Mikeniñ patyşasy Agamemnon, Troýa ýörişine taýýarlanýan döwürleri awa-şikara çykýar. Ol tokaýda gadagan edilen mukaddes keýigi awlaýar.
Muña gahary gelen Artemida (awçylyk hudaýy), Agamemnona gargynýar we Troýa ýörişinde ony şowsuzlyga duçar etjekdigini aýdýar. Agamemnon eden etmişine ökünip bagyşlanmagyñ ýollaryny gözleýär. Şonda bilgiçleriñ biri gelip, eger awlan keýigine derek öz gyzy Ifigeniýany Artemidanyñ ugruna gurban etse onuñ günäsiniñ bagyşlanjakdygyny aýdýar.
Agamemnon, körpeje gyzy Ifigeniýany "seni Ahile durmuşa çykarjak" diýip deñiz kenaryna alyp gidýär. Baransoñlar özüniñ gurban ediljegine düşünen Ifigeniýa, kakasynyñ ýagdaýyna düşünip gurban bolmaga razy bolýar.
Agamemnon gyzynyñ damagyny çaljak wagty tañry Artemida, Agamemnondan razy bolup oña asmandan keýik indirýär. Oña bagyşlanandygyny aýdýar we gyzyna derek bu keýigi gurban etmegini buýurýar.
Bu wakadan soñ Agamemnon Troýada üstünlik gazanýar we gyzy Ifigeniýa, tañry Artemidanyñ ybadathanasynda ruhany bolup galýar.

*Bellik: Bu rowaýat size bir ýerden tanyş gelýärmi?

Edebiýat, Panturkist tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir