《Gitme ýanymdan》

Bu dünýäde ýeke geze bilmerin,
Gitme gülüm, gitme meniñ ýanymdan
Ykbalymda sensiz ýaýnap-gülmerin,
Ýalbarýan ezizim gitme ýanymdan.


Mydam söýüp gezjegiñe söz berdiñ,
Şondan soñ kalbymyñ közüni dördüñ,
Näme boldy meni müñ derde goýdyñ,
Gitmesene, gitme meniñ ýanymdan.


Ýa meñ beren söýgümi az gördüñmi?
Ýa-da göwne degjek sözüm diýdimmi?
Ýa menden başgada birin söýdüñmi?
Ýeketägim gitme meniñ ýanymdan.

Arzuwlarym bardy bile toý-tutmak,
Seniñ bilen bagtyñ soñuna ýetmek,
Saña ýaraşmaýar aýrylyp gitmek,
Mähribanym gitme meniñ ýanymdan.

©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir