Leýli bilen jaňlaşyp günler geçip durdy, her elim boşaşan wagtyny jaňlaşyp geçirýädim. Indi ondan başga kişiň sesi gulagyma ilenok diýen ýalydy, öňler her gün öýdäkiler bn jaňlaşýadym, olam ýat bolup gitdi. Şeýdip iki-üç hepde geçdi. Indi olam tejribeligi gutaryp diplom işine taýýarlanmak üçin uniwersitete gelmelidi. 8-nji martda agşamky uçar reýsi bilen geljegini aýdansoň menem elime sowgat alyp surpriz şekilde öňünden çykmakçydym. 7-nji mart güni sowgat almak üçin Berkarary aýlananymda mebel dükanlaryň birinde sadaja şekillendirilen, gyz bilen oglanyň göwreleri birikdirilen, biri-biriniň ellerinden ýürek ýasalan ýönekeýje bir heýkele gabat geldim. Mebel satyjysyna näçe haýyş etsemem satmady.
Soň şoňa şoňa meňzeş heýkel gözläp tutuş şäheriň diýen ýaly suwenir satýan ýerlerine aýlandym, Sebäbi ullakan zatlar bilen däl-de, edil ýaňky ýaly, ýönekeý manyly zadyň göwnüne ýarajagyna ynamym bardy. Ýöne o heýkelem tapmadym. Şol ýadawlyk bilenem 8-nji marta geçilýän gijesi 00.00-da birinji bolup baýramyny gutlamaga hiç ýagdaýym bolmady, bir-ki sagat öňünden uklap galyp, gaty görmegine sebäp bolupdym. Şeýlelikde 8-ne öýkeli bolsa-da irden gutladym we indi başgarak sowgatlar, başga swenir, romantik şekiljikleriň daşyny sebetläp öňünden çykmaga taýýarlyk görüp başladym. Leýliň iň gowy görýän zatlarynyň ýene birem marožnady (doňdurma). Komnatdaş jorasynyň nomerini bilemsoň oňa-da kiçiräk romantik şemlerden alyp berip, Agşam Leýli gelensoň şemleriň arasynda marožna iýer ýaly şertleri gurnap bermegini haýyş etdim. Leýlä-de özüm baryp bilmejegimi, ýöne öňünden maşyn barjagyny hem-de uniwersitete çenli getirjegini aýdypdym, sebäbi aeroport terminalyndan çykanda elim gülli özüm öňünden çykyp bu ýerde surpriz edesim geldi. Wagt agşama dogry golaýlansoň, menem maşyn tutup, aeroporta dogry ýola düşdüm. Aýraportda biraz garaşamsoň Leýli çykdy we maşynyň ýerini sorap jaň edende ine diýip özüm bardym elim gülli ýanyna. Edil häzir biz ikimiz söýgüli hökmünde birinji gezek duşuşýardyk we ikimiz üçinem söz bilen beýan edip bolmajak derejede duýgulydy.
Dowamy bar...
SÖÝGI ýürege bir gezek geler eken... (2-nji bölüm)
-
Babaniyazow J
5 years ago
- Хорошо
-
Yeser
5 years ago
- kommentariýada ýazypdym biriniňkide
-
enkaaa
5 years ago
- Yo bashga bir saytda...
-
Yeser
5 years ago
- hawa başgada ýekeje bir saýtda goýdum muny, şonda bardyr;))
-
enkaaa
5 years ago
- Diymek yalnyshmandyrn-a
-
elis
5 years ago
- Dowamyna garasyan
enkaaa 5 years ago- Yeser men shu bashdan gechirmani onem bir yerlerde okan yalyla....