Kiçiräk şäherde bir metjidiň gabadynda boş ýeri bar adam ol ýere küntihana (публичный дом) gurmaga başlapdyr. Metjidiň ymamy we jemagady muňa garşy çykypdyrlar. Ýöne ýeriň eýesiniň öz ýerinde edýän gurluşygy bolansoň oňa hukuk taýdan hiç zat edip bilmändirler we gurluşyk gözleriniň öňünde dowam edipdir. Bu jemagadyň elinden gelýän ýeketäk zat, her namazdan soň ymam bilen bilelikde hudaýa ýalbaryp binanyň ýumrulmagy üçin gargynmak bolupdyr. Ymam bilen jemagat muny her gün yzgyderli edipdirler.
Gurluşyk dynyp barýarka tupan turup ýyldyrym çakyp bu gurluşyk ýumurlypdyr. Jemagat we ymam bu waka örän begenipdirler we ýeriň eýesinden-de şatlyklaryny gizlemändirler.
Bu wakadan soň gurluşygyň eýesi göniden-göni ýa-da sebäpli ýollardan “bu binanyň ýykylmagynda ymam we jemagaty günäkär” diýip hasap edipdir we bulary suda beripdir.
Ymam we jemagat prokuraturada beren düşündirişlerinde bu wakada hiç-hili günäkär däldiklerni aýdypdyrlar. Bu binanyň öz gargynçlary sebäpli ýykylandygyny kabul etmändirler.
Gerekli ähli şikaýat we düşündirişleri jemläp gözden geçiren sud, taraplara şeýle ýüzlenipdir:
- Bu waka barada nähili karar çykarjagymy bilemok. Elimdäki şikaýat we düşündirişlere seretsem örän geň ýagdaý bar.
- Bir tarapda dogaň güýjine ynanýan küntihanaň eýesi.
- Bir tarapda dogaň güýjine ynanmaýan ymam bilen jemagady.

Edebiýat, Panturkist tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir