- Taryhda ilkinji türkmen döwleti gunlar tarapyndan gurlandyr.
- Türki taýpalar ilkinji gezek Mete hanyñ döwründe bir baýdak astynda jemlenipdirler.
- Ýewropada gurlan ilkinji türki döwlet Atillanyñ guran Hun döwletidir.
- V asyrda gunlaryñ-oguzlaryñ taryhynda Atillanyñ ýolbaşçylygynda Ýewropa tarap ilkinji hem uly göç başlanýar.
- Gunlar-oguzlar Ýewropany ilkinji bolup Rim imperiýasynyñ agalygyndan we gulçulyk zulmundan halas etdiler.
- Ilkinji türkmen elipbiýi Göktürkmenler tarapyndan döredilipdir.
- Müsürde gurlan ilkinji türkmen döwleti Tulunylardyr.
- Yslam dinini resmi taýdan kabul eden ilkinji türkmen döwleti Garahanlylardyr.
- Häzirki Owganystanyñ çäginde gurlan ilkinji türkmen döwleti Gaznalydyr.
- Türkmen taryhynda ilkinji bolup "Soltan" derejesini ulanan Mahmyt Gaznalydyr.
- Hindistanda türkmen serkerdeleriniñ arasynda ilkinji bolup uly dini we medeni ymaratlary gurduran Kutbuddin Aýbegdir.
- Hindistanyñ taryhynda ilkinji zenan hökümdar hökmünde tanalan türkmen zenany Raziýa soltandyr.
Raziýa soltandan 700 ýyldan soñ, döwlet ýolbaşçysy bolmak Jawaharlal Nerunyñ gyzy Indira Ganda nesip etdi.

Alynan çeşme: Laýndaky Serpaý topary.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir