Söz berişdik — jaňlaşmaly däldik biz,
Soramaly däldik hal ahwalymyz.
Sen çepe, men saga bakyp geçmeli,
Deň düşse-de garşylaşýan ýolumyz.

"Ykbal deň gelenok" diýişen bolup,
Çözüpdiris "dünýäň meselesini".
"Deň etmän, duş etmez" — çyn bolýan bolsa,
Ykbal dälmi maňa duşuran seni?!

Jaňlaşamzok, soralanok hal-ahwal,
Beýdip biz nämäni subut etmeli?!
Ahmal,
Bir-birege garaşylýandyr,
Beýle bolsa — kim birinji ätmeli?!

Biz ýeňip geçmeli ýaýdanjaňlygy,
Ýeňmeli her kim öz men-menligini.
Aňlamaly, boýun almaly, janym,
Aýra bolsak bir zatlaryň kemdigni.

Söz berişdik — jaňlaşmaly däldik biz,
Soramaly däldik hal ahwalymyz.
Ýöne men çydamok, halys çydamok!
Al jaňymy...
Dolan!
Men sensiz ýalňyz...

Edebiýat, Rowana tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir