Ferhadi Azerbeýjan şahyry

Aýralyk

Pikrimden gijeler ýatabilmerin,
Bu pikri başymdan atabilmerin,
Neýleýin men saňa ýetebilmerin,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Uzyndyr hijriňden gara gijeler,
Bilmerin gideýin nirä, gijeler,
Urupdyr kalbyma ýara, gijeler,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Ýadyma düşende ala gözleriň,
Gökde ýyldyzlardan alyp habaryň,
Neýläýin, kesipdir menden nazaryn,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Aýralyk derdini çekmeýän bilmez,
Ýardan aýra düşen gözýaşyn sylmaz,
Diýerler: intizar hassasy ölmez,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Niçedir elimden aýra düşenden,
Sorar bir-birini her görüşenden,
Hasrat bilen syzlar her çen bu gamdan,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Ýyllardyr uzak men, arkam-ilimden,
Bilbil men, düşmişem aýra gülümden,
Zor bilen aýyryp şirin dilimden,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Bolupdyr bigäne ýarym, ýoldaşym,
Garyp saýylýandyr söýgim, syrdaşym,
Bu juwan çagymda agardy başym,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Meni agladandan gülüş islärin,
Uzak düşenimden görüş islärin,
Zyýany ýykmaga ýöriş islärin,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Söýgiden bolupdyr şany, Ferhadyň,
Yşgy nirededir, hany, Ferhadyň
Diýip bir gün çykar jany, Ferhadyň,
Aýralyk, aýralyk, aman, aýralyk,
Her bir dertden bolar ýaman, aýralyk.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir