Aýralyk ,gelmäýjek ýalydy başa,
Ynha, ikimizi goýdy göz ýaşa.
Hiç göwnemän, gadam basdyň durmuşa,
Meni atyp gitdiň, bir sowuk gyşa.
Niçün beýle boldy, düşünip bilemmok,
Göresim gelende, gelip bileňňok.
Düýn-di gujagma, dolan günleriň
Bu gün soldy saňa alan güllerim.
Ýadymda, seniň emaý bilen bakyşyň,
Gulagma pyşyrdap habar gatyşyň.
Ýüregmiň üstünde, urup dur ýürek,
Nädip unudaýyn, güm, güm, atyşyn.
Duşuşardyk, diňe aýly gijede,
Sorag baryn bererdiň, şol gijede.
-,,Meni söýeňňokmy? Ýa-da söýýämiň?”
Aýdardym men, her gezek, seni söýýänim!
-,,Ynanaýsammykam’’ diýen bolýadyň,
Özge gyzy, söýmejegmi bilýädiň.
Sen hem bolsa, özge gyzdan gabanyp,
Çyn ýüregiň bilen, meni SÖÝÝÄDIŇ!
Duýýardyň, seredeň-de halymy,
-,,Bu gün sen birhili syrkaw ýalymy?”
Ýokla diýip, senden gizlän bolardym,
-,,Hany aýt, zat gizleme’’ diýerdiň.
Nepes ýazar bu gün aýralyk hakda,
Otyrn ýeke özüm, ara uzakda,
Çyn söýgüniň ody galdy ýürekde,
Şahyr kimin otyr, şygyr döretde.
Awtory: Nepes Begenjow
IMO: +993 64 07 90 98
AÝRALYK
-
Babaniyazow J
6 years ago
- Gowy..... ýone aýralyk hakyndaky gosgylary gaty bir halamok.
-
Perhat Sabirovv
6 years ago
- Menem halamok dos babaniyazow señ aydyşyñ yaly ayralyk hakyndaky gosgydyr wakalary yone gosgy örän çeper yazylan
Oylanmalar Ummany 6 years ago- Gadyrly Talyplar.com agzalary! Ilki bilen her biriňize Jan saglyk agzybirlik okuwlaryňyzda we işleriňizde üstünlik arzuw edýärin! Sizden etjek haýyşym! Her biriňiziň goşgy baradaky garaýyşaryňyzy bilmek isleýän! HER KIM ÖZ GARAÝYŞYNY ÝAZSYN! Sag boluň! Gowudan gowy arzuwlar bilen Nepes Begenjow.