Meşhur brend kompaniÿalaryñ atlary näme manyny añladÿar?! Häzirki günde meşhur bolan kompaniÿalaryñ atlaryny günde diÿen eşidÿäris, görÿäris, meselem: Apple, Microsoft, Adobe, Motorola, Google we ş.m. Emma şu atlaryñ näme manyny añladÿandygyny hakda pikir edip gördüñizmi? Näme üçin şu ady saÿlamagynyñ sebäbi hakynda gyzyklanyp gördüñizmi?!...
"Apple" - bu Stiw Jobsyñ halaÿan miwesidi. Şonda Stiw Jobs işgärlerine kompaniÿa at goÿmak üçin wagt berÿär, eger tapyp bilmeseler söÿgüli miwesiniñ adyny goÿjakdygyny aÿdÿar. Elbetde hiç kim kompaniÿa "Apple" atdan başga ady laÿyk görmediler we şol ady goÿdular.
"Adobe" - bu firmany esaslandyryjy Jona Wornoka hasaplanylÿar. Ol kompaniÿanyñ adyna öÿüniñ ÿanyndan akyp geçÿän kölüñ adyny goÿÿar.
"Cisco" - köpçüligimiz oÿlandyrys, bu firmanyñ ady gysgaldylan atlardan emele geldi diÿip. Emma ol beÿle däl. Kompaniÿanyñ ady San Fransisiko şäheriniñ adynyñ soñky bogunlaryndan emele geldi.
"Corel" - bu at firmany dörediji Maÿkl Korland familiÿasynyñ başky bogunlaryndan alnypdyr.
"Google" - matematikada bu at bir we ÿüz sany nol diÿen manyny añladÿar ( ÿagny, biriñ yzynda ÿüz sany nol bar )
"Hotmail" - Jek Smit atly adam firma döretdi we özüniñ poçtalar bilen işlemek üçin niÿetlenen kompaniÿanyñ adyny uzak wagtlap gözledi, ol soñky "mail" sözüniñ başyna her hili atlar goÿup görÿär we ahyrynda "hotmail" adyny saÿlapalÿar. Çünki bu atda wep sahypalary döretmek üçin niÿetlenen "HTML" diliniñ hemme harplary bardy."Hewlett Packard" - 1939-njy ÿylda Stanford uniwersitetiniñ uçurymlary garažyñ içindäki ussahanada öz işlerini başlaÿar. Olar William R. Hewlett we Dewid Packard bu kompaniÿanyñ esaslandyryjylary hasaplanylÿar we firmanyñ adyny Hewlett-Packard ÿa-da Packard-Hewlett bolmagy üçin ikisiniñ arasynda jedel edÿärler. Elbetde munda Hewlett üstün çykÿar we adyny ilki ÿazÿar hem-de kompaniÿanyñ adyna"Hewlett-Packard" diÿip at goÿÿarlar. Häzirki günde bu firma"hp" ady bilen meşhurdyr.
"Intel" - Bob Noÿs we Gordon Mur öz kompaniÿalaryna "Mur Noÿs" adyny goÿmakçy boldular emma bu at bir myhmanhananyñ adydy. Şu sebäpden ol kompaniÿanyñ adyna internal (içki) electronic (elektronika) sözleriniñ ÿygyndysynda emele gelen "Intel" sözüni goÿdular.
"Microsoft" - Bill Geÿts kompÿuterler üçin operasion ulgamy dörediji kompaniÿasyna"Micro-Soft" (mikro, kiçijik, ulgamlar) adyny saÿlap aldy. Soñkulygy bilen kese çyzyk (-) alnyptaşlanÿar.
"Motorola" - ilki bu kompaniÿa awtoulaglar üçin radio çykarmak bilen meşgullanÿardy we firmany esaslandyryjy Pol Galwin özüniñ firmasyna şol döwürlerde meşhur bolan radionyñ adyny esas edip"Motorola" diÿip goÿÿar. Şol wagtlarda bu radionyñ ady"Victorola" eken.
"Yahoo!" - bu sözi ilki Jonatan Swift özüniñ "Guliweriñ syÿahaty" kitabynda ulanypdyr. Soñ bu söz kompaniÿany esaslandyryjy Jerri Ÿang we Dewid Fila ÿarapdyr. Olar şu bilen özleriniñ begenendiklerini bildiripdirler. Häziki wagtda bu at"Yet Another Hierarchical Officious Oracle" diÿip atlandyrylÿar.
"Yahoo"sözüniñ iñlis dilindäki terjimesi"sada oba" diÿen manyny añladÿan eken.
"Fuji" - Ÿaponiÿadaky iñ beÿik dag-Fudzi dagyna bagyşlap goÿlan
"IBM" - International Business Machines (Biznes üçin halkara maşyn) adynyñ baş harplary saÿlanyp alnan.
"Kodak" - kompaniÿany dörediji Jorja Istmena "K" harpyny juda gowy görÿär eken. Ol öz firmasynyñadyna başky harpy "K" we soñky harpy hem K" gutarÿan söz bilen atlandyrmakçy bolÿar we köp wagt pikirlenenden soñ "Kodak" adyna saÿlaÿar. Ondan başga-da "K" harpy hemme dillerde bir hili görnüşde ÿazylmagydy.
"LG" - 2 sany koreÿ brendleriniñ goşulmagyndan emele gelen: Lucky we Goldstar.
"Reebok" - afrika ÿerlerindäki juda tiz ylgaÿan antilopyñ şanyna goÿlan.
"Samsung" - koreÿ dilinden terjime edilende "3 ÿyldyz" diÿen manyny añladÿar.
"Philips" - firmany dörediji Fridrih Filipsiñ adyndan gelip çykÿar. 1891-nji ÿylda döredilen firma ilki lampalary işläp çykarmak bilen meşgullanÿar, häzirki wagtda bolsaol birnäçe görnüşli önümleri çykarmak bilen meşhurdyr.

Perhat Sabirow

Tehnologiýa, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir