Bir lukmanyň başdan geçirenleri :
Birnäçe ýyl öň Stanford Hassahanasynda höwes bilen işleýärdim. Şol wagtlar, örän az duş gelýän bir kesele duçar bolan Liza atly bir gyzy agyr ýagdaýda tanadym. Gowulaşmasy üçin diňe bir ýol bardy, bäş ýaşyndaky oglan jigisinden gan almalydy. Oglan jigisi hem şol keseliň hötdesinden gelipdi we bedeninde ýarawsyzlygy ýeňip biljek antikoralar emele gelipdi. Men bu ýagdaýy Lizanyň oglan jigisine aýtdym we oňa gyz doganyna gan berip-bermejegini soradym. Çagajyk azajyk oýlanyndan soň, uludan demini alyp, “Bolýar, eger Liza aýaga galjak bolsa bererin.” diýdi. Gan geçirilýärkä, çagajyk gyz doganynyň ýanyndaky krowatda ýatyrdy we doganynyň ýaňaklaryna reňk geldigiçe biziň bilen bile ýylgyrýardy. Soň ýüzi saraldy we ýüzündäki ýylgyryşlar birden ýitdi. Başyny galdyryp maňä: “Indi derrew ölerinmi?” diýip sorady.
Ýaşy kiçi bolany üçin, “ganyňy bermeli” diýilende ganynyň hemmesini bermelidir öýdüpdir. Dogany üçin ölmekdenem gorkmandyr.

Ýenede okaryn diýseňiz paýlaşdym alemjahan netde

Edebiýat, SiziňÝalyBiri tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir