Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni.
 
Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.
 
Söýüň meni — ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.
 
Söýüň meni siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý,
Men size bahasyz serpaý ederin —
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.

Edebiýat, konetalyp007 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir