Göwnüm Nýu Ýorkda uçýar,
Özüm bolsa obada.
Göwnüm BMW-de uçýar,
Emma özüm wolgada.
Göwnüm ýyldyzy islär,
Emma aýagym ýerde.
Göwnüm alymlyk islär,
ýöne zat ýok bu serde.

Göwnüm Ýewropa islär,
Emma göwräm Azýada.
Göwnüm dem almak islär,
Krymda,Antalýada.

Ýüregim söýgi islär,
ýöne mydam gaýgyda.
Göwnüm Gimalaý islär,
Kä-te ondan beýgi-de.

Göwnüm rahatlyk islär,
Emma başym gowgaly.
gowgalyja başym bar,
Özem ejiz göwreli.

Göwnüm islegden doýmaz,
Ony islär,muny islär.
Olara-da ýetensoñ,
Ýyldyzy hem güni islär.

Jan saglygy islemez,
çuwal-çuwal baýlyk islär.
Derin döküp işlemezden,
Köpräk-köpräk aýlyk islår.
Şol nebsewür isleglere,
Garşy çykyp bilseñ eger,
Meñzäp ýaşap beglere,
Bagtly bolarsyñ meger.

Berenine şükür edip,
Doga kylgyn Hudaýa.
Urup aglap eý ynsan
Meñzemegin gedaýa.
Maşyn berse,uçar isläp,
Uçar berse,kosmos islap,
Ogul berse,gyz isläp,
Gyzyn berse,ogul isläp,
Çigildem däl, bagül isläp,
Jiguli dal,wolga isläp,
Manat berse,dollar islap,
Ynan nebse buýrmasañ,
Bar toplanyñ gider poslap.

©2015

Edebiýat, Nepes29 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir