Tanyş-bilişleriňize durmuşyňyz ýa-da pikirleriňiz bilen bagly ähli zatlary aýtmaklyk hökman däldir, aýtmasaňyz has gowy bolar. Ine ýaşaýyş-durmuşyňyzda özgelere aýtman saklamaly syrlar

1) Iň uly arzuwlaryňyzy paş etmäň

Tä amala aşýança şol uly maksatlaryňyz barada dil ýarmaň. Sebäbi şeýle arzuwlaryň ozal üns berilmedik gowşak taraplaram bolmagy ahmal, käbir adamyň şeýle kemçiligi sizden öň duýup, arzuwyňyzy syndyrmaga çalyşmagy ahmal.

2) Haýyr-sahawat işleriňizi, üstünlikleriňizi dile almaň

Şöhratparazlyk gowy gylyk däldir. Eden ýagşy işleriňiz bilen magtanmak ulumsylykdan, tekepbirlikden nyşandyr.

3) Adamlaryň arasynda maşgaladaky meseleleri aýdyp ýörmäň

Şeýle meseleleri ýat adamyň ýanynda aýdyp ýörmegiň hiç hili peýdasy bolmaz. Maşgala arasyndaky düşünişmezlikleri näçe az adama aýtsaňyz, şonça-da güýçli boljakdygyňyzy asla ýatdan çykarmaň. Bu meseleler diňe maşgala agzalaryň arasynda dogry çözülip biliner. Ony näçe köp adama aýtsaňyz, şonça-da beter çoçgara çolaşarsyňyz.

4) Adamlaryň aýdýan ýa-da edýän ýaramaz işleri barada gürläp ýörmäň

Erbet-ýaman işlerden gaça durmaga ähmiýet berişiňiz ýaly, beýniňizem arassa saklamaga üns beriň. Gören ýaramaz, erbet zatlaryny öňýeteniň ýanynda gürläp ýören kişiniň ony eden adamdan üýtgeşik tapawudy ýokdur

Täzelikler, (shyh)sho men tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir