Hz. Ömer (r.a.) dostlary bilen söhbet edýärkä, huzuryna üç sany ýigit girýär. şeýle diýýärler: - Eý halypa, bu aramyzdaky ýigit biziň kakamyzy öldürdi. Näme etmeli bolsa ediň, haýyş edýäs. Bu sözlerden soň Hz. Ömer günäkärlenýän oglana tarap öwrülip: - Bularyň aýdýanlary dogrumy? - diýip soraýar. Günäkärlenýän ýigit şeýle diýýär: - Hawa, dogry. Hz. Ömer "düşündir bakaly, nädip boldy" diýip soraýar. ýaş ýigit düşündirmäge başlaýar: - Men ýaşaýan ýerimde hal-ýagdaýy ýerinde bolan bir adam. maşgalam bilen bile gezmäge çykypdyk. Takdyr, bizi şu oglanlaryň ýaşaýan ýerine getirdi. haýwanlarymyň içinde şeýle bir atym bar, ony gören öwrülip ýene bir gezek seredýär. haýwana näme etsemem bu oglanlaryň bagyndan miwe ýolmagynyň öňüne geçip bilmedim. Bularyň kakasy içerden gahar-gazap bilen çykyp atyma bir daş atdy, atym şol ýerde jan berdi. Nebsime bu ýagdaý agyr degdi, menem bir daş atdym, ol adam öldi. gaçmak isledim emma bular meni tutdylar. ýagdaý şundan ybarat." diýýär. Hz Ömer: - Aýdara zat ýok. Bu günäň jezasy . Üstesine günäňem kabul etdiň." diýýär. Bu sözden soň ýigit söz alyp: - Halypa, meniň bir aýtjagym bar - diýip, gürlemäge başlaýar: - Men ýaşaýan ýerimde baý bir adam. Kakam, ölmezinden öň maňa ep-esli baýlyk goýup gitdi. gelýärkäm doganym kiçi bolany üçin gizläp goýdum. eger siz şu wagt meni jezalandyrsaňyz, ýetimiň hakyny yrýa edeniňiz üçin Allatagalynyň dergähinde jogapkär bolarsyňyz. Maňa üç gün rugsat berseňiz men amanaty doganyma berip gelerin, bu 3 günüň içinde ýerime birini taparyn, diýýär. Hz. Ömer soraýar: - Sen bu halka keseki, seniň ýeriňe kim galar? Sözüň şu ýerinde ýaş ýigit halka bir göz atyp, şeýle diýýär: - Bu adam meniň ýerime galar. Ol Hz. Pygamberimiziň (sav) iň gowy dostlaryndan, entek dirikä Jennet bilen buşlanan Amr Ibni As'dan başgasy däldi. Hz. Ömer Amr'a seredip: - Eý Amr! ýigidiň diýenini eşitdiň, diýýär. Ol beýik sahaba: - Hawa, men kepil bolaryn, diýýä we ýaş ýigit göýberilýär. Üçünji günüň soňunda wagt dolup gelýär emma ýigitden habar ýok. Medinä'niň öňde gelenleri Hz. Ömer'e çykyp, ýigidiň gelmejegini, şunluk bilen Amr Ibni As'a beriljek ölüm jezasynyň ýerine pul bermek barada teklip edýärler. Emma oglanlar muňa razy bolmaýar we "kakamyzyň ganynyň ýerde galmagyny islämzok" diýýärler. Hz. Ömer özünden garaşylýan jogaby berýär: - Bu kepil kakam bolsa-da tapawudy ýok, jezany ýerine getirerin. Hz Amr İbni As bolsa doly tabynlyk bilen şeýle diýýär: - Bizem sözümiziň arkasyndadyrys. şol wagdam halkyň arasyndan ýaş ýigit görünýär. Hz. Ömer ýigide seredip: - Gelmezlik ýaly möhüm bir sebäbiň bardy, näme üçin geldiň? ýaş ýigit mertlik bilen başyny galdyryp; - 'ähde wepasyzlyk etdi' diýmäň diýip geldim, diýýär. Hz. Ömer bu gezek Amr İbni As'a seredip şeýle diýýär: - Eý Amr, sen bu ýigidi tanaňok. Nädip onuň ýerine kepil bolduň? Amr İbni As, mertlik bilen ganymyzy doňdurjak bir jogap berýär: - şunça adamlaryň içinden meni saýlady. 'YNSANLYK ÖLDI' diýdirmezlik üçin kabul etdim, diýýär. Gezek ýaş oglanlara gelýär. Olar: - Biz bu dawamyzy goýbolsun edýäris, diýýärler. Hz Ömer: - ýaňja "kakamyzyň gany ýerde galmasyn" diýýärdiňiz. Näme sebäpden goýbolsun edýärsiňiz? diýip soraýar. ýigitleriň jogaby-da sapak alarlykdyr: - 'MERHEMETLI ADAM GALMADY' diýmäň diýip…

Perhat Sabirow

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir