Hemme zat gowy başlapdy. Gowy dowam edýädi. Haçanda meniň daýzam, ýagny adamymyň ýeňňesi ara girmeýänçä. Hiç kimden gizlämizokdyk söýgimizi. Hemme zada garşy bile aýakda durmaga taýýardyk.
Aradan 1,5 ýyl geçdi. Öý eýämiziň oglunyň meni soramagy bilen bar zat üýtgedi. Daýzamyň yňňyrdysy halys degnama degdi. Onuň meň durmuşuma goşulşmana haky ýokdy. Ýöne ol hut tersini etdi. Meniň ähli işlerime goşulyşdy, gitjek ähli ýerlerime özi äkitdi.Beýleki garyndaş-larmyzyňam berýän dana maslahatlaryndan irdim. Baý ýermiş, näme edeýin baýlygyny. Iň soňunda ejeme diýdim: "Eje, söýýänimiň barlygyny bilýäň. Eger öý eýämiziň oglyna durmuşa çyksam bu meniň ölümim bolar. Gel, meni söýenime ber. Sen meň ejem, meni bagtly etmek seň borjuň. Men näme bolsada seni taşlap gitmedim. Seniň başyň ýere egilmesin, ýüzüň gara bolmasyn diýip onuň bilen gaçyp gitmedim. Meniň ýerime kimem bolsa, ejesiniň düşjek ýagdaýyny oýlamazdan gaçar giderdi. Men beýtmedim. Sebäbi men seni sylaýan,gowy görýän.Ýöne onam gowy görýän, söýýän. Sen bolýa diýseň, bolany. Daýzamyňam agzyny özüm ýapýan. Galanyny maňa goýup ber". Emma ejem meniň munça gaýratymyň tersine, razy bolmady. Maňa "Ölsemem seni şoňa bermerin, eger şony saýlasaň jynazamada gelme" diýdi. Dünýäm başyma ýykylly. Indi edip biljek iki zadym bardy. Ýa öý eýämiziň oglyna barmalydym, ýada ölmelidim.Ölüp bilmezdim. Ejeme dözmezdim. Ejem maňa dözdi ýöne men oňa dözmedim. Hut ölesim geldi.Ýöne bolmady. Soňunda toýa razy boldum. Köpler ynamady razy bolanyma. Söýenimiň ýüzini ýere saldym. Ikimiz üçin durmuş tamamlanypdy. Onuň ýerine bolmagy hiç islemezdim.
Durmuş gurduk. Bagtsyz men we bu ýagdaý ömrümiň soňuna çenli üýtgemeýä. 5aý boldy toýumyza.Bäş aýdyr onuň üçin dileg edýän. "Meniň ýaly söýüp biljege duşsun.Bagtly bolsun. Meni unutsyn. Meniň çekenlerimi çekmesin"diýip. Ony häzirem ilkinji günümdäki ýaly söýýän. Hudaýdan ýeke dilegim gally. Bir gün menem iller ýaly öler giderin. Ana , şol gün mazar daşyma: "Söýgüden ýanan. Söýgüsine gowuşman öldi. Ýeke islegi söýeniniň ýanyna jaýlanmagy" diýip ýazsynlar. Meni bu ýagdaýa salanlara sapak bolsun. Adamlara sapak bolsun.
Taýýarlan: @Garadaşly

Edebiýat, SiziňÝalyBiri tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir