýa­my­za ýüz
tutýanlar az däl. Elbetde, dürli haýwanlaryň çagasynyň nähili atlan￾dyrylýandygyny bilmeýänler diňe bir ýaşlaryň arasynda däl, ulularyň
ara­syn­da-da az ga­bat ge­le­nok. Şeý­le bo­lan­soň, biz bu ba­bat­da öz bil￾ýän­le­ri­ni «or­ta dök­me­gi­ni» ha­ýyş edip, mi­ras­gär Şöh­rat AB­DY­ÝE­WE
ýüz tutduk. Ara salym salmanam, mirasgärden elektron hat geldi.
Gazetimiziň şu sanynda ony okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Balaguş — el­gu­şuň ça­ga­sy.
Çeb­şek — tow­şa­nyň ça­ga­sy.
Etene — gar­la­wa­jyň, bür­gü­diň,
gum­ry­nyň ça­ga­la­ry — ýu­murt­ga￾dan çykan wagty ýeleksiz bolýanlar.
Gijen — pi­şi­giň ça­ga­sy.
Goduk — gu­la­nyň ça­ga­sy. Bu
at «Gulan başyna gaý düşse, godu￾gyna garamaz» diýen nakylda hem
saklanyp galypdyr.
Göle — syg­ryň, su­gu­nyň ça­ga￾sy. Bu sözüň dilimiziň şiwelerinde
tana, öjek, höjek kimin aýdylyşyna
hem duş gelinýär.
Guzy — goý­nuň ça­ga­sy.
Güjük — itiň ça­ga­sy.
Itbalyk — gurbaganyň çagasy.
Jüýje — to­wu­gyň, kä­ki­li­giň,
ör­de­giň ça­ga­la­ry — ýu­murt­ga­dan
çykan wagty ýelekli bolýanlar.
Kö­şek — dü­ýä­niň ça­ga­sy. Kö­ne
türkmen dilinde köşek sözüne de￾rek «bota» sözi hem ulanylypdyr.
Bu söz «Düýe garrasa botasyna eýe￾rer» nakylynda saklanyp galypdyr.
«Düýe botlapdyr» aňlatmasy hem
bota — köşek sözündendir.
Kür­re — eşe­giň ça­ga­sy.
Merdek — aýy­nyň ça­ga­sy.
Owlak — ge­çi­niň, ke­ýi­giň ça­ga­sy.
Şir­be­çe — ýol­bar­syň ça­ga­sy.
Magtymguly Pyragy «Aý-günüňiz batmaga» atly şygrynda: «Şir beçesi
togsan tilkä atdyrmaz» diýýär.
Taý — ýyl­ky­nyň ça­ga­sy. Kö­ne
türkmen dilinde bu sözüň «gulun»
nusgasy hem duşýar. Şol sebäpli
hem «baýtal gulunlady» diýilýär.
Tokar — ke­ýi­giň ça­ga­sy.
Toýçy — tom­za­gyň ça­ga­sy.
Tula — şa­ga­lyň ça­ga­sy.
Üzit — mö­je­giň ça­ga­sy. Alyp￾ýolup barýan çagalara «üzit ýaly»
diýilmesi bardyr. Gadymy türkmen
dilinde möjegiň çagasyna «mam￾rah» diýlişi-de duş gelýär.
Ýylançyr — ýy­la­nyň ça­ga­sy.
Ýylpyz — til­ki­niň ça­ga­sy. Ýö­ne
bir zadyň deşiginden düşüp, oýnap
duran şöhlä hem ýylpyz diýilýän￾digini aýtmak gerek. Hereketinde
uçup-gonup duran adama «ýylpyz
ýaly» diýilmesi hem bardyr.
Eýsem, şular bolanymyka?! Pyş­
dylyň, kirpiniň, balygyň... çagalary￾nyň atlary ýokmuka?! Belki bolan￾dyr, soňam unudylandyr ýa-da biz
bilýän däldiris. Il diýeniň düýpsüz
hazyna, mümkin biziň bilmedikle￾rimizi okyjylaryň arasynda bilýän￾ler bardyr. Eger şeýle bolsa, olar
hakynda aýtmak gezegini hormatly
okyjylara geçirýäris.

Türkmen dünýäsi gazet(28.02.2019)



OWGAN NAKYLLARY WE ATALAR SÖZI

Täze gelen hyzmatkär ylgap barýan jereni hem
tutar.
Sebäpsiz arzanlyk ýok, gymmatyň ýok ýerde
— mähribanlyk.
Düzgün bar ýerde tertip bar.
Ýyldyrym gohçul, ýöne ýagşyň bir damjasyny
hem bermez.
Üfläniň bilen bolýan bolsa, her kim tüýdükçi.
Ýürek nirä diýse, aýak hem şo tarapa.
Hili pes demirden ýokary hilli gylyç çykmaz.
Tokaý ot alsa, gura, ýaşyla parh galmaz.
Saçagyňda sogan bilen çörek bolsa-da, ýüzüň
gülüp dursun!
Aldamaýan täjir bolmaz.
Her köpek öz gapysynyň şiri.
Her agaç şemalyň güýjüni duýar.
Bir tüpeň sesine bäş adam gaçar.
Güller ýaly owadan ýaşa, ýöne ömrüň ondan
uzak bolsun!
Ekilen ýeriňde gülle.
Dagyň daga goly ýetmez, ýöne adamyňky ýe￾ter.
Her kişiň pikiri özüne gowy.
Ýolbars awlar, şagal dilär.
Dogan bilen doganyň hasabynda çäk bar.
Kalbyňda näme görseň, beýlekilerden hem şo￾ny görersiň.
Duşmanyňa sabyrly, dostuňa geçirimli bol.
Dag näçe beýik bolsa-da, üstünden ýol
aşar.
Säheriň çygy hem garynja sil.


Toplan Ahmet GULBAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary
we ösüş uniwersitetiniň talyby(mugallymlar gazeti 18.02.2019)


ELEKTON DOLANYŞYGYNYÑ BITEWI ULGAMY

Dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden we geljekki ösüşleri nazarlaýan bilim özgert￾meleri barha ýaýbaňlandyrylyp, ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, beden we ruhy taýdan kadaly
ösmegi, bilimiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça maksatnamalaýyn işleriň gerimi has-da giňelýär.
Ylym-bilim özgertmeleriniň oňyn netijeleri ýurdumyzyň öňe barýan ýolundaky esasy daýanjy bolup
durýar. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda
ylmy esasda uzakmöhletleýin mak￾satnamalar we meýilnamalar amala
aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň
başlangyçlary bilen bu ulgama
innowasiýalar we täze tehnolo￾giýalar ornaşdyrylýar, ol dünýä tejribesine, ylmyň gazananlaryna esaslandyrylýar.

Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry üçin hü­
när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan baş­lan­gyç, or­ta hü­när
we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň işi ta­la­ba­la­ýyk
gu­ral­ýar. Ýur­du­myz yl­myň, bi­li­miň ga­za­nan￾la­ry­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len tä­ze
üs­tün­lik­le­re eýe bol­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de dur­muş çalt depgin­ler bi­len öz­ger­ýär. Bi­lim ber­me­giň mag­lu￾mat, elekt­ron, san­ly ul­gam­la­ry bi­len gu­ral­ýan
sa­pak­la­ryň hi­li go­wu­lan­dy­ryl­dy. Bi­lim ber­me￾giň äh­li bas­gan­çak­la­ryn­da okuw mak­sat­na­ma￾la­ry ýo­ka­ry hil­li elekt­ron gö­te­ri­ji­dä­ki mag­lu￾mat­lar (elekt­ron ki­tap­lar, elekt­ron se­mi­nar­lar
we beý­le­ki­ler) hem-de de­giş­li usul­lar (uzak ara­lyk­dan bi­lim ber­mek we beý­le­ki­ler) bi­len
üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
San­ly bi­lim ul­ga­my — bu hä­zir­ki ösen
teh­no­lo­gi­ýa­lar döw­rü­niň bi­lim ul­ga­my­nyň
gur­lu­şyn­da­ky öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­dyr. San­ly
elekt­ron gö­te­ri­ji­dä­ki okuw-usu­ly top­lu­m mag￾lu­mat­lar teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly bi­lim ber­liş
ul­ga­my­nyň dü­züm bö­le­gi hök­mün­de çy­kyş ed­
ýär. Jem­gy­ýe­tiň so­wat­ly­ly­gyn­da mag­lu­mat-ara￾gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň hyz­ma­ty ulu­dyr.
Hä­zir çalt dep­gin­ler bi­len öz­ger­ýän dün­ýä­de
bi­lim ul­ga­my­nyň dür­li bas­gan­çak­la­ryn­da mag￾lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan ýer­lik­li
peý­da­la­nyl­ýar.
San­ly bi­lim ul­ga­my ýö­ri­te prog­ram­ma­ly
teh­ni­ki se­riş­de bo­lup, gur­luş, mik­rop­ro­ses­sor
go­run­da, ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­syn­da we beý­le­ki
se­riş­de­ler­de eme­le ge­ti­ril­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da,
hä­zir­ki za­man bi­lim se­riş­de­le­rin­de mag­lu­mat￾la­ry top­la­mak, alyş­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek, uzak
ara­lyk­dan bi­lim ber­mek ýa­ly usul­la­ry we beý­
le­ki hyz­mat­la­ry gu­rap bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da
mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň
ös­dü­ril­me­gi bi­len mag­lu­mat­la­ry alyş­ma­gyň
müm­kin­çi­li­gi art­dy­ryl­dy.
Elekt­ron öw­re­di­ji se­riş­de­le­re dür­li gör­nüş­li
mag­lu­mat­la­ry sak­la­ma­ga amat­ly bo­lan ta­nyş­
dyr­ma­lar (pre­zen­ta­si­ýa­lar), su­rat­lar, çyz­gy­lar,
diag­ram­ma­lar, au­dio we wi­deo ýaz­gy­lar, tekst￾ler, okuw-usu­ly tür­gen­le­şik­ler (trenaž­ýor­lar)
we beý­le­ki­ler de­giş­li­dir. Okuw-usu­ly top­lu­ma
bol­sa okuw ki­tap­la­ry­nyň elekt­ron gör­nüş­le ri, okuw gol­lan­ma­la­ry, tej­ri­be­lik bo­ýun­ça
gol­lan­ma­lar, usu­ly mas­la­hat­lar, se­mi­nar­lar,
ama­ly okuw­lar, tej­ri­be­ler bo­ýun­ça usu­ly gö­
zük­di­ri­ji­ler, öz­baş­dak iş­ler üçin ýu­muş­lar,
gö­nük­me­ler de­giş­li­dir. Bu top­lu­ma or­ta hü­när
we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ni­ýet­le­nen ta￾lyp­la­ryň ýyl­lyk iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri
üçin usu­ly gö­zük­dir­me­ler, bar­lag iş­le­ri üçin
test mag­lu­mat­la­ry, te­ma­ti­ki hem-de usu­ly
gö­zük­dir­me­ler hem de­giş­li­dir. Hö­dür­le­nil­ýän
umu­my oku­wyň ýaz­gy­sy, elekt­ron ki­tap­ha￾na, in­te­rak­tiw usul­da öw­ret­mek üçin usu­ly
üp­jün­çi­lik, okuw wi­deo-film­le­ri, komp­ýu­ter
öw­re­di­ji prog­ram­ma­lar hem san­ly elekt­ron
ul­ga­myn­da ber­lip, elekt­ron res­mi­na­ma do￾la­ny­şy­gy­nyň bi­te­wi ul­ga­myn­da — mer­ke­zi
ser­wer­de sak­la­ny­lyp bil­ner.
Goş­ma­ça mag­lu­mat se­riş­de­le­ri­ne söz­lük­ler,
gys­ga­ça dü­şün­di­riş­ler, hres­to­ma­ti­ýa­lar, dö­wür￾le­ýin hem-de pu­dak­la­ýyn ne­şir­ler, bin­ýat­lyk
mag­lu­mat­la­ra sal­gy­lan­ma­lar, saýt­lar, so­rag-jo￾gap, tor ul­gam­la­ry we beý­le­ki­ler de­giş­li­dir.
Okuw-usu­ly top­lu­myň tej­ri­be­lik­dä­ki esa­sy
gör­ke­zi­ji­le­ri tej­ri­be­li­giň mak­sat­na­ma­sy (tej­ri­be￾li­giň mak­sa­dy, onuň maz­mu­ny, we­zi­pe­si), ter­tip
bo­ýun­ça ge­çi­ri­li­şi, ha­sa­bat res­mi­na­ma­la­ry­nyň
nus­ga­sy we res­mi­na­ma­ny taý­ýar­la­ma­gyň ter￾ti­bi bo­lup dur­ýar. Okuw-usu­ly top­lum di­ňe
bir okuw sa­pak­la­ry­ny gu­ra­mak­da yg­ty­bar­ly
da­ýanç bo­lup çäk­len­män, eý­sem ter­bi­ýe­çi­lik
iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge-de, de­giş­li pe­da­go­gik usul￾la­ry saý­lap al­ma­ga-da ýar­dam ber­ýär. Bu­la­ra
sa­pak­dan da­şa­ry çä­re­le­riň ge­çi­ri­li­şi, maş­ga­la
bi­len mek­de­biň gat­na­şy­gy, ata-ene­ler bi­len
ara­bag­la­ny­şyk­ly iş­ler we beý­le­ki çä­re­le­riň
usu­ly­ýe­ti de­giş­li bo­lup bi­ler. San­ly okuw se￾riş­de­le­ri we en­jam­la­ry mu­gal­lym­lar, okuw­çy­lar
hem-de ta­lyp­lar üçin el­ýe­ter­li­dir. Şu maksat bi­len, hä­zir­ki dö­wür­de de­giş­li döw­let eda­ra­la￾ryn­da san­ly bi­lim ul­ga­my ba­ra­da­ky kon­sep￾si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly
iş­ler do­wam ed­ýär.
Bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny
gi­ňelt­mek, ony yk­dy­sa­dy, me­de­ni, yl­my we
beý­le­ki dur­muş ugur­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly alyp
git­mek ba­bat­da ýur­du­myz hal­ka­ra hyz­mat­daş­
ly­gyň baý tej­ri­be­si­ni top­la­dy.
Dün­ýä­niň köp döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li
gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýan ýur­du­my­zyň hal­ka­ra
gat­na­şyk­la­ryn­da­ky ab­ra­ýy tä­ze de­re­jä gö­te­ril­
ýär we bu ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­ler­de kö­pu­gur­ly
hyz­mat­daş­lyk gu­ral­ýar.
Bi­lim ber­li­şi­niň hil de­re­je­si­niň hal­ka­ra
ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi, ýurt­da al­nyp
ba­ryl­ýan bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň do­wam et­di￾ril­me­gi bi­len bir­lik­de, ýaş nes­li mil­li ruh­da
ter­bi­ýe­le­mek işi hem ta­la­ba­la­ýyk gu­ral­ýar.
Ter­bi­ýä­niň döw­re­bap­ly­gy, onuň dur­muş bi­len
bag­la­ny­şy­gy esa­sy me­se­le­dir. Mu­nuň bi­len
bag­la­ny­şyk­ly­lyk­da, döw­let we hal­ka­ra de­re￾je­sin­de ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň
ne­sil ter­bi­ýe­sin­de tä­si­ri­niň ulu­dy­gy ha­sa­ba
alyn­ma­ly­dyr.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal￾la­la­ry bi­len hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýaş
nes­li ha­kyn­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri
tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar.
Di­ýa­ry­myz­da ýaş nes­liň dur­mu­şy­my­zy çalt öz￾gerd­ýän we döw­rü­mi­ziň bar­ha ös­ýän ta­lap­la­ry­na
la­ýyk bi­lim­li, ter­bi­ýe­li, yl­my dö­re­di­ji­li­ge ukyp­ly
bol­ma­gy üçin amal edil­ýän iş­ler bi­len ýe­ňiş­li
be­lent­lik­le­re çyk­ýa­rys.

Annajemal AGABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.(Mugallymlar gazeti 01.03.2019)

Edebiýat, bank tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir