Ine, ýene ýöräp barýan köçeden
Howa-da şeýlebir, şeýlebir sergin.
Maltepäñ ýanyndan geçiberemde
Bir garryja mama uzatdy elin.

Eşiklerem gaty horaşajady
Mümkin, ýokdur onuñ hiçbir hossary.
Şol garypja mamañ ýowuz kysmaty
Oýandyrdy meniñ gaýgy-gussamy.

Undup men özümiñ studentligim
Elimi jübime uzatdym derhal.
Meñ ol garra kömek beresim geldi
Özüñizem kömek biýrdiñiz her hal.

Ol gedaýdan kän bir parhymam ýokdy,
Ýogsa-da pul nire, student nire?!
Näçe dörjesem-de men gapjygymy
Çykmady birje-de, birje-de lira.

Başa barman pahyryñ bar arzuwy
Gapjyga däl, gözlerime seretdi.
Şol garryja mamañ gamgyn bakyşy
Ýüregimde ömürbaky ýer etdi.

O pursat meñ üçin gaty agyrdy:
Köpeldi ýüregmiñ birje ýygyrdy.

S.A

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir