Hormatly türkmen talyplary!
Men ' www.turkmenhabarlar.com ' saýtynyň admini, saýta ukyply, talantly ýazarlar gözleyärin.
Maňa özüňiz barada şu ýere ýazyň - turkmenhabarlar@mail.ru
Ýazar gözleyäris
-
Turkmenhabarlar.com
5 years ago
- Hawa, diýşiňiz ýaly resmi habarlary saýtlardan ýelmäp goydum. Çünki ýazmaga ýazar indi gözleyärin. Siz saglyk, tehnalogiýa, moda, gözellik ýaly umumy habarlary eýsem ene diliňizde okamak isläňizokmy?
Pikiriňiz üçin sag boluň, emma men bu taýda bildirişi kritika ýazyň diýip goýmadym.
Tehnalogiýanyň ösen döwründe türkmen dilindäki maglumatlary köpeltmek, dürlü görnüşdäki gyzykly maglumatlary hemme bilen paýlaşmak isleyän.
Öz goşandyny goşmak isleýänler ýazyň.
-
messibet
5 years ago
- Biziň-ä ýazarlykdan başymyz çykanok. Ýazarlar jogaplaýmasa.
Wiiý, nememi, ýazarlara hak-heşdejigem bermek niýetiňde bamy?
-
messibet
5 years ago
- Bu wagt hemmeler, köp wagtyny IMO-da geçirýä. Imo diýilýän instagramam bolup dur, yutubem.
-
Turkmenhabarlar.com
5 years ago
- Hawa, Habarlara, ýazaryň ukubyna göre hak bererin :-)
Imo-ny ulanyan, emma internete garanda türkmen dilinde saýtlar örän az.
-
Yeser
5 years ago
- Gowja saýt eken, domenem gowja saýlanypdyr. ýöne TMCELL tizliginden ýokarrak tizligi talap edýän eken, dizaýn gowja şablondan saýlanypdyr;)))) diňe bir ýazar gözlemän ýaryş gurnap sylaglasaňyz ýerlikli bolarmyka diýän men-ä. like goýmaga niýetlenen blog bölümini açyp raýatlrdan gelen like-lara görä sylaglansa ýerlikli bolarmyka diýän!!!
-
Turkmenhabarlar.com
5 years ago
- Pikiriňizi diýseň haladym. Iň gysga wagtda amala aşyraryn. Goldawyňyza garaşýan.
Ýazar işine diňe öz pikirini ýazan däl, eýsem maglumatlary daşary ýurt dillerinde okap terjime edenler hem bolýar.
-
wagt
5 years ago
- Türkmen dilinde name diyseñem bar www.kitapcy.ml saýtynda. O nä aldaýañ türkmen dilinde zat yok diyip dost :-)
-
Turkmenhabarlar.com
5 years ago
- :-)
Adalat19 5 years ago- Saňa ýazarlar nämä gerek??? Saýtyňdaky habarlaryň bary resmi habarlardan durýan eken. Gazet žurnallardan alyp ýelmäp oturmaly. Baribir seň saýtyň habarlaryny ikilenç okajak ýok. Hudaýa şükür telewidenýe gije gündiz bizi habarly edip otyr...