Nazym Hikmet /

ÜÝTGEŞIGEM DÄL EKENIŇ ÖZGEDEN

Yşk göremok gözleriňde öňki dek,
Ýolnupdyr kalbymdan söýgiň örki-de,
Meň ruhum kän ardy, nobat seňkide,
Sebäp senem üýtgeşik däl özgeden.

Gije geljek ýoluň garap düýnjügem,
Bu gün gaçyp barýan sessiz-üýnsüzem.
Kalbyma seredip görsem üns bilen,
Üýtgeşigem däl ekeniň özgeden.

Gümany ýok seni doly undanmyň,
Birçak siňip gitdi geçmişe andym,
Hatda öjüňdenem azatdyr kalbym,
Indi senem üýtgeşik däl özgeden.

Abdurrahim Karakoç /

MÄHRIBANYM, UNDARSYŇ!

Diýme: «Unutmak müşgil»,
Mähribanym, undarsyň!
Örňäberse ogul-gyz,
Mähribanym, undarsyň!

Geçer-gider wagt eräp,
Miwe täner — bu bir däp,
Dörär ençe saý-sebäp,
Mähribanym, undarsyň!

Ýyllar geçip, öwrenşip,
Ýatlamalaň könelşip,
Telbe köňlüň düzelşip,
Mähribanym, undarsyň!

Gije-gündiz süýt emdiň,
Undup, şu ýaşa geldiň,
Ine, şoň ýalam ed-dil,
Mähribanym, undarsyň!

Gowzar söýgiň şu günki,
Özgär her zadyň reňki,
Şu gün däl, erte belki,
Mähribanym, undarsyň!

Gämide, şeýle kada,
Könelýändir her täze,
Özüňi... menem däl-de,
Mähribanym, undarsyň!

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir