@messibet, seň ýazýan zatlaryňa görä şu sözleri diýesim gelýä! Dinden çynsaňam ilden çykma – diýen nakyl bar, hem Möwlanaň şu sözleri bar: Öň men akyllydym, dünýäni özgertmäge çalyşýadym, indi men düşünjeli özümi üýtgetmäge çalyşýaryn..
BELKI adamlary gadym döwre çagyrman özüň döwre görä bolsaň näder?! Häzir bolmadyk birýerden üçünji jahan urşy çyksa men urşa çykjak diýip ylgap gitmejegiň belli zat, häzir görseň iki çaga edip gullugy ýapdyrmaga çalşyp ýören birem bolup bilersiň. Kitaplardaky ýaly dälde durmuşa görä pikirlenseň gowy bolarmyka diýän.
Hem maňa beren soragyňa jogap: Gyz menden iki ýaş uludy we ol gyzyň düşünjesi bolup biljek ideal düşünjedi şol döwür üçin we menden öň biri bn söýşüpdi hem-de meni näçe gowy görse-de durmuşda alan sapaklary hakynda söz açanda şol "ýigidi" goşardy.
Indi şol döwürdäki özüm barada aýdanymda: Meniň öýlenmägi pikir eden ýaşyma çenli 5-6 ýyl bardy we şol wagtlar ýaş gyzlaram meň bn tanyşmaga höweslisi az däldi. (blmk belki şol wagtky käbir gyzlary okaýan ýerim gyzyklandyrandyr özümden beter). 19 ýaşyň dälijesi bolamsoň 5-6 ýyllap bu gyzy maňa garaşdyrmajaklaryna ynanýadym. belki bu bolmasa-da şeýle gyzy öz deň-duşlarymdan taparyn diýip pikir eden bolmagymam ahmal. Garaz biz öz aramyzda ylalaşdyk gönümel toý-poý bolmady. Biziň söýgimize-de garşy boljak ýokdy, maşgalalarymyzam hiç hili garşylyk görkezjek däldi. Ol gyzam abraýly ýeriň gyzy, menem maşgalamyzyň abraýyna göwnüm ýetýärdi. Ýöne esasy problema meniň aklymyň ýaşlygynda, pursaty peýdalanyp bilmedigimde. Ýaşlyk edip maslahatlaşman karara gelenligimden we mesligimden boldy.
Hem @messibet, senem kitaplardaky ýaly pikirlenýäň welin çeper edebiýaty has köpräk okaýaň öýdýän meň pikirimçe?! Birazajyk durmuşa goşulyp şo boýunça pikirlenip görseň näder?!
Teswirden beter mowzuk bolsa ýerlikli öýdýän şu?!
-
messibet
5 years ago
- Ýok @Yeser men seň bilen bu meselede oňşamok.
1.Men ilden çykmajak bolup diýýän şol sözleri. Bärde dini mysal getiremok. Üç sany goňşyň bolsa, ikisi bozuk, birem döwletli, abraýly hojalyk bolsa gowsuna meňzejek bolmaly, kimiň sany köp bolsa diýip bozuga meňzemejek bolmaly.
2.Möwlana ol sözi ahlak, medeniýet meselesine diýýämikä?! Her aýdylan aýtgyň öz ýeri bar. Bir mesele hakda aýdylan sözi, başga bir, degişli bolmadyk meselede getirip tassyklatjak bolmak dogry däldir. Şu wagt biziň telewideniýämizden galan, türkmeniň seredýän kanallarynyň köpüsinde zenanlar ýalaňaçlanyp barýar. Ösen döwletlerde ýagdaý hasam gorkunç. Erkek erkegede (iki meňzeş jyns) öýlenmäge rugsat berip ýören ýerler bar. Özem ösen ýurtlarda. Ýene-de beýleki döwletlerede ýaýrabam barýar. Indi biz döwre görä bolaly diýip şolar ýaly bolup şu meselänem (meňzeş jynsyň biri-birine öýlenmegi) goldasak nähili bolar?! Aýyp bolar ahyry! "Ýalaňaçlanmak medeniýet bolsa, haýwan janawerlerden medeniýetli janly bolmazdy" diýibem gürrüň bardyr. Döwre görä bolsaň diýen sözüňe jogap bu-da.
3.Ol diýýän gyzyň öň biri bilen söýşen bolsa sen oň bilen gatnaşyk saklamagyň öz nebsiň üçin eken. Toý pikiri bolubam bilmez, ol gyzy wagtymy hoş geçireýin diýip aldapsyň. Ýok, almak netimde bardy diýseň onda bagyşla welin men biderek ýazyşyp otyryn seň bilen.
Baý ýeriň gyzydy, ýa-da wezipeli ýeriň gyzydy diýseň gowy bolar. Abraýly ýeriň abraýly gyzy alar öýtmeýän oglanyna öňki söýşenini gürrüň berýän bolsa, başga birine durmuşa çykybam iň soňky söýşenine jaň edýän bolsa...
Aý, borda.
Gulluk hakynda aýdanyň ýalňyş.
Kitap hakynda aýdan ekeniň soňunda, men onda çeper edebiýat okamaýynmy? Mysal üçin Magtymgulyny, Azadyny, B. Hudaýnazary, G. Ezizi, K. Gurbannepesi, M. Seýidi okamagy maslahat bereňokmy? Olary okasam düşünjäm bozuljak bolsa näme okaýyn? Şu agzanlamdan ýekejesiniň haýasyzlyk, ahlaksyzlyk hakyndaky goşgusyny getirip bersene!
Häzirki zaman şahyrlammyzdan Kakamyrat Rejep, Nobatguly Rejep, Atamyrat Atabaý, ýaşlar Mukam Muhamow, Seýitmyrat Geldiýew, soňky wagt populýar bolan Kerimhally... we ýene ýeneler... Şolardan tapsaňam haýasyzlygy ündeýän goşgy tapaýda!
-
Perhat Sabirovv
5 years ago
- Yeser Dos @messibet bilen name isin bar seniñ
Goy name etse etsin oz durmuşy
Ozi isledigiçe yasar
-
Yeser
5 years ago
- Aý borlaý, saňa zat düşündirip boljak däl öýdýän, okaber dos, gowy edýäň, durmuşam kitaplardaky ýaly ýörär, üstünlik!
-
Rowana
5 years ago
- Bulary, il bn namenam işleri barka ol öýiň.bu öý bn hem tertip duzguni başga bari nane soň
-
Rowana
5 years ago
- Bulary, il bn name işleri barka ol öýiň.bu öý bn hem tertip duzguni hem başga bari name soň
-
Yeser
5 years ago
- @Rowana, bilerin özüm!!!
enkaaa 5 years ago- Kitapdan dal gara yerden nakyl al...
Dianda