Şeýle geçmişimize bir göz aýlasak şuwagta çenli eden işlerimizde, alan kararlarymyzda daş töweregimiziň täsiri göz ilmez ýaly däl. Geýýän eşigimizden başlap satyn alýan zatlarymyzda, okaýan ugrumyzda, işimizde hatda iň bärkisi durmuş gurjak bolýan ýaşlar ýa-da maşgalada-da esasy maksadyň ýanynda “il näme diýer” diýen pikir bizi birahat edýär. Belki ýakynlarymyzda diňe ile ýaranmak üçin, özüne gowy diýilmegi üçin ömrüni tükedýänlerem bar bolup biler. Näme üçindir bu durmuşy ýaşaýan özümiz bolsak hem başgalaryň biz baradaky aýtjak sözleri we etjek pikirleri bizi ýakyndan gyzyklandyrýar. Olaryň birnäçe sekundyň dowamynda sarp eden sözleri, bizi birnäçe sagat, gün belki-de birnäçe aý boýunça bimaza edýär, hatda käbirleriniň durmuşyny düýbünden üýtgetjek derejede täsir edip bilýär. Aslynda bolsa biziň pikir edişimiz ýaly biz olaryň durmuşynda beýle möhüm ýeri eýeläp baramyzok we olaryň hersiniň dürli-dürli dünýägaraýyşlary bardygy sebäpli olary doly kanagatlandyrmak asla mümkin däl. Munuň şeýledigini Nasreddin hojanyň bir kyssasynyň üsti bilen düşündirmek has ýerlikli bolsa gerek.

hhhhh

Bir gün Nasreddin hoja ogluny eşegiň üstüne mündürip başga bir oba tarap ýola çykýar. Ýolda barýarkalar ekin meýdanynda işläp ýören daýhanlaryň deňinden geçýärler. Bulary gören daýhanlar: “Ýaş ogluň bar, näme üçin özüň kösenip ýöräp, ogluňam eşege mündüripsiň, özüň münseň bolmaýarmy?” diýýärler. Muny eşdip Nasreddin hoja ogluny eşekden düşürip, özi münýär we ýoluna dowam edýär. Öňlerinden ýene bir mähelle çykýar we bu gezek oňa: “Nädip utanman uly halyňa bu ýaş çagany ýöredip özüňem eşekde barýarsyň” diýýärler. Hoja muňa geň galyp, oglunam özi bilen eşege mündürip ýola dowam edýär. Biraz wagt ýöränlerinden soň başga bir obanyň adamlaryna gabat gelýärler. Adamlar: “Bu eşek janeweri kösäp iki bolup münmäge nädip dözýärsiňiz?” diýýärler. Nasreddin hoja bu gezek eşegiň ýüpünden tutup, oglam özem pyýada ýöräp ugraýar. Belli bir wagt ýol ýöränsoň öňünden çykan ýene bir mähelle: “Eşege münmejek bolsaň näme üçin ýanyňda getirdiň, özüňi kösäp ýöränden münseň bolmaýarmy?” diýýär. Bolan zatlardan ýadan we jany ýanan Nasreddin hoja: “Iliň agzy torba däl-dä daňar ýaly” diýýär.

Bu kyssa aslynda bize hakyky durmuşdan mysal. Iliň agzy torba däl daňar ýaly emma aýdylýan sözleriň bize täsir edip etmejegini biz seçýäris. Özümiz hakda aýdylýan gürrüňleriň täsirini duýmazlyk hernäçe kyn hem bolsa, ondan halas bolmagyň ýollary bar. Aslynda bu pikir köplenç özüni başgalardan pes görýän adamlarda has köp gabat gelýär. Hernäçe herkimiň dürli ugurlarda dürli ukyplary bolsa-da, ynsan hökmünde hemmämiziň deňdigini unutmalyň.

Ilki bilen düşünmeli zadymyz, bir kişi başga bir kişiniň başdan geçiren zatlaryny başdan geçirmese onuň ýagdaýyna doly düşünip bilmez. Ol öz dünýägaraýşyna görä pikir ýöreder. Şol sebäpli aýdylan zady 100% göterim dogry diýip hasaplamak ýalňyş bolar. Bizi hiçhili tanamaýan bir adam bize özümiz hakda erbet birzatlar aýtsa ony doly kabul etmejegimiz belli. Edil şonuň ýaly hem biziň bilýän zatlarymyzy bilmeýän, duýýanlarymyzy duýmaýan kişiniň biz hakdaky otrisatel teswirleri nätanyş biriniň sözleri ýaly bolmaly. Emma bärde ünsden gaçyrylmaly däl iň esasy zatlaryň biri aýdýan kişiniň niýeti bolup durýar. Eger ýakyn töweregimizdäki biri bolsa onuň azda-kände niýetini bilip bolýar. Hakykatdan hem bize kömek etmek maksady bilen biziň kemçiliklerimizi aýtýandygyna ynanýan bolsak onda bu kemçiliklerimizi tapyp düzeltmek, özümizi kämilleşdirmk üçin has peýdaly bolar.“Ýürekde näme bolsa dil şony diýer” diýipdir atalarymyz. Herkim bu dünýä öz penjiresinden seretýär. Eger-de şol içindäki penjire kirli bolsa daş-töweregini hem şeýle görýär we görüşine görä-de gürleýär. Şonuň üçin hem gysgançlyk, göriplik ýaly duýgular sebäpli aýdylan sözler, aýdan kişiniň özünde kemçilik bardygyny görkezýär. Aslynda iň köp tankytlaýan adamlaryň asyl öz içlerinde tankyt edilmek gorkusy bolýar. Ýa-da, käwagt adamlar şeýle gürrüň bolsun diýip aýdyp goýberýärler, soňam unudup gidýärler. Onda biziň üçin başgalaryň galmagalyny diňlemegiň ýerine ýüregimiziň sesini diňlemek has dogry we amatly bolup durýar.“Başgalar näme diýerkä” diýip hereket edýän kişiler iň uly puşmanlygy garran çagynda duýarmyka diýýän. Geçmişine seredip etmek islän zatlaryny diňe iliň gepinden çekinendigi üçin etmändigini ýatlamagyň, “bu durmuş tiz geçýän eken, käşgä öz isleýşim ýaly ýaşasadym” diýip gamlanmagyň hiç bir peýdasy bolmaz. Özümizi 60-70 ýaşlarda göz öňüne getirsek nähili ýatlamalarymyzyň bolmagyny isläris? “Entegem iliň gepine gulak asmandyryn” ýalymy ýa-da “käşgä olary diňlemän öz bilenimi etsedim” ýaly.Ýokarda aýdylanlary jemläp bu düşünjeden saplanmak üçin aşakdaky esasy üç ädimi salgy bermekçi:Öz kemçiliklerimizi bilmek we olary düzeltmek üçin dyrjaşmak;Elimizdäki ähli mümkinçilikleri bilmek, nämeleri başarýarys, talantlarymyz, bilimimiz. we ş.m. Eger ýok bolsa öwrenmek;Näme isleýänimizi bilmek;

Eger bu sanan zatlarymyzy bilsek onda başgalaryň näme pikir etjegi bizi kän gyzyklandyryp durmaz. Sözüň soňuny şu aşakdaky setirler bilen tamamlamakçy:

Näme etseň et, olar hemişe bir zat diýerler;

Çaltlaşsaň “yuwaşrak git” diýerler, yuwaşlasaň “ölü” ýaly diýerler;

Gülseň “Däli ýaly nämä gülýäň” diýerler, aglasaň “Ejizläpdir” diýerler;

Gürlemeseň “Diliňi ýuwutdyňmy” diýerler, gürleseň “Köp gürleýäň, goýaý indi” diýerler;

Işleseň “Gul ýaly işleýär” diýerler, ýatsaň “Garasöýmez” diýerler;

Diýerler, diýerler ýene diýerler, bizar ederler;

Bir seretseň geçipdir yza gelenok ol geçen günler;

Diýjek bolýanym iliň gepini diňlemegi goýuber;

Ýogsam “Iliň gepine gidip şeýle boldy” diýerler…

Ünsüňizi çekip biler: Sadalaşyň!

Täzelikler, ETIKA tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir